Aýaklary ters şeýtan...
Balykesirdäki liseýde gyzlar ýatymlyk okaýardylar. Bu ýerdäki gyzlaryň gije ukylary tutmaýandygy üçin bir-birlerine hekaýalar gürrüň berer ekenler. Bu hekaýa okuw jaýlary bilen baglanyşyklydy. Göýä şeýtan öňler şu ýerde ýaşap ölüp giden bir maşgalanyň ruhyna musallat bolupdyrlar. Ynanylmagyna görä şeýtanyň aýaklary tersmiş...
Aradan ep-esli wagt geçipdir. Bu hekaýa aýdyşyp oturan gyzlaryň ahyry ukylary tutup ýerlerine geçip ýatypdyrlar. Aralarynda bir gyz hekaýanyň täsirinden çykyp bilmändir.
Buşugasy gelip hajathana gitmäge mejaly bolmandyr. Gorkýar eken... Ýatylýan krowadyň aşaky gatyndaky ýatan jorasyny yralapdyr we ýoldaş bolmagy haýyş edipdir. Onuň jorasam aýdylan hekaýadan gorkup uklap bilenok eken. Bu ikisi aýak ýoluna gidýärler we gyzlaryň biri hajathana girensoň beýlekisi gapynyň daşynda garaşýar. Hajathana girip çykan gyz daşyndaky jorasyna hyrsyz nazary bilen çiňerilipdir. Daşynda duran gyz hekaýanyň täsirinden çykyp bilmändigi üçin jorasynyň aýaklaryna çekine-çekine seredenmiş. Görse onuň aýaklary tersmiş. Ýagny topukdan aşagyndaky ökje öňde, barmaklary yzdamyş. Muny görüp akly göçen gyz çirkin sesi bilen gygyryp bu ýerden ýatakhana tarap gaçyp gidipdir. Ylgap barýarka koridorda mugallymy gabat gelipdir.
Gyz howlukmaç demini dürsemän, bolup geçen zatlary aýdyp berýär. Gürrüňiniň soňunda: ''Mollym, gözlerime ynanmadym, aýaklary tersdi, aýaklary...''diýýär.
Mugallym oňa öz aýaklaryny görkezip ''Edil meň aýaklarym ýalymy?'' diýýär. Muny gören gyzjagaz şol ýerde aklyny ýitirip, dälliräpdir...

21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.