Hakykat

"Kösenme dünýäni düzetjek bolup
Hakykaty aýtma otur" diýilýär
"Ýeňil işe ýapyş , ýaşaber gülüp
Indi işleýäne "Şatyr" diýilýär

"Indi doňuzada daýy diýmeli
Halaldan baýan ýok haram iýmeli
Ýa zeriň , ýa zoruň , tanşyň bolmaly
Ýa Allanyň özi ýetir " diýilýär

Gerçek haram pula garaýar gözler
Haram pula geçdi ne gözel gyzlar
Ýallaklap ýazylan ýasama sözler
Şolarada goşgy setir diýilýär

Gerçeknazar Amannazarow

(27.10.2023)
1 лайков 191 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
06 фев 2023, 15:28
Has uly yazjak bolup kichelyaniz oydyan shahyr aga
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:03
Ýallaklap ýazylan ýasama sözler
Şolarada goşgy setir diýilýär

Şu setiriňe öz sözüň bilen jogap beresim gelýä agam:
"Kösenme dünýäni düzetjek bolup,
Hakykaty aýtma otur"
Hakykaty aýtjak bolup dyrmaşyp barýan haýatyňdan tarp-turp bolup ýere agdarlanyňy duýman galaýma ýene halllypam.
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:05
"Şatyr"-yň manylary köp welin bu ýerde haýsy manyda?
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:09
Ýaşlygyňdan bäri goşgy ýazyp gelýäň dogry dälmi? Agam sen heý goşgy okap gördüňmi hakyky şahyrlaň ýazan hakyky goşgularyny? Şu ýaşyňa çenli näçe kişi dowam et, näçe kişi başga güýmenje gözle özüňe diýip aýtdy?
- Dani
06 фев 2023, 17:40
_Bayat
Ýaşlygyňdan bäri goşgy ýazyp gelýäň dogry dälmi? Agam sen heý goşgy okap gördüňmi hakyky şahyrlaň ýazan hakyky goşgularyny? Şu ýaşyňa çenli näçe kişi dowam et, näçe kişi başga güýmenje gözle özüňe diýip aýtdy?


şahyrlaň ýazan hakyky goşgularyny?-şahyrlaryň hakyky däl goşgularam barmy nä?
Edepli Gödek
06 фев 2023, 18:31
- Dani,
Garaz näme diýiljek bolýanyna düşünmän teswir ýazýaň ýaşdaş gaýrat et sen sokulma. Gerçeknazar agamyň menden ýaşam uly, tüweleme goşgam ýazýar söz baýlygam meňkiden artyk bolsa artykdyr pes däldir. Maňa jogap bermek üçin gaýrat et sen goşulma dogan!
Soragyňa jogap howwa hakyky däl şahyryň hakyky däl goşgularam bolýar! Bileňokmy näme şunam?
Perman Izakow
06 фев 2023, 19:03
Halypam geçen gezek ýazan goşgyňyzada gödegräk diýipdim buda şolar ýalak bolupdyr.

Ýa zeriň , ýa zoruň , tanşyň bolmaly

Şu setirde zeriň,zoryň ýerlkli ýöne tanşyň diýmegiňä gödegräk.
Gerceknazar
Автор 06 фев 2023, 19:07
PROLIGA
Halypam geçen gezek ýazan goşgyňyzada gödegräk diýipdim buda şolar ýalak bolupdyr.

Ýa zeriň , ýa zoruň , tanşyň bolmaly

Şu setirde zeriň,zoryň ýerlkli ýöne tanşyň diýmegiňä gödegräk.


Şu günler gödek goşgylary ýazasym gelýär we ýazýan.
Perman Izakow
06 фев 2023, 19:08
Ýallaklap ýazylan ýasama sözler
Şolarada goşgy setir diýilýär

Şol Ýalllaklap ýazylan ýasama sözlerňizden mysal getiräýiň?
Gerceknazar
Автор 06 фев 2023, 19:10
PROLIGA
Ýallaklap ýazylan ýasama sözler
Şolarada goşgy setir diýilýär

Şol Ýalllaklap ýazylan ýasama sözlerňizden mysal getiräýiň?


Arkadaga we Arkadagly Serdara ýazylan setirlere ýallaklap ýazylan ýasama sözler hasaplaýan.
Massimus
06 фев 2023, 19:19
Gerceknazar,
Agam, Sizden ullakan haýyş, goşgy ýazsaňyz ýazyň welin, artykmaç zatlary ýazmaň (düşünen bolsaň gurbanyň bolaýyn). "Portret bolmak isleseň ramkadan çykma" diýýändir orslar.
Gerceknazar
Автор 06 фев 2023, 19:28
Massimus
Gerceknazar,
Agam, Sizden ullakan haýyş, goşgy ýazsaňyz ýazyň welin, artykmaç zatlary ýazmaň (düşünen bolsaň gurbanyň bolaýyn). "Portret bolmak isleseň ramkadan çykma" diýýändir orslar.


Hakykat artykmaç boldymy indi
kesirkelle
06 фев 2023, 19:34
Hetdiñi bilmeli hanogul! Hetdiñden artyk jöwjüllä birdir ikidir çydan tapylsa da, ilçilikdir..
Edepli Gödek
06 фев 2023, 20:35
Gerceknazar,agam men saña diýenime düşüneňok, agzalaram diýipdir Massimus, kessirkelle. Dyrmaşyp barýan haýatyňdan arkanlaýyn gümpüldäp gaçmak islemeýän bolsaň hakykatyňy özüňe sakla! Kimdigiňi tana! Näme dìýýäniňe aň ýetir! Onsaň goşgy ýa boşgy ýaz
Edepli Gödek
06 фев 2023, 20:37
Saýta peýdaň degmesede zyýanyňy ýetirjek bolup dyrjaşma gaýrat et!
Perman Izakow
06 фев 2023, 22:19
Gerceknazar
PROLIGA
Ýallaklap ýazylan ýasama sözler
Şolarada goşgy setir diýilýär

Şol Ýalllaklap ýazylan ýasama sözlerňizden mysal getiräýiň?


Arkadaga we Arkadagly Serdara ýazylan setirlere ýallaklap ýazylan ýasama sözler hasaplaýan.

Bokuňa bulaşjak bolýaň halypam.
Ajaŷyp
Ajaŷyp
06 фев 2023, 22:45
Shu teswir yazanlara birinji bendin iki setiri degishli