Keýpine ýaşaň

Näme bar gynanyp gysga dünýede
Iýiñ-içiñ geýiñ keýpine ýa$añ
Gussa batyp gezmek bormy günde-de
Diýjegñizi diýiñ keýpine ýa$añ

"Ma$yn,ýer,telefon,eklenç,don,telpek
Jaý,mellek...I$imiz gutarmaz entek"
Ýalançy dünýäni tutan ýok tentek
Kanagatly hem-de keýpine ýa$añ

Gabartma gulagñy edilsede gep
Il aýbyn gözleme öz aýbyñy ýap
Gysgajygam bolsa mu$akgaty köp
Ýag$y umyt bilen keýpine ýa$añ

Bize gözin dikip gara$ýar gabyr
Çyl$yrymly döwir,dü$ünýän agyr
Sabyr,sabyr,sabyr ýene-de sabyr
Ulydan dem alyp keýpine ýa$añ

Gerçeknazar geplär gysgadyr gepi
Bir gapy ýapylsa açyk müñ gapy
Köpçilik nadandyr diñlemäñ köpi
Hudaýa bil baglap keýpine ýa$añ

Gerçeknazar Amannazarow
1 лайков 218 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
06 фев 2023, 15:14
Gerçeknazar geplär gysgadyr gepi

Gysgaň şu bolsa...
Pegas
06 фев 2023, 15:15
Köpçilik nadandyr diñlemäñ köpi

Onda atalarymyzyň "Halk aýtsa, galp aýtmaz" diýeni boş gürrüň eken-dä?!
Pegas
06 фев 2023, 15:16
Diýjegñizi diýiñ keýpine ýa$añ

Magtymguly-ha "Taraşlap şaglatgyl köňle geleniň..." diýýär. Diýjegiňi diýdiräýmezlerem...
Pegas
06 фев 2023, 15:17
Näme bar gynanyp gysga dünýede

Dünýä gysga bolup bilenok, dünýä uly ýa kiçi, giň ýa dar bolup bilýär. Ömür gysga bolup biler.
Pegas
06 фев 2023, 15:18
Ýalançy dünýäni tutan ýok tentek

Okyja "tentek" diýäýdiňmi?
DonMaxx
06 фев 2023, 15:28
Pegas
Ýalançy dünýäni tutan ýok tentek

Okyja "tentek" diýäýdiňmi?

???
RelaX
06 фев 2023, 15:45
Içgili adamlañ okaýan goşgysy
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:11
Ikinji minus menden seň maňa tentek diýmäge hakyň ýok!
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:13
Şu özüňde ýok zady ile berjek bolup çyr-çytyr bolup ýazmaňy goýup, rahat keýpine ýaşaňda bolmazmyka agam?
Gerceknazar
Автор 06 фев 2023, 16:20
Pegas
Ýalançy dünýäni tutan ýok tentek

Okyja "tentek" diýäýdiňmi?


Hormatly okyjym ilki goşga gowy düşünip onsoň teswir ýazmagy soraýan . Bu ýerde men

"Ma$yn,ýer,telefon,eklenç,don,telpek
Jaý,mellek...I$imiz gutarmaz entek"

diýýänlere

Ýalançy dünýäni tutan ýok tentek
Kanagatly hem-de keýpine ýa$añ

diýdim. Bu ýerde okyjylarma "Tentek" diýemok
Gerceknazar
Автор 06 фев 2023, 16:22
Pegas
Gerçeknazar geplär gysgadyr gepi

Gysgaň şu bolsa...


Üç nokadyň yzynam okasym gelýär
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:23
Gerceknazar,
Sen goşgyňda tentegede tentek diýmäne hakyň ýok!
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:23
Ilki bir zat ýaz onsaň okyjyň bolar
Gerceknazar
Автор 06 фев 2023, 16:31
_Bayat
Gerceknazar,
Sen goşgyňda tentegede tentek diýmäne hakyň ýok!


Seniň hakyň barda meniň hakym ýokmy?
- Dani
06 фев 2023, 17:21
Gerceknazar
Pegas
Ýalançy dünýäni tutan ýok tentek

Okyja "tentek" diýäýdiňmi?


Hormatly okyjym ilki goşga gowy düşünip onsoň teswir ýazmagy soraýan . Bu ýerde men

"Ma$yn,ýer,telefon,eklenç,don,telpek
Jaý,mellek...I$imiz gutarmaz entek"

diýýänlere

Ýalançy dünýäni tutan ýok tentek
Kanagatly hem-de keýpine ýa$añ

diýdim. Bu ýerde okyjylarma "Tentek" diýemok

++++

Özlerinden öňe geçiberseň şeýle diýip başlarlar :)
- Dani
06 фев 2023, 17:22
_Bayat
Gerceknazar,
Sen goşgyňda tentegede tentek diýmäne hakyň ýok!

Bar yrsaraýan zadyňam şomudy?? Tentek...
- Dani
06 фев 2023, 17:25
setdars
Içgili adamlañ okaýan goşgysy

Onda tutuş saýtyň şu mowzygy okan "AGZALARY" içgili hataryna giripdirdä hä?

Näme ýazýanyödan özüň bir habarlymyň? :)
Pegas
06 фев 2023, 17:39
- Dani
Gerceknazar
Pegas
Ýalançy dünýäni tutan ýok tentek

Okyja "tentek" diýäýdiňmi?


Hormatly okyjym ilki goşga gowy düşünip onsoň teswir ýazmagy soraýan . Bu ýerde men

"Ma$yn,ýer,telefon,eklenç,don,telpek
Jaý,mellek...I$imiz gutarmaz entek"

diýýänlere

Ýalançy dünýäni tutan ýok tentek
Kanagatly hem-de keýpine ýa$añ

diýdim. Bu ýerde okyjylarma "Tentek" diýemok

++++

Özlerinden öňe geçiberseň şeýle diýip başlarlar :)

Kim kimden öňe geçýär? Senem düşünseň-düşünmeseň burnuňy sokup galjag-ow her ýere. Goşulman otursaň aýbyň açylmaýar.
kesirkelle
06 фев 2023, 18:57
Dalini tayak ýola salar.
Perman Izakow
06 фев 2023, 19:19
Näme bar gynanyp gysga dünýede
Iýiñ-içiñ geýiñ keýpine ýa$añ
Gussa batyp gezmek bormy günde-de


Halypam gynanjak däl diýip gynanman bolarmy?Diňe keýpine,gussa batman ýaşajak diýip ýaşap bolarmy?
Hemme zat seniň eliňde däl Alla saňa dert berse,gussa berse näçe keýpine ýaşajak bolsaňda alajyň bolmaz.
Perman Izakow
06 фев 2023, 19:21
Goşgyny gaty uly tizlikde ýazýaňyz halypa.
Gerceknazar
Автор 06 фев 2023, 19:26
PROLIGA
Goşgyny gaty uly tizlikde ýazýaňyz halypa.

Şägirt halypa öwredýärmi . Siz maňa halypa diýmän şägirt diýiň gowysy . Teswirleriňe jogap " Alla dert berse dermanynam berýändir
RelaX
06 фев 2023, 20:01
- Dani,
Kemcilikñizi ýuzunize aydyp durlara men name edeyin
kesirkelle
06 фев 2023, 20:13
 Gerceknazar   on № 22Şu gün, 19:26

PROLIGA

Goşgyny gaty uly tizlikde ýazýaňyz halypa.


Şägirt halypa öwredýärmi . Siz maňa halypa diýmän şägirt diýiň gowysy . Teswirleriňe jogap " Alla dert berse dermanynam berýändir
şagort halypadan ozZurmasa kär ýiter, dp, Ozzuransoñ öwredýan bolmasyn?!