Pul eken

Adamlary agyr işe gul eden,
Adamlary haram işe başladan,
Ynsaby ýok edip nebissiz goýan —
Pul eken adamlar, kirli pul eken.

Jelepçilik işe — itergi beren,
Wokzallarda küntileri döreden,
"Daça"-larda haram işi ýöreden —
Pul eken adamlar, haram pul eken.

Adamlara men-menligi öwreden,
Mesligi döredip, Haky ýok eden,
Beýhuş edip, azgynlyga ýol eden —
Pul eken adamlar, nejis pul eken.

Din-imana dil ýetirip garalan,
Ençesini Hak ýolundan çykaran,
Ynsanlaryň kellesini üýtgeden —
Pul eken adamlar, şeýtan pul eken.

Parahorluk diýen sözüň açary,
Adamlary "brazzere" meýl eden,
Şu iki setiri, hakykata geçiren —
Pul eken adamlar, iblis (şeýtan) pul eken.

Adalaty masgaralap ýok eden,
Kazyýeti satyn alyp kül eden,
Şu döwürde, özün "Hudaý" hasaplan —
Pul eken adamlar, "Dollar" pul eken.

Bary bidereklik. Hem-de hapalyk.
Pula däl, Muhammete uýalyň!
Din imany kirli pula çalyşmaň —
Şunam edäýmese,
Ynam galmady...

01.03.2023, 09:12.

Ahmet Gurbanmyradow.
11 лайков 368 просмотров
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
01 мар 2023, 09:22
Akyllanypsyň öýdýän ???
Ahmet
Автор 01 мар 2023, 09:23
Khanture
Akyllanypsyň öýdýän ???

Öň nä ýubanowtymy hihi
Ahmet
Автор 01 мар 2023, 09:24
Khanture,
Biraz derňewçi diýmeseň, üýtgeşik adam däl-how menem )))
RelaX
01 мар 2023, 09:30
Pul adamy üýtgetýän bolsa günä pulda däl adamyñ özindee
Ahmet
Автор 01 мар 2023, 09:33
setdars
Pul adamy üýtgetýän bolsa günä pulda däl adamyñ özindee

Hakyky. Pul ýöne bir sebäp. Asyl günäkär adamyň özi. (Meň pikirimçe)
#B.S
01 мар 2023, 09:47
setdars,
Vekil_City,
Adam öz eden günäsini baſga ýöňkömäni gowworýan jandar
Ahmet
Автор 01 мар 2023, 09:50
Khanture
setdars,
Vekil_City,
Adam öz eden günäsini baſga ýöňkömäni gowworýan jandar

Sen beýdip menden berekellalary alyp otursaň gutararsyň )))
Ahmet
Автор 01 мар 2023, 10:16
Khanture
setdars,
Vekil_City,
Adam öz eden günäsini baſga ýöňkömäni gowworýan jandar

Senem gowy görýäňmi hihi
Retro
Retro
01 мар 2023, 10:31
Bääh, bir kemiň şahyrçylykdyda wara
Aýsere
01 мар 2023, 10:35
Goşgumy şu? Halamadym
Ahmet
Автор 01 мар 2023, 10:40
Retro
Bääh, bir kemiň şahyrçylykdyda wara

Bu goşgy dälä şahyrçylyk eder ýaly )))
Ahmet
Автор 01 мар 2023, 10:43
M-11.
Goşgumy şu? Halamadym

Goşgy diýýän barmy? Hala diýýänem ýok. Prosta içimden geleni ýazaýdym. Beýdip bolgusyz zat ýazandan tankytla edebiýatdan başyň çykýany çynyň bolsa...
Yusup
01 мар 2023, 11:06
Pulun bolsa gapjykda s.kin oynar a.jykda
Ahmet
Автор 01 мар 2023, 12:01
Seksopotolog..........
Pulun bolsa gapjykda s.kin oynar a.jykda

Bu näme remiks ful werion sitatamy )))
Gerceknazar
01 мар 2023, 21:54
Islenen.ru0
"Pul" barada setirler. . .
Lezzetli, ezýetli, minnetli sensiň
Gapýarsyň gözlerden garagy sen pul
Kimseler ýaşabam bilmeýär sensiz
Arzuwy,umydy,ýüregi sen pul

Seň syryňa düşünemok heniz men
Kimler üçin ýigrenji sen ejiz sen
Kimler üçin ýoldaşyndan eziz sen
Baladan bar zatdan geregi sen pul

«Pul»diýip diňmeýär enäň nalasy
«Pul » diýip gidýändir gyzlañ namysy
«Pul»diýip gyrylýar ynsan balasy
Aldyrýaň ellere ýaragy sen pul

Besdir mundan artyk ýazyp biljek däl
Mundan artyk kalbym ezip biljek däl
Sen barada ýazýan diňe Gerçek däl
Köpleriň dessany dilegi sen pul.

Gerçeknazar Amannazarow
Ahmet
Автор 01 мар 2023, 23:25
Sen barada ýazýan diňe Gerçek däl
+++
Ahmet
Автор 01 мар 2023, 23:26
Gerceknazar,
Senemä bir joşupsyň )))
Gerceknazar
02 мар 2023, 00:26
Vekil_City,
Bu öň ýazan goşgym.
Gerceknazar
02 мар 2023, 00:27
Vekil_City
Sen barada ýazýan diňe Gerçek däl
+++

Köpleriň dessany,dilegi sen pul
Edepli Gödek
19 мар 2023, 09:19
Ahmet Gurbannepesow diýip okapdyryna ilki?
Ahmet
Автор 19 мар 2023, 09:28
_Bayat
Ahmet Gurbannepesow diýip okapdyryna ilki?

Gurbannepesowdanam beýle goşgy çykjak eken diýip geňlediňmi ýa ilki başda ))
Edepli Gödek
19 мар 2023, 10:28
Vekil_City, ilki awtoryň adyny okaýanda şonda Ahmet Gurbannepesow diýip okapdyryn soňam "Adamlary "brazzere" meýl eden" diýip dur täzeden okap gördüm awtoryň adyny görsem Gurbanmyradow eken)) howwa geňledim okap)
Ahmet
Автор 19 мар 2023, 10:37
_Bayat
Vekil_City, ilki awtoryň adyny okaýanda şonda Ahmet Gurbannepesow diýip okapdyryn soňam "Adamlary "brazzere" meýl eden" diýip dur täzeden okap gördüm awtoryň adyny görsem Gurbanmyradow eken)) howwa geňledim okap)

Hakykaty aýtmaly bolsa haparagam bolsa ýazaýýan... Hakykaty gizläp zat ýazyp bilemoga...