“Dünýäň şowhuny azaldy...”

Dünýäň şowhuny azaldy,
Ol “häki bir söýgi” eken.
Hasylyna gussa bitip,
Orar ýörer söýgi eken.

Hawa, söýgi şeýle eken,
Al-asmana göterýär-de,
Birdenem zyňyp goýberip,
Goýmaz eken bäri-bärde.

Söýgi gündiz-gije ýaly,
Güni köpe gitmez eken.
Soň garaňky gije gelip,
Daň hiç haçan atmaz eken.

Joşly derýaň çyrpynmasy,
Ýakyp barýan epgek eken.
Tapmak eken.
Ýöne welin,
Ne gitmek, ne ýetmek eken.

Görülensoň bir göreçde,
Sudury hiç ýitmez eken.
Iň soňky salan ýarasy
Ömürboýy hiç em bilen
Bitmez eken, bitmez eken...


Sapa HOMMADOW
3 лайков 153 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.