Bilip goýmaly zatlarymyz...
Biziň milli mirasymyzda uly-kiçi hemmämiziň bilip goýmaly edim-gylymlarymyz, däp-dessurlarymyz bar. Şolaryň biri-de alkyşlar we dileglerdir.
Esasy nygtamakçy bolýan zadym-şol dilegleriň, alkyşly sözleriň dogry jogabyny bermegi-de başarmaly.
Ir bilen sataşan adama "Ertiriň haýyrly!", gijara bir öýe barsaňyz:"Agşamyňyz haýyrly!", giçlik turup gaýdanyňyzda bolsa:"Gijäňiz rahat, sag-aman ýatyp-turuň!" diýip gaýsaňyz, olaryň göwni galkynar.
Ekin ekip ýa-da tohum sepip ýörene:"Tohumyň müňlesin!" diýilýär. Ol bolsa:"Őmrüň uzasyn!" diýip jogap berýär.
Bir işiň başyny başlana:dokma ýüwürdýäne, jaýyň düýbüni tutýana, üme, ýowar edýäne..."Işiňiz ileri, armaweriň!" diýilýär.
Syrkaw soramaga barmak iň sogaply ybadatlaryň biri hasap edilýär. Turup gaýtmakçy bolanyňyzda:"Aýagymyz ýeňil bolsun, Alla size kuwwat bersin!" diýilýär.
Ogul bäbek bolanda:"Gul tutupsyňyz, gutly bolsun!", gyz bäbek bolanda:"Baýapsyňyz, ýaşy uzyn bolsun!" diýilýär.
Ogul öýerip, toý edýäne:"Toýuňyz gutly bolsun, gelniň aýagy düşsün, gazygynda garrasyn!" diýilýär. Jogaby:"Taňryýalkasyn, hemmämize nesip etsin!".
Gyz çykarýana:"Bagty-maňlaýy açyk bolsun!" diýilýär.
Täze ulag(maşyn, at...)edinene:"At arkasy gutly bolsun!" diýilýär. Jogaby:"Aýdanyň gelsin!".
Dowar gyrkyp durana:"Gyrkymyň köp diýilýär.
Täze egin-eşik geýene:"Gutly bolsun, toýda tozsun!" diýilýär.
Bir ýere ýolagçy bolup barýana:"Ugur haýyrly bolsun!" diýilýär. Ol hem:"Ýaşyň uzyn" diýip jogap berýär.
Düýe botlanda, sygyr guzlanda "Höwri köp bolsun!" diýene "Tanryýalkasyn!" diymeli (H.Tagangylyjow)
Size yetiren:Şirhanowa G

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.