Ejem ýok

Dogana bil baglaýmasam,
Indi aglajak ejem ýok.
Ýer astyndan aňaýmasa,
Indi aglajak ejem ýok.

Bütin älem ýalan ýaly,
Saýgaramok ak-garany,
Duzlasalaram ýaramy,
Indi aglajak ejem ýok.

Toý toýlasam, geljek kän,
Şat günleňde gülüşjek kän,
Hudaý saklasyn, daşa degsem,
Indi aglajak ejem ýok.

Gözýaşym gursakdan akýar,
Içimi hasrat pyçaklar,
Ýykylsam, köçe gujaklar,
Gelip, aglajak ejem ýok.

Ömrüň sazy çalsa gamgyn,
Betbagtlyk tapsa salgym,
"Oglum ýandy-ow" diýip ogryn,
Gelip, aglajak ejem ýok.

Söwselerem, söýselerem,
Agyr sözler diýselerem,
Etim gowrup-iýselerem
Urnup, aglajak ejem ýok.


Ýagşy Goşunow.
3 лайков 323 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
29 апр 2022, 00:16
Agyr goşgy...
Ezizz
29 апр 2022, 05:57
Söwselerem, söýselerem,
Agyr sözler diýselerem,
Etim gowrup-iýselerem
Urnup, aglajak ejem ýok.


Yokmy ejen ?