"Her gün bäş agza"

Liwerpul agamyň goldawy boýunça ikinji gezek açýan şu mowzugy, indi halasaňyz -halamasaňyz @Nairobi agza aýtmyşlaýyn "Mne poh" burun
Her mowzugymda bäş agzanyň adyny agzaýan, siz şol agzalaryň ýazýan teswirleri , özüni alyp barşy boýunça häsiýetnama ýazýaňyz. Düşünen bolsaňyz ilki bilen , Edebiýatçylardan başlaýyn:
@Belki
@Pegas
@Elif
@Hiayres
@Nirvana
22 лайков 870 просмотров
87комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
10 фев 2022, 17:40
Nairobi,agzym boş wagty hemme zadymy aýdypdyryn-aý köpçüligiñ içinde :))) Näbileýin,kä wagt teswir zat galdyrmasalar ýazanyñy hiç kim okamaýan ýaly.
My life
10 фев 2022, 17:48
@Belki agza barada aytsam icgin tanamok yone dashyndan cen tutup aytsam ilkiler kan mowzuk acanokdy indi owrenship gitdi tuweleme diyyan gowja zatlar paylashyp dur. Gowniacyk, shadyyan, sada edebiyat soyujidigem bildirya, sada gyza menzeya (sada adamlary gowy goryan)
@Pegas agzanam tanamok yone ajayyp goshgulary bar agrasyrak , duygucyl, edebiyat soyuji.
@Elif agza barada aytsam bu agza gizlin agza ,hic kim bilen gurleshenok, mowzugynda teswirleri yapyp goyya ozbolushly agza yone tuweleme edebiyaty oran soyyani mese malim bildirya. Gowy goshgulardan paylashyp dur
@Nirvana agza barada aytsam umumam hemmetaraplayyn ajayyp gyz . Edebiyatam, psihologiyanam,syyat baradada umumam kop zat barada bilyarem, gyzyklanyaram. Sada ,duygucyl, medeniyetli gyz.
@Hiayres agza barada aytmana heniz zat yok mende sebabi dashyndam tanamok intak yone gowymyka diyyan
Umuman ahlisi ajayyp agzalar,yuzuniz mydama gulup dursyn!
My life
10 фев 2022, 17:50
*syyasat diyjekdim
Ejegyz
10 фев 2022, 18:00
@Belki, gaty gowy gyz. özüni we yşk-söýgi temasynda ýazan mowzuklaryny gaty gowy görýän (Sebäbi gaty gowy ýazýar bu gyzam) Umuman söz ýok.
@Nirvana, Maňa meňzäp duýguçyl , ýöne bu gyza taý ýokdur. Ýazanda dagyy sözleri ýürege ok bolup barýar. Hemişe adamlara elinden geldigiçe kömek edýän päk ýürekli gyz.
@Pegas, Medeniýetli adam, käwagt meň "Güýmenje" mowzuklaryma ýazan teswirlerini okap gülüüüp -gülüp hezil edýän.
@Hiayres, Şuň ady çyndanam Omarmyka gy ?! Omar diýlen dostum bardy-da, bäş ýaşymda. Köçeden geçen maşynlara daş atyp oýnaýardyk...Wiý temadan daşlaşyp gidäýdim men-ä burun Bu agzada gowy oglan, edebiýatsöýüji.
@Elif, adamlardan uzak durýar, belkide dogry edýändir... "Gökyüzü insanlardan uzak durdugu için güzeldir..."
Gokhan Durdyyew
10 фев 2022, 18:30
hemmesini taryplamaga shirin sozler pes gelyar bahaber
мусульманка
10 фев 2022, 19:03
Цитата: Ejegyz
Blesk,
hihi Seň hormatyň uludyr Gültäç mugallym !
Mowzugyň ady " Her gün bäş agza "
Indikilerde senem goýaryn

Menem goy
Gauzen
10 фев 2022, 19:29
Menä hiçisinem tanamok. Özüm täze agza boldym. Ýöne hemme kişi öwüpdir, onda diýilişiçe bardyr.
K M
10 фев 2022, 19:34
Gauzen,
menem taze agza hazir agza boldum
Ejegyz.
Автор 10 фев 2022, 19:37
K M,
Seni tanaýan öýdýan men ?!
Gowumy ýagdaýlar 2004'mi ýylyň ?
Şamuhammet
10 фев 2022, 19:44
Eýhoo islenen.comda arz şikayat edilýän guty barmay! ?
Kalp doctory
10 фев 2022, 19:52
tanyshdyrmak islanokmy ozini?K M,
Dove
10 фев 2022, 19:54
Hemmesem gowy :)
Serdar
10 фев 2022, 19:54
Цитата: Ejegyz
K M,
Seni tanaýan öýdýan men ?!
Gowumy ýagdaýlar 2004'mi ýylyň ?

Merjen diyayda sol?
Ejegyz.
Автор 10 фев 2022, 20:01
Seri,
Merjen diyayda sol?


Diýsem näçe manat berjek , ýürekdeş ?
Serdar
10 фев 2022, 20:10
Ejegyz,
Pensiýa çykamda birinji aýlygymyñ ýarymy saña.
menembiri
10 фев 2022, 20:21
menembiri'dirin!))
menembiri
10 фев 2022, 20:22
menembiri'dirin!))
Pegas
10 фев 2022, 20:23
@Belki:
- gowy goşgularyň awtory, degişmegiň medeniýetini bilýän, asylly gyz. Hemem gepleýiş aksentiňi bilýän gyz şu. ;)
@Elif:
- gowy goşgyny tanap bilýän agza. Başga maglumat bilmämsoň pylan diýip bilemok. :)
@Hiayres:
- ýumşak tankyda ökde, sowukganly, gepi-sözi ýerlikli, terbiýe gören oglan.
@Nirvana:
- owadan gyz :) Görkem, düşünjesem, arzuwlaram owadan :)
Ejegyz.
Автор 10 фев 2022, 20:44
Seri,
Pensiýa çykamda birinji aýlygymyñ ýarymy saña.


Şu sözüňi screen shot edip alandyryn bil şony ýöne ol Merjen däl-ä burun 
K M
10 фев 2022, 22:02
Цитата: Ejegyz
K M,
Seni tanaýan öýdýan men ?!
Gowumy ýagdaýlar 2004'mi ýylyň ?

Yok 2005 nirden tanayan meni?
Ejegyz.
Автор 10 фев 2022, 22:03
K M,
Adyň nm adyň ?
Leyli Amanowa
10 фев 2022, 22:06
Belki,
sen aydyan zatlaryňdan habaryň yok (
Gauzen
10 фев 2022, 22:09
Bizä indeýänem ýok cilimkesh
K M
10 фев 2022, 23:52
Цитата: Ejegyz
K M,
Adyň nm adyň ?

Mekan senin
Margarita
11 фев 2022, 06:55
Şu pikiri döredeniňiz gowy boldy. Hatda, minnetdarlygymyň çägi ýok. Agzalaryň häsýetleri bn ýakyndan tanyş bolmak meniň üçin gyzykly boldy.. Men Pegasdan başgasyny heniz tanamok. Pegas hakda aýtsam, ol juda agras, muňa garamazdan goşgulara analiz bermekde, açyk we anyk pikirler bilen goşguçylara ýaltanman ýardam berýändigi maňa mälim. Juda duýgur, ulumsy ýaly görünse-de, ýerinde degişmegi-de söýýän ýigit. Göwnüne ýaramasa, tanalýan şahslaryň goşgularynyň kemçiliklerini ýüze çykarmakdanam çekinmeýän gönümelldigine-de gözüm ýetdi. Umuman, edebiýatyň-grammatikanyň hakyky tarapdary diýip tanasaň boljak Pegasy. Haýsy temadan goşgy ýazsa-da, goşgularyny üýtgeşik sözler bilen bezäp, ähli tarapdanam häsýetlendirip, täsirlendirip bilýän şahyr diýip tanadym men-ä.
Çakym çak bolsa, Elif meniň tanaýan Elifim bolsa, edep boýunça-da, edebýat boýunça-da, güşünjesine, dünýägaraýşyna bu gyza taý bardyram öýdemok. Juda aslylly, ýöne özi barada (men ýaly) gürrüň bermegi halamaýan gyz bolmaly.
Gültäç mugallym eger Orazjanowa bosa, olam edebiň, edebiýatyň öýjügi. Oňa hormatym gaty uludyr.
Teswirlerdäki häsýetnamalar meni gyzyklandyrdy. Men bäri seýrek gelýän. Galanlary indi tanamaly. Geljekde bildigimden menem size goşulmana synanyşaryn. Eger rugsat bolsa elbetde. ?
Maksat
11 фев 2022, 07:24
@Pegas agza şahyr agras oglan, durmuşy goşgularynda janlandyrýar. Köplenç gamgyn goşgular ýazýa.
@Belki gyzykly temalaryň awtory degişmegi halaýa degişme äheňli goşgulary bar.
@Elif syr ýaly, hakynda bilýän zadymyz ýok edebiýaty gowy görýä, ýatkeşligi güýçli, gyzykly goşgular paýlaşýa ýöne teswir ýapyk goýýa)))
@Hiayres meň pikirimçe bilesigeliji we gönümel agza.
@Nirwana edebiýaty söýýän agza, uruş dawa goşulanok, manyly temalar paýlaşýa.
Agzalar hakynda artykmaç bilýän zadym ýok.
Ejegyz.
Автор 11 фев 2022, 10:02
K M,
Tanadym-la gy seni, Ejegyz meň adym .
Goňşy mekdep pully
Lachin
12 фев 2022, 13:57
Belki- gowy gyz.
Pegas- gowy oglan.
Elif-tanamok.
Hiayres-tanamok.
Nirvana- gowy gyz. Rahat medenýetli gyz.