Islenende görmek isleýänlerimiz
Köpümizde adatça, bir ynsana ýa-da närsä bolan negatiw garaýşymyzy beýan edip pozitiw garaýşymyzy özümizde galdyrmak gylygymyz bar.Bu gün şol gylygymyzy ýeñmegimizi isleýärin.
Düýn Islenen.site-da görmek islemeýän mowzuklarymyzy sanapdyk.Geliñ,bu gün bu saýtda görmek isleýän mowzuklarymyzy sanalyñ şeýle hem şol pisintdäki mowzuklary açan agzalaryñ "Berekellasyny" ýetireliñ.
1.Kämil ýazyjy-şahyrlarymyzyñ galamyndan çykan goşgulardyr,oýlanmalar,edebi söhbetler.Beýle mowzuklary esasan Nirvana,Elif,Humaýun,Leýli,Hiayress,Miss minnosh,Ogulşirin Bayramowa,Biohimik,Rigel ýaly agzalar paýlaşýarlar.Ýeri gelende aýtsam,Elif agzanyñ goýan mowzuklaryny göçürip alyp,özüme baý elektron arhiw döredinipdim.
2.Terbiýeleýji mowzuklar.Bu mowzuklary esasan Şahruh han agzanyñ açmagynda okamaga öwrenişipdiris.Şahruh hanyñ baý durmuş tejribesini bu saýtda okamak bilen ynsanlaryñ dürlüçe wakalarda özlerini neneñsi alyp barýandygyny öwrenýäris.
3.Agzalaryñ özlerini gyzyklandyrýan mesele hakynda sorag-jogap alyşmak maksady bilen açýan mowzuklary.Meselem:Felicita agzanyñ "Görmän söýmek mümkinmi?" mowzugy ýa-da Ötegçi agzanyñ "Durmuş gurmak"atly mowzugy.Şeýle mowzuklaryñ üsti bilen agzalar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapýarlar,pikir alyşýarlar,ikitaraplaýyn hormaty saklap,çekişmä girýärler.
4.Agzalara anketa görnûşindäki soraglar toplumy bilen ýüzlenýän mowzuklar.Meselem:Ejegyz agzanyñ açýan "Güýmenje"mowzuklary.Soñ Musulmanka agzadan hem okapdyk.
Bu mowzuklaryñ üsti bilen öz durmuşymyza ser salýarys,pikirlenýäris,göz öñüne getirýäris,kä ýerde soraga jogap berjek bolup ýatkeşligimize agram salýarys.Garaz,bu mowzugyñ üsti bilen agzalaryñ üns,hyýal,pikirlenme,ýat ýaly psihiki prosesleri oýanýar we ösmek bilen bolýar.
5.Haýsydyr bir agza gönükdirilen tankydy mowzuklar.
Psihologiýa mugallymymyñ meşhur sözüdir:"Gapma-garşylyk bolmasa,ösüş bolmaz".
Saýtda tankytlaýan kişisine medeniýet çarçuwasynda hormatyny saklap edilen tankyt iki tarapyñ hem peýdasynadyr.Tankytlaýan kişi gypynç-çekinçsiz tankytlanýanyñ ýüzüne ýaramaz-gylyk häsiýetlerini aýtmakda görelde görkezer,tankytlanýan bolsa özüne başga bir ynsanyñ nukdaýnazaryndan garap,baha berer.Muña edil Musulmanka agzanyñ Çiçek agzany tankytlap açan mowzugy mysal bolup biler.
6.Ynsan psihologiýasynyñ syrly taraplary hakda gürrüñleri öz içine alýan mowzuklar.
Beýle mowzuklary Nirvana agzadan okamaga öwrenişipdiris.Nirvana agzanyñ açan mowzuklarynda ynsan psihologiýasy hakda bilmeýänlerimizi öwrenýäris,pikir alyşýarys.
Ine,agzalar saýtda meniñ göwnümden turýan mowzuklar şu zeýilli mowzuklar.Şeýle mowzuklary açýan agzalaryñ şu mowzukda agzalan-agzalmadyk ählisine tüýs ýürekden"Berekella"diýýärin.Olardan ýene-de şeýle mowzuklara garaşýarys.
Mundan daşary siziñem görmegi isleýän mowzuklaryñyz bar bolsa aýdyp bilersiñiz.Garşy çykýan ýerleriñizem aýdyñ.Elkyssa,Mümkin gyz sözüni tamam etdi.:) Söz sizden.

27комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.