Islenende görmek islemeýänlerimiz

Islenen.ru-da görmegi islemeýän mowzuklarymyz haýsylarka?

1.Täze gelenligi sebäpli,özüni tanyşdyrmagy gerek hasaplaýan agzalaryñ ilkinji mowzuklary.Meselem:"Salam agzalar!Men Jäniçge.Ýylym 2003.Saýtyñyza täze geldim.Menem arañyza goşarsyñyz diýip umyt edýän".
Şu pisint mowzuklary her okanymda Serdar Ortaçyñ "Aranıyorum..." diýen söz bilen başlanýan aýdymy ýadyma düşýär :)
Häzir men bu agza "Ýok,men seni aramyza goşjak däl"diýsem,gitjekmikä saýtdan?Eger-eger gitmez.Onda nämä gerek şu mowzuk?Täze gelen bolsañ teswirleriñi galdyr,pikir alyş,mowzuk döret,ýuwaş-ýuwaşdan goşulyşyp gidersiñ-dä.
2.Saýtdan gidýänligini yglan edip,açylan mowzuklar.Meselem:"Men indi saýta girip biljek däl.Islenenden gidýän.Hemmäñiz hoş galyñ!".
Şu mowzugy açýan agzanyñ maksady nämekä?Mowzuga ýazyljak teswirlerem bellidir.Bir-iki sany agza "Gitme"diýip ýalbaran bolar.Bulam jogap bermedik bolar ýa-da jogap berip gitmäne mejburdygyny aýdýar.Ýañky agzanyñ şu mowzugy açmany bilen Eldar Ahmedowyñ aýdymyndaky ýaly "Sen gitme"diýip synyndan ýapyşyp durany barmyka?Garaz,ne-hä mowzugy açan bir peýda gazanar ne-de teswir ýazan.Arada biriniñ şu mazmundaky mowzugyna bir agzanyñ ýazan teswirini okap gülüp heziller edindim."Gyzmy oglandygyñam bilemok gitmäý-dä"diýip ýazypdyr.Garaz,tanamaýan kişisine "Gitme"diýip ýalbaryp otur. :)

3.Zenanlary köçe sözleri bilen kemsidiji mowzuklar.Meselem:"Mynçgalanan gyzlar", "Gyzlaryñ myžžygy çykypdyr" "Özüñize bek boluñ gyzlar".
Bu mowzugy açýanlaryñ pikriçe zenanlar ynsan däl,alma,apelsin,mandarin we ş.m.Olar mynçgalanyp bilner,myžžygy çykanlary bardyr.Diýeli ahlak temasyndan mowzuk açasyñyz geldi,ony şu sözler bilen beýan etmän azajyk çeperleşdirip,sypaýylaşdyryp açyp bolmazmy?Özem üns berseñiz şu pisint mowzuklary açýan agzalaryñ özleri geçmişde ahlaksyz mowzuklar açyp,ýaramaz görelde bolan agzalardyr.

4.Adyna "goşgy"diýlen,emma poeziýa bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk setir üýşmekleri.Meselem:
"Jankeýta agza bagyşlanan

Janym-a meñ janym-a
Geläýsene ýanyma
Bilseñ seni söýýärin
Señ ugruñda köýýärin

Sen bir açylan gülüm
Men bagyñda bilbiliñ
Söýgüme jogap beräý
Gel indi ýarym bolaý"

Bagyşlañ,bu setir üýşmegi bilen gözüñizi,göwnüñizi bimaza edenim üçin.Şu setir üýşmegi bilen poeziýamyzyñ adyna zeper ýetirmek nä gerek?Jankeýta agza bagyşlan bolsañ,ýazaý-da onuñ şahsyna ýa el.poçtasyna.Biziñ günämiz näme?

5."Bak,dostum"diýen sözler bilen başlanýan ýa-da dowam edýän awtoryñ adyna "tankyt"diýen,emma biziñ pikrimizçe gury akyl satmadan ybarat bolan mowzuklary.Bolýa,bu agza bir zat öwredesi gelipdir.Aýdýan pikirleri arassa türkmen dilinde bolsa has gowy täsir galdyrmazmydy?!Şeý diýip,mowzuga başlaýar welin:"Birinjiden-ä,men dostuñ däl,ikinjidenem "bakmasam" nätjek?" diýäýesiñ gelýär...

Agzalar,ine meni-hä bimaza edýän mowzuklar.Sizem bu sanan punktlarymyñ arasynda ylalaşýanyñyz ýa-da ylalaşmaýanyñyz bolsa aýdyp bilersiñiz.Eýsem,sizi haýsy mowzuklar bimaza edýär? Goşjak-aýyrjagyñyzam bar bolsa aýdaýyñ.Garaz,men bar.Jelaleddin Rumynyñ aýdyşy ýaly "Näme bolsañ bol,ýene gel!"...

Hormatlamak bilen @Belki.
8 лайков 642 просмотров
103комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
28 янв 2022, 13:22
Berekella
#B.S
28 янв 2022, 13:23
Degme açybersinler pikir erkinligi demokratiýa blog
(Degişýän)
Aslynda bloga goşulýan!!!
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 13:26
Birinjidenä 2003lere gurleme ikinjidenem men saytdan gitjek diyip gidip bir ay gelmedim adyma gosgy aydym duzup daže şu yerde suratymam paylanypdyr yene bir ay gelmedik bolsam kino-da duşurjek ekenler
Maksat
28 янв 2022, 13:29
Näme 2003 leň şahy barmy derrew özüňe çekipsiň.
Mechta
28 янв 2022, 13:30
So ozi gurleyan agzanam bir zat etseler)
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 13:32
Bayker,
hawa şahymyz ba 2003lerden yyldyz bn men ba şörde
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 13:33
Aslynda arasynda yazyp dursunlar şeyle mowzuklary yrsarap uruşmaga gowy bolya
#B.S
28 янв 2022, 13:35
Цитата: Nairobi
Aslynda arasynda yazyp dursunlar şeyle mowzuklary yrsarap uruşmaga gowy bolya

Saňada uruş bolsa boldaý, men ýaly atya2
Men ýöne sen ýaly gatnaşmany dälde tomoşa etmäni gowy görýän televizor
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 13:35
yyldyzyň yokluguna begeniň 2003lere gurläniňizi okan bolanda baryňyzy pytradardy
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 13:37
Şo alasam'syk maňa täsirini yetiripdir köp gurleyän bolupdyryn şo wirus gitmesem barymyz şoň yaly bolarys
Belki
Автор 28 янв 2022, 13:37
Mysal getirilýänligine düşünmejek derejede pes dünýägaraýşyñ bardygyny şu wagta çenli bilmändirin,Nairobi.
DIYER BI PRODAKSHYN
28 янв 2022, 13:39
Ejegyzyñ acyan guymenjelerm hokman dal
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 13:41
Belki,
oyun edyän jan dogan gaty seyrek yagdayda seryozny gurleyän meň yazan zatlarymy göni manyda kabul etmäň
Maksat
28 янв 2022, 13:42
Цитата: Nairobi
yyldyzyň yokluguna begeniň 2003lere gurläniňizi okan bolanda baryňyzy pytradardy

Öňem bizä pytran))) men tema bn ylalaşýan ýöne ahlak hakynda gowy temalar açýanam bar mysal Shahruh han agza. Men goşulmak hökmanam däl welin soňky döwür iki sözüň başyny çatyp bilmän köp tema açylýa.
Ladybug
28 янв 2022, 13:43
Belkijan onarmadyna. Ne gozel soyyan,koyyan,oljek bolyan yaly ajayyp kapyaly,gijan yary ylham josup yatyp bilman yazylan "gosgular" gerek dal diyipsin. Hazir so "sahyrlar" gelip seni utman iyerler. Bizinka bir aytmak)
DonMaxx
28 янв 2022, 13:44
urush turjak bolya oytyan howa garalyp bashlady cilimkesh
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 13:45
Bayker,
menem halamok şolary ilki-ilkiler şeyle mowzuklary yazmaň diyip urşup gana bulapdym sayty
yyldyz
28 янв 2022, 13:48
Цитата: Nairobi
yyldyzyň yokluguna begeniň 2003lere gurläniňizi okan bolanda baryňyzy pytradardy

ne gözel abraýymy nädäýdiñ aglaya
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 13:49
Belki senden öň hatda şu yere gelmänkäň "Şeyle biderek mowzuklary yazmaň" diyip yazanlar bilen kellä geyip uruşdym şu yerde! Barybilen diňlänok şolar. Žalf edip Abaddonyň şahsysyna yazdym şu zatlary. Diňlänoklar menem aydyp yadadym. Sora şu yerde şol uruşlary okan agzalar bar! Gaydybam meň dunyägarayşyma dil yetirme! Diňe seň däl başgalaňam kellesi işleyä seň şu yazanlaryňa dälini duzedip bolanok!
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 13:51
yyldyz,
abrayyňy dikeldip otyryn gayta
Belki
Автор 28 янв 2022, 13:52
Bayker,Şahruh hanyñ ahlak temasyndan açan mowzuklaryndan gowy görenlerim kän.Jedelleşenlerimem boldy.Biz bu meselede bireýýäm onuñ bilen ylalaşdyk.Ýöne ondan soñam şol pisint "myžžygy çykanlar"diýip köçe sözleri bilen mowzuk açanlar boldy.Şolary göz öñünde tutdym.
malvina_texnoloc
28 янв 2022, 13:55
? hasam su 3 njini yazyp onarypsyn.su ayydanyny menem bir sapar ayydypdym birine zaraz men ayydan wagtym gaytam meni tupoy gorjek bolya.oza onaranok pustyak onarsa solar yalaklan yuzune baryp ayytman deregine beylekilere suykenip.olar yalaklary gorse gaytam sylap serpaylaya solan ozleri.sony seydip yazanyn ozi manlayyndan gecip bir gezek pent iyen bolmalyda kashmar
Resul.
28 янв 2022, 13:59
Menem gidermikäm diýýän,gitjek wagtym mowzuk edip açarynda hihi
Maksat
28 янв 2022, 14:02
Nairobi,
Joraň gelenokla bu tema)))) gije ýatmansoň dynç alýamyka)
Pegas
28 янв 2022, 14:04
Öňem-ä şu käre o diýen höwesli däldim, indi mugallym bolasym gelmän ugrady hasam käbir mowzuklardan, teswirlerden soň... :)
Gultac
28 янв 2022, 14:05
Cagalar bagy Hakyky tanss
Ezizz
28 янв 2022, 14:05
Şu mowzugy açýan agzanyñ maksady nämekä?Mowzuga ýazyljak teswirlerem bellidir.Bir-iki sany agza "Gitme"diýip ýalbaran bolar.Bulam jogap bermedik bolar ýa-da jogap berip gitmäne mejburdygyny aýdýar.Ýañky agzanyñ şu mowzugy açmany bilen Eldar Ahmedowyñ aýdymyndaky ýaly "Sen gitme"diýip synyndan ýapyşyp durany barmyka?Garaz,ne-hä mowzugy açan bir peýda gazanar ne-de teswir ýazan.Arada biriniñ şu mazmundaky mowzugyna bir agzanyñ ýazan teswirini okap gülüp heziller edindim."Gyzmy oglandygyñam bilemok gitmäý-dä"diýip ýazypdyr.Garaz,tanamaýan kişisine "Gitme"diýip ýalbaryp otur. :)

Bu yerin agzalary gaty ovrenshipdir yalbaryp gitmâyda dip.. eline saglyk govy yazypsyn shu yerni
Resul.
28 янв 2022, 14:06
Pegas,
Şoñ mugallymdygynada subhelenip ugradym.
yyldyz
28 янв 2022, 14:06
Nairobi,
õzüñi bas, bolmasa men basýan häzir, bu gahar gazap nevela?
Maksat
28 янв 2022, 14:06
Цитата: Pegas
Öňem-ä şu käre o diýen höwesli däldim, indi mugallym bolasym gelmän ugrady hasam käbir mowzuklardan, teswirlerden soň... :)

Hezil edip güldümaý @Pegas.