Islenende görmek islemeýänlerimiz

Islenen.ru-da görmegi islemeýän mowzuklarymyz haýsylarka?

1.Täze gelenligi sebäpli,özüni tanyşdyrmagy gerek hasaplaýan agzalaryñ ilkinji mowzuklary.Meselem:"Salam agzalar!Men Jäniçge.Ýylym 2003.Saýtyñyza täze geldim.Menem arañyza goşarsyñyz diýip umyt edýän".
Şu pisint mowzuklary her okanymda Serdar Ortaçyñ "Aranıyorum..." diýen söz bilen başlanýan aýdymy ýadyma düşýär :)
Häzir men bu agza "Ýok,men seni aramyza goşjak däl"diýsem,gitjekmikä saýtdan?Eger-eger gitmez.Onda nämä gerek şu mowzuk?Täze gelen bolsañ teswirleriñi galdyr,pikir alyş,mowzuk döret,ýuwaş-ýuwaşdan goşulyşyp gidersiñ-dä.
2.Saýtdan gidýänligini yglan edip,açylan mowzuklar.Meselem:"Men indi saýta girip biljek däl.Islenenden gidýän.Hemmäñiz hoş galyñ!".
Şu mowzugy açýan agzanyñ maksady nämekä?Mowzuga ýazyljak teswirlerem bellidir.Bir-iki sany agza "Gitme"diýip ýalbaran bolar.Bulam jogap bermedik bolar ýa-da jogap berip gitmäne mejburdygyny aýdýar.Ýañky agzanyñ şu mowzugy açmany bilen Eldar Ahmedowyñ aýdymyndaky ýaly "Sen gitme"diýip synyndan ýapyşyp durany barmyka?Garaz,ne-hä mowzugy açan bir peýda gazanar ne-de teswir ýazan.Arada biriniñ şu mazmundaky mowzugyna bir agzanyñ ýazan teswirini okap gülüp heziller edindim."Gyzmy oglandygyñam bilemok gitmäý-dä"diýip ýazypdyr.Garaz,tanamaýan kişisine "Gitme"diýip ýalbaryp otur. :)

3.Zenanlary köçe sözleri bilen kemsidiji mowzuklar.Meselem:"Mynçgalanan gyzlar", "Gyzlaryñ myžžygy çykypdyr" "Özüñize bek boluñ gyzlar".
Bu mowzugy açýanlaryñ pikriçe zenanlar ynsan däl,alma,apelsin,mandarin we ş.m.Olar mynçgalanyp bilner,myžžygy çykanlary bardyr.Diýeli ahlak temasyndan mowzuk açasyñyz geldi,ony şu sözler bilen beýan etmän azajyk çeperleşdirip,sypaýylaşdyryp açyp bolmazmy?Özem üns berseñiz şu pisint mowzuklary açýan agzalaryñ özleri geçmişde ahlaksyz mowzuklar açyp,ýaramaz görelde bolan agzalardyr.

4.Adyna "goşgy"diýlen,emma poeziýa bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk setir üýşmekleri.Meselem:
"Jankeýta agza bagyşlanan

Janym-a meñ janym-a
Geläýsene ýanyma
Bilseñ seni söýýärin
Señ ugruñda köýýärin

Sen bir açylan gülüm
Men bagyñda bilbiliñ
Söýgüme jogap beräý
Gel indi ýarym bolaý"

Bagyşlañ,bu setir üýşmegi bilen gözüñizi,göwnüñizi bimaza edenim üçin.Şu setir üýşmegi bilen poeziýamyzyñ adyna zeper ýetirmek nä gerek?Jankeýta agza bagyşlan bolsañ,ýazaý-da onuñ şahsyna ýa el.poçtasyna.Biziñ günämiz näme?

5."Bak,dostum"diýen sözler bilen başlanýan ýa-da dowam edýän awtoryñ adyna "tankyt"diýen,emma biziñ pikrimizçe gury akyl satmadan ybarat bolan mowzuklary.Bolýa,bu agza bir zat öwredesi gelipdir.Aýdýan pikirleri arassa türkmen dilinde bolsa has gowy täsir galdyrmazmydy?!Şeý diýip,mowzuga başlaýar welin:"Birinjiden-ä,men dostuñ däl,ikinjidenem "bakmasam" nätjek?" diýäýesiñ gelýär...

Agzalar,ine meni-hä bimaza edýän mowzuklar.Sizem bu sanan punktlarymyñ arasynda ylalaşýanyñyz ýa-da ylalaşmaýanyñyz bolsa aýdyp bilersiñiz.Eýsem,sizi haýsy mowzuklar bimaza edýär? Goşjak-aýyrjagyñyzam bar bolsa aýdaýyñ.Garaz,men bar.Jelaleddin Rumynyñ aýdyşy ýaly "Näme bolsañ bol,ýene gel!"...

Hormatlamak bilen @Belki.
8 лайков 642 просмотров
103комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:54
Belki,
seň görmegiňe zaram däl
yyldyz
28 янв 2022, 14:54
Nairobi,
hany uludan dem al
Hiayres
28 янв 2022, 14:55
Nairobi,
Saul
Biohimik
28 янв 2022, 14:55
Цитата: Nairobi
Belki,
seň görmegiňe zaram däl

Boldy edeý akylly bol den bolma herkim bn ondadam wirtualda goja
Yazylar goyularda
malvina_texnoloc
28 янв 2022, 14:55
Uuufff hazir sutayda bir psih bilen gidishyan men..yaman degnama degip bashlady atuw
Yeyeyey
28 янв 2022, 14:56
Цитата: Cicek
Mana gerekmi tqlyplarda Payhasly bir zat diysede gecip gidyaniz Gultac bir zat dise Nirde ady tutulmadyk adamlar Nasag gram nol diyyaniz Cagalar men bu yyl durmusa cykyan nesip etsin ozunize bu sayt

Dem alyñ bir burnuñuzdan dem alyp eýleki burundan cykaryñ suw içiñ köşeşiñ azyrak uklap dynjyñyzy alyn gowy bolup gider hemmesi
Biohimik
28 янв 2022, 14:56
Nairobi,
Wii yene birzat poctama gelmandir eken))))
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:58
yyldyz,
gowsy gidip nahar edeyin-le
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:58
biohimik.,
goywerdim barar
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:59
Цитата: biohimik.
Цитата: Nairobi
Belki,
seň görmegiňe zaram däl

Boldy edeý akylly bol den bolma herkim bn ondadam wirtualda goja
Yazylar goyularda

soňky döwur birzat bolupdyr maňa gaharjaň bolupdyryn
yyldyz
28 янв 2022, 15:00
Nairobi,
şeýt, kynyrak nahar et bärini ýatdan çykarar ýaly
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 15:02
yyldyz,
işlekli etjek
Biohimik
28 янв 2022, 15:02
Цитата: malvina_texnoloc
Uuufff hazir sutayda bir psih bilen gidishyan men..yaman degnama degip bashlady atuw

Цитата: malvina_texnoloc
Uuufff hazir sutayda bir psih bilen gidishyan men..yaman degnama degip bashlady atuw

Hakykay sona men name diyyan dutarym name diyyar dp yazjak yazjak bolyanda is tapaymayyn fp yazmayan
#B.S
28 янв 2022, 15:04
baý bow bu ýeriniň bolup gidenini...
nebir blog
atuw
yyldyz
28 янв 2022, 15:05
Nairobi,
agşam barjak arbuz
#B.S
28 янв 2022, 15:06
cilimkesh uff kelläm agyryp gitdi
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 15:07
yyldyz,
gel gel gybat edeli
malvina_texnoloc
28 янв 2022, 15:07
Cicek,
Gyyyyyyyyyyw sen Gultach mugallym dal
Ladybug
28 янв 2022, 15:07
Khanture,
Sen name uytgesik stil ulanyanla! Hatyn ustuni cyzyjak eden bolup,name senem arkanda molla bamy,bizden saylanar yaly?!
#B.S
28 янв 2022, 15:08
Цитата: Ladybug
Khanture,
Sen name uytgesik stil ulanyanla! Hatyn ustuni cyzyjak eden bolup,name senem arkanda molla bamy,bizden saylanar yaly?!

Usti cyzylan s harpy basyp yaz
Ladybug
28 янв 2022, 15:13
hany
Pegas
28 янв 2022, 15:14
Çilim çekiň, gyzlar. Rahatlandyrýar cilimkesh
Yeyeyey
28 янв 2022, 15:14
6dydydydvrbt6dydtftbttb
Ladybug
28 янв 2022, 15:15
Hmm menem inni hemmanden uytgesik usti cyzykly hat yazyp bilyan( owuneyinda menem,sundan basg-a owunerlik edip bilyan isim yok)
Yeyeyey
28 янв 2022, 15:15
Цитата: Pegas
Çilim çekiň, gyzlar. Rahatlandyrýar cilimkesh

Dogry aýdýar wampiriñ paýlaşan mowzugyndan gorkup oturmañ o suratdaky dodakly gyz çilimi ters çeken
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 15:18
Pegas,
bor
Gultac
28 янв 2022, 15:19
Gurt bori mojek men
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 15:19
Pegas,
aslynda içip başlapdym çilimiň bardygy yada dusmännir
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 15:20
Цитата: Cicek
Gurt bori mojek men

geňem galdyk-la
malvina_texnoloc
28 янв 2022, 15:22
Cicek,
Sana bir zat owretjek men Gultach mugallymyn ornuna girip oturan adam..gayrat etde her yazan adamyn naprimer men bolsam malvina_texnoloc diyenin asak burcunda jogap i strelkajyk ba sholan birine basda kime yazyanyny belli edayda