Islenende görmek islemeýänlerimiz

Islenen.site-da görmegi halamaýan mowzuklarymyz haýsylarka?

1.Täze gelenligi sebäpli,özüni tanyşdyrmagy gerek hasaplaýan agzalaryñ ilkinji mowzuklary.Meselem:"Salam agzalar!Men Jäniçge.Ýylym 2003.Saýtyñyza täze geldim.Menem arañyza goşarsyñyz diýip umyt edýän".
Şu pisint mowzuklary her okanymda Serdar Ortaçyñ "Aranıyorum..." diýen söz bilen başlanýan aýdymy ýadyma düşýär :)
Häzir men bu agza "Ýok,men seni aramyza goşjak däl"diýsem,gitjekmikä saýtdan?Eger-eger gitmez.Onda nämä gerek şu mowzuk?Täze gelen bolsañ teswirleriñi galdyr,pikir alyş,mowzuk döret,ýuwaş-ýuwaşdan goşulyşyp gidersiñ-dä.
2.Saýtdan gidýänligini yglan edip,açylan mowzuklar.Meselem:"Men indi saýta girip biljek däl.Islenenden gidýän.Hemmäñiz hoş galyñ!".
Şu mowzugy açýan agzanyñ maksady nämekä?Mowzuga ýazyljak teswirlerem bellidir.Bir-iki sany agza "Gitme"diýip ýalbaran bolar.Bulam jogap bermedik bolar ýa-da jogap berip gitmäne mejburdygyny aýdýar.Ýañky agzanyñ şu mowzugy açmany bilen Eldar Ahmedowyñ aýdymyndaky ýaly "Sen gitme"diýip synyndan ýapyşyp durany barmyka?Garaz,ne-hä mowzugy açan bir peýda gazanar ne-de teswir ýazan.Arada biriniñ şu mazmundaky mowzugyna bir agzanyñ ýazan teswirini okap gülüp heziller edindim."Gyzmy oglandygyñam bilemok gitmäý-dä"diýip ýazypdyr.Garaz,tanamaýan kişisine "Gitme"diýip ýalbaryp otur. :)

3.Zenanlary köçe sözleri bilen kemsidiji mowzuklar.Meselem:"Mynçgalanan gyzlar", "Gyzlaryñ myžžygy çykypdyr" "Özüñize bek boluñ gyzlar".
Bu mowzugy açýanlaryñ pikriçe zenanlar ynsan däl,alma,apelsin,mandarin we ş.m.Olar mynçgalanyp bilner,myžžygy çykanlary bardyr.Diýeli ahlak temasyndan mowzuk açasyñyz geldi,ony şu sözler bilen beýan etmän azajyk çeperleşdirip,sypaýylaşdyryp açyp bolmazmy?Özem üns berseñiz şu pisint mowzuklary açýan agzalaryñ özleri geçmişde ahlaksyz mowzuklar açyp,ýaramaz görelde bolan agzalardyr.

4.Adyna "goşgy"diýlen,emma poeziýa bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk setir üýşmekleri.Meselem:
"Jankeýta agza bagyşlanan

Janym-a meñ janym-a,
Geläýsene ýanyma.
Bilseñ, seni söýýärin,
Señ ugruñda köýýärin.

Sen bir açylan gülüm,
Men bagyñda bilbiliñ.
Söýgüme jogap beräý,
Gel indi, ýarym bolaý"

Bagyşlañ,bu setir üýşmegi bilen gözüñizi,göwnüñizi bimaza edenim üçin.Şu setir üýşmegi bilen poeziýamyzyñ adyna zeper ýetirmek nä gerek?Jankeýta agza bagyşlan bolsañ,ýazaý-da onuñ şahsyna ýa el.poçtasyna.Biziñ günämiz näme?

5."Bak,dostum"diýen sözler bilen başlanýan ýa-da dowam edýän awtoryñ adyna "tankyt"diýen,emma biziñ pikrimizçe gury akyl satmadan ybarat bolan mowzuklary.Bolýa,bu agza bir zat öwredesi gelipdir.Aýdýan pikirleri arassa türkmen dilinde bolsa has gowy täsir galdyrmazmydy?!Şeý diýip,mowzuga başlaýar welin:"Birinjiden-ä,men dostuñ däl,ikinjidenem "bakmasam" nätjek?" diýäýesiñ gelýär...

Agzalar,ine meni-hä bimaza edýän mowzuklar.Sizem bu sanan punktlarymyñ arasynda ylalaşýanyñyz ýa-da ylalaşmaýanyñyz bolsa aýdyp bilersiñiz.Eýsem,sizi haýsy mowzuklar bimaza edýär? Goşjak-aýyrjagyñyzam bar bolsa aýdaýyñ.Garaz,men bar.Jelaleddin Rumynyñ aýdyşy ýaly "Näme bolsañ bol,barybir gel!"...
лайков 432 просмотров
36комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
25 апр 2022, 12:39
Oñ kim paylasypdaý shuny bir wagtlar moda bolupdy;)))
Chelsea
25 апр 2022, 12:42
Sana zorlap oka diyyan barmy?
Chelsea
25 апр 2022, 12:42
Wlad guyrujagyndan jaydar basypdyr oytyan wagt wagt yarylyan welin?!:))
Sasoltan
25 апр 2022, 12:56
Öñ biri shu mowzugy paylashypdy kone mojeklerimiz...edil shon yaly yazylan Arhiwi doren yaly
Maksat
25 апр 2022, 12:57
Meniň halamaýan mowzuklaryma jynsparazlyk bilen dolyp ýatan (sözler, nakyllar, hekaýalar, degişmeler, ýüzlenmeler, düşündirişler we ş.m) mowzuklar. Soňam toplumy kiçi düşüriji, topluma ters gelýän mowzuklar.
Maksat
25 апр 2022, 13:09
Dördünji ýazgylary aslynda näme üçin ulaltýaňyz?! Bärde 2-3 adamdan başga adamyň ünsüni çekmejek we hiç zyýany bolmaýan mowzuklar erbet däldirle.
Meselem has dogruçyl we gönümel bolmaly bolsa onda siziň "didarlaşyk" atly seriýalyňyz hem diňe gürrüňden başga zat dälmikä diýýärin. Netijede peýdasam ýok zyýanam, eýleki mowzuklaram şeýle. Iliň paýlaşyp paýlaşmazlygyna goşulmak dogry däl meniň pikirimçe.
Maksat
25 апр 2022, 13:12
"Zenanlary köçe sözleri bilen kemsidiji mowzuklar.Meselem:"Mynçgalanan gyzlar", "Gyzlaryñ myžžygy çykypdyr" "Özüñize bek boluñ gyzlar".
Bu mowzugy açýanlaryñ pikriçe zenanlar ynsan däl,alma,apelsin,mandarin we ş.m."

Elbetde ine meniň diýýänim şu we ş.m zatlar. Ýöne gynansakda gyzlaryňam käbiri şeýle ahyryn, hemmämize bir baha berjek bolýanlar az dälä.
Ahally
25 апр 2022, 13:20
Berekella, gozgamaly temany bilipsiň. Şul aýdanlaryň ählisi hem dogry. Iň halamaýanymam 1 bilen 2-nji. (Geleňde näme täze! #diýäýseň)
Mümkin
Автор 25 апр 2022, 13:22
biohimik.,
Mensho,
Şuny öñ @Belki paýlaşypdy.Menem Belkiden ogurladym.:)
Mümkin
Автор 25 апр 2022, 13:27
Keaip_begcon,
Aslynda bu goşulmagam däl-de pikriñi aýtmak
."Didarlaşmak" mowzugymy birinji gezek açanymdan soñ açjak däldim.Ikinjide @Garabufer agza,üçünjide @Nirvana agza sorany üçin açdym.
Ol mowzugyñ maksady mowzuk edip açylan temalardan daşary gyzyklanýan temalary hakynda agzalaryñ söhbet etmegi üçin meýdança döretmekdi.Düýnki açan mowzugymyñ şol maksada hyzmat edenligi üçin begenýän.Indi agzalaryñ haýyşy bolmasa ýürekgysgynçlykdan ýarylsamam açjak däl şol mowzugy.
Maksat
25 апр 2022, 13:44
Mümkin,
Özüňizem aýdýaňyz, "şul-şul" agza sorady diýip. Ol mowzuklaram okaýanlar bar, galybersede ýaşy kiçi agzalar uly çeper edebiýat ýaly mowzuklarda gürleşip, söz alşyp durmakdan beter şolar ýaly mowzuklary okasy gelýär. Meselem biz şol çekeleşik mowzuklaryndan ýadap "gybat" edýän bolsak, olaram çeper zatlardan başga has aňsat zatlary okasy gelýär düşündirip bildimmikäm?! Men size açma diýemoga, beýle zady diýibem bilmerin. Ýöne goý her-kim öz islegindäki temalary açsynda içinde has erbet zat bolmasa.
Mümkin
Автор 25 апр 2022, 13:53
Keaip_begcon,
Üns berseñiz,menem açma diýýän däldirin :)
Meñki ýöne bimaza bolýandygyny aýtmak.Sizem şol aýdyşyñyz ýaly bimaza bolup bolmanlygyñyzy aýdyp bilersiñiz.Onsoñ açyp açmazlyk öz elimde.
"Geldim" "Gitdimi" okasy gelýän bardyr öýdemok dogrusy.
Maksat
25 апр 2022, 13:58
Mümkin,
Elbetde açyp-açmazlyk siziň eliňizde. Siz diýenlerimi özüňize diýilen ýaly gaty görüp jogap berýäňiz. Aýtdyma ýaňy açmaň diýemok diýip. Siz ýene-de "açmazlyk öz elimde" diýýäňiz. "Geldim-gitdim" dälde, şonda-da bir ýazylan zat ol. Girýän agzalaryň köpüsi zat ýazanok, diňe okaýar, şo sebäpli ol temalary okamaýan ýaly görünýärler.
GuljemilE
25 апр 2022, 13:59
Salam govmy yagdaylarynyz?
1nji bilen 2nja menem goşulyan,ozumem açypdym yone((((
Okuv baradaky soran zadymy bilyadinizmi?
Biohimik
25 апр 2022, 14:09
Ozunden ozi ogurlayan ogry diysanim;))
Mümkin
Автор 25 апр 2022, 14:15
biohimik.,
Ogry ogurlamaga zat tapmasa sag jübüsinden alyp çep jübüsine salarmyş :)
Mümkin
Автор 25 апр 2022, 14:21
Keaip_begcon,
Aslynda,netde ýazyşmagyñ bir erbet tarapy gepleşik dilindäki ýaly bir gürrüñi haýsy ýagdaýda (gamgyn,parahat,öýkeli,gaharly we ş.m) aýdandygymyzy bildirip bolanok.Men ol gürrüñi parahat ýagdaýda hiç hili öýke-kinesiz aýdypdym.Diýjek bolan zadym,siziñ şol aýdyşyñyz ýaly menem başga bir agza aýdyp bilerin.Onuñam açyp-açmazlygy öz elinde.
Agzalaryñ (aglabasynyñ) mowzuklary okamagy köplenç teswir sany bilen bagly.Üns berseñiz köp okalan mowzuklar teswir sany kän bolan mowzuklardyr.Olar bilesigelijilik sebäpli şol mowzuklary okaýarlar.Bir mowzugy okasy gelip okamak bir başga,teswirde näme ýazdylarka diýip okamak bir başga.
Mümkin
Автор 25 апр 2022, 14:22
payhasly,
Men-ä oñ ýaly zat eşdemok.Başga kişiden gyzyklanaýsana.
GuljemilE
25 апр 2022, 14:30
Mümkin
payhasly,
Men-ä oñ ýaly zat eşdemok.Başga kişiden gyzyklanaýsana.

Vahh duşundirip bilemokda egzamina tayyarlanman pul berip geçilyaraa ana şony aytyan duşundinizmi indi?
Maksat
25 апр 2022, 14:33
Mümkin
Keaip_begcon,
Aslynda,netde ýazyşmagyñ bir erbet tarapy gepleşik dilindäki ýaly bir gürrüñi haýsy ýagdaýda (gamgyn,parahat,öýkeli,gaharly we ş.m) aýdandygymyzy bildirip bolanok.Men ol gürrüñi parahat ýagdaýda hiç hili öýke-kinesiz aýdypdym.Diýjek bolan zadym,siziñ şol aýdyşyñyz ýaly menem başga bir agza aýdyp bilerin.Onuñam açyp-açmazlygy öz elinde.
Agzalaryñ (aglabasynyñ) mowzuklary okamagy köplenç teswir sany bilen bagly.Üns berseñiz köp okalan mowzuklar teswir sany kän bolan mowzuklardyr.Olar bilesigelijilik sebäpli şol mowzuklary okaýarlar.Bir mowzugy okasy gelip okamak bir başga,teswirde näme ýazdylarka diýip okamak bir başga.

Diýjek bolýanym, kim näme açasy gelse açyp biler. Eger erbet bolmasa, elbetde sizem tankytlap bilersiňiz. Rigel agza gowy jogap beripdir, illeriň näme gyzyklanýanyny biz bilip bilmerisä.
Mümkin
Автор 25 апр 2022, 14:35
payhasly,
Düşündim.Öñem düşünipdim.Men oñ ýaly zat bilemok diýdim-ä jora.
Maksat
25 апр 2022, 14:36
payhasly,
Pul bilen ýokary okuw jaýyna girjek bolýarsyňyzmy? Ýa diňe bir egzamynmy?
Osman
25 апр 2022, 14:36
Dalidomruly goresiniz gelenokmy
GuljemilE
25 апр 2022, 14:36
Mümkin,
Haa bolyar onda,bagyşlan azar berenim uçin.
GuljemilE
25 апр 2022, 14:55
Keaip_begcon
payhasly,
Pul bilen ýokary okuw jaýyna girjek bolýarsyňyzmy? Ýa diňe bir egzamynmy?

Men dal bir tanşym girjek bolyar Aman Kekilowynka şona pul berip girsen naçe bermelika şony biljekdim
Mümkin
Автор 25 апр 2022, 15:08
Keaip_begcon,
Howwa.Iki tarabam islänini etmekde erkin.
Osman
25 апр 2022, 15:11
Payhasly name barsi bazarmy kartoshkanyn bahasyny sorayan yaly. Kim men planca girdim diyer ya planca diyer. Okuwa giryan talyp bermeya puly ene atasy berya.
GuljemilE
25 апр 2022, 15:28
Goroglyyew Dalidomrul Jelaleddinowic
Payhasly name barsi bazarmy kartoshkanyn bahasyny sorayan yaly. Kim men planca girdim diyer ya planca diyer. Okuwa giryan talyp bermeya puly ene atasy berya.

Men size soramokmykam diyyan,men olarada naçe berdin diyemoga naçe berilyarka diyyan hem birzat soranymda size name agram duşyarka şumat??????
Maksat
25 апр 2022, 17:18
payhasly,
Umumy baha 750 million ýa-da 1 mlrd, 1.2 mlrd töwerekler bolmaly.
Dawud
25 апр 2022, 17:24
Keaip_begcon,
Aman kekilow name ucin beyle gymmat