Islenende görmek islemeýänlerimiz

Islenen.ru-da görmegi islemeýän mowzuklarymyz haýsylarka?

1.Täze gelenligi sebäpli,özüni tanyşdyrmagy gerek hasaplaýan agzalaryñ ilkinji mowzuklary.Meselem:"Salam agzalar!Men Jäniçge.Ýylym 2003.Saýtyñyza täze geldim.Menem arañyza goşarsyñyz diýip umyt edýän".
Şu pisint mowzuklary her okanymda Serdar Ortaçyñ "Aranıyorum..." diýen söz bilen başlanýan aýdymy ýadyma düşýär :)
Häzir men bu agza "Ýok,men seni aramyza goşjak däl"diýsem,gitjekmikä saýtdan?Eger-eger gitmez.Onda nämä gerek şu mowzuk?Täze gelen bolsañ teswirleriñi galdyr,pikir alyş,mowzuk döret,ýuwaş-ýuwaşdan goşulyşyp gidersiñ-dä.
2.Saýtdan gidýänligini yglan edip,açylan mowzuklar.Meselem:"Men indi saýta girip biljek däl.Islenenden gidýän.Hemmäñiz hoş galyñ!".
Şu mowzugy açýan agzanyñ maksady nämekä?Mowzuga ýazyljak teswirlerem bellidir.Bir-iki sany agza "Gitme"diýip ýalbaran bolar.Bulam jogap bermedik bolar ýa-da jogap berip gitmäne mejburdygyny aýdýar.Ýañky agzanyñ şu mowzugy açmany bilen Eldar Ahmedowyñ aýdymyndaky ýaly "Sen gitme"diýip synyndan ýapyşyp durany barmyka?Garaz,ne-hä mowzugy açan bir peýda gazanar ne-de teswir ýazan.Arada biriniñ şu mazmundaky mowzugyna bir agzanyñ ýazan teswirini okap gülüp heziller edindim."Gyzmy oglandygyñam bilemok gitmäý-dä"diýip ýazypdyr.Garaz,tanamaýan kişisine "Gitme"diýip ýalbaryp otur. :)

3.Zenanlary köçe sözleri bilen kemsidiji mowzuklar.Meselem:"Mynçgalanan gyzlar", "Gyzlaryñ myžžygy çykypdyr" "Özüñize bek boluñ gyzlar".
Bu mowzugy açýanlaryñ pikriçe zenanlar ynsan däl,alma,apelsin,mandarin we ş.m.Olar mynçgalanyp bilner,myžžygy çykanlary bardyr.Diýeli ahlak temasyndan mowzuk açasyñyz geldi,ony şu sözler bilen beýan etmän azajyk çeperleşdirip,sypaýylaşdyryp açyp bolmazmy?Özem üns berseñiz şu pisint mowzuklary açýan agzalaryñ özleri geçmişde ahlaksyz mowzuklar açyp,ýaramaz görelde bolan agzalardyr.

4.Adyna "goşgy"diýlen,emma poeziýa bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk setir üýşmekleri.Meselem:
"Jankeýta agza bagyşlanan

Janym-a meñ janym-a
Geläýsene ýanyma
Bilseñ seni söýýärin
Señ ugruñda köýýärin

Sen bir açylan gülüm
Men bagyñda bilbiliñ
Söýgüme jogap beräý
Gel indi ýarym bolaý"

Bagyşlañ,bu setir üýşmegi bilen gözüñizi,göwnüñizi bimaza edenim üçin.Şu setir üýşmegi bilen poeziýamyzyñ adyna zeper ýetirmek nä gerek?Jankeýta agza bagyşlan bolsañ,ýazaý-da onuñ şahsyna ýa el.poçtasyna.Biziñ günämiz näme?

5."Bak,dostum"diýen sözler bilen başlanýan ýa-da dowam edýän awtoryñ adyna "tankyt"diýen,emma biziñ pikrimizçe gury akyl satmadan ybarat bolan mowzuklary.Bolýa,bu agza bir zat öwredesi gelipdir.Aýdýan pikirleri arassa türkmen dilinde bolsa has gowy täsir galdyrmazmydy?!Şeý diýip,mowzuga başlaýar welin:"Birinjiden-ä,men dostuñ däl,ikinjidenem "bakmasam" nätjek?" diýäýesiñ gelýär...

Agzalar,ine meni-hä bimaza edýän mowzuklar.Sizem bu sanan punktlarymyñ arasynda ylalaşýanyñyz ýa-da ylalaşmaýanyñyz bolsa aýdyp bilersiñiz.Eýsem,sizi haýsy mowzuklar bimaza edýär? Goşjak-aýyrjagyñyzam bar bolsa aýdaýyñ.Garaz,men bar.Jelaleddin Rumynyñ aýdyşy ýaly "Näme bolsañ bol,ýene gel!"...

Hormatlamak bilen @Belki.
8 лайков 642 просмотров
103комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
yyldyz
28 янв 2022, 14:09
Belki, Gowy ýazypsyñ, gidýän gelýän diýip açmak manysyzlyk meñ pikirimçede. sebäbi özümem özüm öwrenşip giden günlerim ýadymda.
Belki
Автор 28 янв 2022, 14:22
Her obañ bir dälisi bolşy ýaly her saýtyñam bir dälisi bolsa gowy :).Siziñkem ýok diýip ýördüm welin täze döredi.Gutly bolsun :)
Belki
Автор 28 янв 2022, 14:24
Nairobi,mysal getirilenine düşünmeýän islendik kişiñ dünýägaraýşyna dil ýetirerin.
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:25
yyldyz,
aydan zatlary dogram bolsa nerwimi oynady şu mowzuk
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:28
Belki,
oyun degişmä sarkazm yumor eyle-beylä duşunmeyän dunyägarayşyňa sözum yok!
Merdan
28 янв 2022, 14:28
Köp kelläni agyrtmaň, häzir sagat 5-de süri gelýär, öňünden çykyp mallary ýataga salyň biriň, men ýetişemmok bolmasa hemme işe
Gultac
28 янв 2022, 14:29
Resul Jigim ulam bolsam abilemok Men Tuwakowa Gultac gelay Serdar saherinde Mugallym
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:30
Bayker,
gurt agzasaň gurt geler
Gultac
28 янв 2022, 14:30
Yene Bir zay Men gepinizi etdimmi Utanynow Mans Perisde diyen mugallym Gurhany acan Araznepes mugallym Ogly bolsa sona barjak Guna galdynyz gepimi ediberin yebe
Gultac
28 янв 2022, 14:33
Indi Men Gidyan Yone Basga nikdenem gelup sessiz oturaryn Yone Sizi Alla tabsyryan Boldy indem yazman mana Juma gununde dileg etmediniz Edepli edebinden susar edepsiZ Ben susturdum zannedrr
Belki
Автор 28 янв 2022, 14:33
Nairobi,oýun edenligiñi nädip bildirmeli?
Gündelik durmuşda oýun edenligiñi bildirmek üçin ýylgyrmaly,gülmeli.
Sosial platformlarda oýun edenligiñi bildirmek üçin ýazan zadyñ yzyna " :) " belligini goýmaly.Seniñ ýazan zadyñda şol barmy yzyña dolan-da gör hany.
Gultac
28 янв 2022, 14:33
Edepli Edebinden dymar Edepsiz men dymdyrdym hadap eder
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:36
Belki,
":)" ine şundan basga dyngy belgileri bir dogry goyalyň entek. Ana dil edebiyat mugallym diyyäniňiz yekeje nokat goyup bilenok yazan zadynda
Gultac
28 янв 2022, 14:37
Resul yerini bil Men Nomerim 865180866 kocede klenda gidemokdami Gelin realda gorselin Dademi qydyp oldurderin Doyurdynyz
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:37
Cicek,
Duşmanlaryňa olum diläp oturyançaň özuňe saglyk dile! Tapjak adam sen gargamanda-da tapar
Belki
Автор 28 янв 2022, 14:38
Nairobi,ony çyna ýazyp oturan barmy şu ýerde? Seni çyna ýazamsoñ aýdyp oturyn şu gürrüñleri.
Hiayres
28 янв 2022, 14:39
Nairobi,
Leýli, Çingiz Aýtmatowyň "Jemile" romanyny şu elektron adressa oklaý hiayress@gmail.com
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:40
Hiayres,
bolya
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:42
Belki,
Şuny ":) " goymanda-da dusunyän kän maňa senem özuňden gör duşunmeseň hemme yazanymy seryozny hasap edäy
Yeyeyey
28 янв 2022, 14:45
Bu sayt gürrüñdeşlik we dostluk tanyşlyk ün acylandy özâ ulularyñ sayty t.com
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:45
Gundelik durmuşda-da yylgyramok köplenç yöne garşymdakyny yylgyranyny bilmän galya
Biohimik
28 янв 2022, 14:46
Цитата: Nairobi
Birinjidenä 2003lere gurleme ikinjidenem men saytdan gitjek diyip gidip bir ay gelmedim adyma gosgy aydym duzup daže şu yerde suratymam paylanypdyr yene bir ay gelmedik bolsam kino-da duşurjek ekenler

Hakyky biz dusurjek bolup yordik hihi
Belki
Автор 28 янв 2022, 14:46
Nairobi,bolar.Pikrimem şoña görä aýdaryn.Dünýagaraýyşyña,akyl-paýhasyña şoña görä baha bererin.
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:48
Belki,
men seň bahaňa mätäjem däl
Biohimik
28 янв 2022, 14:48
Цитата: Ladybug
Belkijan onarmadyna. Ne gozel soyyan,koyyan,oljek bolyan yaly ajayyp kapyaly,gijan yary ylham josup yatyp bilman yazylan "gosgular" gerek dal diyipsin. Hazir so "sahyrlar" gelip seni utman iyerler. Bizinka bir aytmak)

Guldurdiñ dalii
Leyli Amanowa
28 янв 2022, 14:48
biohimik.,
o derejede gowy görmäň mesiräp giderin
Gultac
28 янв 2022, 14:49
Ay sen nokat otue goyda okaber Int donup otyr
Gultac
28 янв 2022, 14:51
Kabiri 3Harp yazsada like Men bir zat yazsam gijesi bn gep dinleyanizz Gepimi ediberin Daglardan gaydyan Beyik Anrym bar buysanyan haysy birine jogap berein
Belki
Автор 28 янв 2022, 14:51
Nairobi,bolýa seni görmediksyraryn mundan soñ.
Gultac
28 янв 2022, 14:53
Mana gerekmi tqlyplarda Payhasly bir zat diysede gecip gidyaniz Gultac bir zat dise Nirde ady tutulmadyk adamlar Nasag gram nol diyyaniz Cagalar men bu yyl durmusa cykyan nesip etsin ozunize bu sayt