Ötegçi
Ömür ötüp barýar. Men bolsa şo-ol oýaly-ukyly, äm-säm bolup aýlanyp ýörin. Bulutly tüm garañky asmandan ýyldyzlary gözlän bolýan. Bulutlar bolmanynda-da olar meni oýaryp bilmez. Şübhesiz. Añzakda aýylar uka gidýär. Adamlaryñ bolsa aýaklary üşäp oýanýar.(Bu iñ bolamanda meniñ çagalygym baraalda-ha şeýle) Bu sowuk üflän bolýan şemallaram, bir wagtlar göwnimi galkyndyran helalam meni bu ukudan oýaryp biler öýdemok. Wadyraga. Belkide men tabytda oýanjakdyryn. Adamlaryñ egnine hopba bolanymda. Üstime atylýan gumlardan ýaña gözüm açylar ýa-da. Şonda bu zatlardan maña haýyr ýetermikä?! Üç aýlar başlanar basym. A men bolsa ýene kör köpüksiz garşylaryn olary (ýaşlary ýaly türksumaksyrap aýdanymda: üç aylara üç kuruşsuz girerim)
Kör köpüksizem gatlaryny ýaparyn. Ýazdygyñça ýazylasy gelýän zatlar bar içimde, okadyklaryça okaslary gelermi adamlañ o tarapy gümürtük. Dostum welin hökman okar. Belkem ýene öñkisi ýaly: "Eý,juwan dostum!" bilen başy başlanýan özboluşly uzboluşly, älhepus diýdirýän ruhy söhbetdeşlik bolar.... şonda bizden öñýeten bolmasa da öñ göreniñ nusga aljagyny anyk bilýän...
@Ötegçi. 29ýanwar.2022ý. 2:57

18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.