Kriteriýalar

Häzir geçirjek gürrüñdeşligim durmuş gurmadyklara degişli.
Bu gürrüñdeşligi talyp döwrümiz kursdaş gyzlarymyz bilen geçiripdik.Başynam men başlapdym:"Hany onda geliñ,kriteriýalarymyzy sanalyñ"
Ýagny,kursdaş gyzlar bilen tegelenip oturardyk.Herimiz gezekli-gezegine öz durmuşa çykjak ýigdimizde bolmaly aýratynlyklary sanardyk.Meselem:Boýy uzyn bolsun ýa deñeçerräk bolsun,akýagyz bolsun ýa bugdaýreñk bolsun,ýaşaýan ýeri golaý bolsun ýa golaý bolmasa-da bolar,ýokary bilimli bolsun ýa-da daýhanam bolsa bolar.Ýaşy uly bolsun ýa-da deñ bolsun,häsiýeti alçak bolsun ýa agras bolsun,baý bolsun ýa-da aralyk bolsa-da parhy ýok we ş.m.
Agzalar,siziñ bilenem şu gürrüñdeşligi geçiresim gelýär.Durmuşa çykmadyk gyzlar hyýalyndaky şazadasynda bolmaly aýratynlyklary sanamaly,ýigitler bolsa geljekki gelinliginde bolmaly aýratynlyklary sanamaly.Elbetde,men düşünýärin,bir gün biri garşyña çykar ähli kriteriýalaryñy bir sözi ýa bir bakyşy bilen zyñyp taşlar.Ýöne bärde niýetimiz şeýle kişini agtarmak däl-de hyýal etmek başarnyklarymyzy ösdürmek we sorag-jogap alşyp gyzyklyja wagt geçirmek.
Hany onda başladyk.
13 лайков 966 просмотров
76комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
30 янв 2022, 12:14
Boýy, saçy uzyn, alçagrak, agramlyrak, mertebesini, namysyny ähli zatdan ýokary goýýan, bilimli, hojalykçy bolsun.
Pegas
30 янв 2022, 12:15
Hawaaaaaa cilimkesh cilimkesh cilimkesh
ESSALAMUNALEÝKUM
30 янв 2022, 12:15
meň gelinim agras bolmaly
meň üçinä orta boýly bolmaly
baý garyp parhy ýok maňa oň
seni nirden aldym diýdirmese bolýa soň
Pegas
30 янв 2022, 12:15
Oýun edýän, men öýlenjek däl))
Belki
Автор 30 янв 2022, 12:17
Pegas,
Sizden geñ görüp oturdym şu wagt kriteriýa sanaýşyñyzy :)
ýüreksözi
30 янв 2022, 12:20
Boýy uzyn bolsun
Esasy ýüregi baý bolsun puly bn işim ýok
öýleri ýakyn bolsa gow bolardy
Bugdaýreňk bolsun
Intelligentli bolsun'
Sylamagy başarsyn
Ýaşy menden 2 ýaş dagy uly bolsun
Häsieti alçak bolsun göwnaçyk bolsun kän gaharlanmasyn
Ogulşirin Bayramowa
30 янв 2022, 12:20
Pikirlenip görmändim...
Pegas
30 янв 2022, 12:21
Цитата: Belki
Pegas,
Sizden geñ görüp oturdym şu wagt kriteriýa sanaýşyñyzy :)

Birmahalky вкус-ymdy ýöne şular goshgy
Yeyeyey
30 янв 2022, 12:22
Bolsaýa boýy norm gara saç gök gözli bolsady we degişgenje gabanjañ we bigana oglana garamasa
Beýle gyz meñ maglayymda ýokmyka diýýân aý âý nâtsede ejemiñ saýlany
Pegas
30 янв 2022, 12:23
Ýene bir zat: Jany sag bolsun... sagbolun
ýüreksözi
30 янв 2022, 12:24
E_mail salgy,
malades bratişka sen betlaý şol ejeň saýlany bn oňuber ökünmersiň
Yeyeyey
30 янв 2022, 12:24
Цитата: ýüreksözi
Boýy uzyn bolsun
Esasy ýüregi baý bolsun puly bn işim ýok
öýleri ýakyn bolsa gow bolardy
Bugdaýreňk bolsun
Intelligentli bolsun'
Sylamagy başarsyn
Ýaşy menden 2 ýaş dagy uly bolsun
Häsieti alçak bolsun göwnaçyk bolsun kän gaharlanmasyn

Gahar edip kowalanda öýüm ýakynlygy sebâp derrew gaçyp barary. Ýaly diýýâmiñ
Ogulşirin Bayramowa
30 янв 2022, 12:25
Цитата: E_mail salgy
Gahar edip kowalanda öýüm ýakynlygy sebâp derrew gaçyp barary. Ýaly diýýâmiñ

:D
Belki
Автор 30 янв 2022, 12:27
Pegas,alçak bilen agramly biri-birine ters ýalymy?
Yeyeyey
30 янв 2022, 12:28
Цитата: Bagul_Atayeva
Sanasaň sogaby bar...)

Gysgaldyp perişde ýada pygamber diýýây diñe şular hıç bir günâ iş etmeýârler
Pegas
30 янв 2022, 12:28
Цитата: Belki
Pegas,alçak bilen agramly biri-birine ters ýalymy?

Ýok, alçaklygy ýeňillik bilen çalyşýanlardan bolmaweri sen bir.
Ogulşirin Bayramowa
30 янв 2022, 12:30
Pegas,
Alçak bolanda, göwni açyk, şadyýan bolýa dämi?
#B.S
30 янв 2022, 12:30
Eý menä näme diýjegimem bilemok cilimkesh
Pegas
30 янв 2022, 12:31
Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
Pegas,
Alçak bolanda, göwni açyk, şadyýan bolýa dämi?

Типа того cilimkesh
ýüreksözi
30 янв 2022, 12:32
E_mail salgy,
hahaha ýok onnan dällaý prosta ejemi kakamy öp görüp durar ýaly
Ogulşirin Bayramowa
30 янв 2022, 12:32
Цитата: Pegas
Типа того

я понимаю.
Belki
Автор 30 янв 2022, 12:33
Pegas,jedelleşjek welin ýaltanýan :)
Pegas
30 янв 2022, 12:35
Цитата: Belki
Pegas,jedelleşjek welin ýaltanýan :)

Maňa "siz" däl-de, "sen" diýip ýüzlenmegiňi senden uly hormat bilen haýyş edýän, @Belki-de belgimi ýitiren hanym)
Pegas
30 янв 2022, 12:36
Цитата: Bagul_Atayeva
Agras, kitap okamagy söýýän, iňňirdä çydaýan)) ýaşy menden uly bolsa, boýy uzyn, ýaşaýyşy ortaça, Romantik, uzak ýa ýakyn tapawudy ýok ýaly meň üçin, alçak, käwagt degişgen, pespäl bolsun we ş.m

Beýbä!))
Belki
Автор 30 янв 2022, 12:37
Pegas,oglan bolsa, özümdenem uly bolsa, siz diýmek endigim bar-da.Gaty göreñizok dälmi?
Yeyeyey
30 янв 2022, 12:39
Bagul_Atayeva,
Iñirdekmi sen .iñirdâ cydasyn diýýâñ?
Pegas
30 янв 2022, 12:39
Цитата: Belki
Pegas,oglan bolsa, özümdenem uly bolsa, siz diýmek endigim bar-da.Gaty göreñizok dälmi?

Görýän gaty. "Siz" sözi meň üçin Hytaý diwary.
Humayun
30 янв 2022, 12:40
Daş sypaty nähili bolanda-da kelte bolmasa bolýa. Akylly, has beteri dogumly,(meni burçda duruzsyn welin) göwnaçyk, gabanjaň bolmasyn, meni gabansyn, bilimli bolmagy hökman.
nejisje
30 янв 2022, 12:40
Ai maña ozum yaly namazlyja bolsun bay garyp tapawut yiok yuregi arassa bolsun oglanyñ yashy gaty 2-3 yash ulu bolsun bolly kilcik bomasa bolly mana
Belki
Автор 30 янв 2022, 12:43
Pegas,düşnükli.