Kriteriýalar

Häzir geçirjek gürrüñdeşligim durmuş gurmadyklara degişli.
Bu gürrüñdeşligi talyp döwrümiz kursdaş gyzlarymyz bilen geçiripdik.Başynam men başlapdym:"Hany onda geliñ,kriteriýalarymyzy sanalyñ"
Ýagny,kursdaş gyzlar bilen tegelenip oturardyk.Herimiz gezekli-gezegine öz durmuşa çykjak ýigdimizde bolmaly aýratynlyklary sanardyk.Meselem:Boýy uzyn bolsun ýa deñeçerräk bolsun,akýagyz bolsun ýa bugdaýreñk bolsun,ýaşaýan ýeri golaý bolsun ýa golaý bolmasa-da bolar,ýokary bilimli bolsun ýa-da daýhanam bolsa bolar.Ýaşy uly bolsun ýa-da deñ bolsun,häsiýeti alçak bolsun ýa agras bolsun,baý bolsun ýa-da aralyk bolsa-da parhy ýok we ş.m.
Agzalar,siziñ bilenem şu gürrüñdeşligi geçiresim gelýär.Durmuşa çykmadyk gyzlar hyýalyndaky şazadasynda bolmaly aýratynlyklary sanamaly,ýigitler bolsa geljekki gelinliginde bolmaly aýratynlyklary sanamaly.Elbetde,men düşünýärin,bir gün biri garşyña çykar ähli kriteriýalaryñy bir sözi ýa bir bakyşy bilen zyñyp taşlar.Ýöne bärde niýetimiz şeýle kişini agtarmak däl-de hyýal etmek başarnyklarymyzy ösdürmek we sorag-jogap alşyp gyzyklyja wagt geçirmek.
Hany onda başladyk.
7 лайков 928 просмотров
162комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:01
Warsaky mowzuklarymam täzeden açýan.Göwnüm isleýär hemem saýt içgysgynç.
Serdar
20 апр 2022, 21:11
Ak atly şazadañyz garaşýandyr.
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:13
Seri,
Kän gürleme-de kriteriýañy aýt :)
Serdar
20 апр 2022, 21:28
Ýagny,kursdaş gyzlar bilen tegelenip oturardyk.Herimiz gezekli-gezegine öz durmuşa çykjak ýigdimizde bolmaly aýratynlyklary sanardyk
Bir ýerde 2 den kän gyz jemlense gürrüñ oglan barada gitýär. #Fakt
Serdar
20 апр 2022, 21:31
Mümkin,
Pikirlenibem görmändirn. Ýöne okamak gyzykly meniñ üçin)
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:31
Seri,
Aý,dogan ýa-ha kriteriýañy aýt ýa-da aýtjaklara ýol ber :)
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:33
Seri,
Iki gyz jemlense-de gürrüñ oglan barada gidip biler ýa-da iki oglan jemlense-de gürrüñ gyz barada gidip biler.
Ýagny,garşy jyns hakynda agzalmaýan söhbetdeşlik seýrekdir.
Serdar
20 апр 2022, 21:33
Mümkin,
Herkim biriniñ başlaryna garaşyp dur oýtyan.
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:34
Seri,
Ine şu gün meñ arkamdan pikirlenip bilersiñ.Gadrymy bil.
Telwas
20 апр 2022, 21:34
Şu tema barada bizem gürrüň edýärdik klasdaş gyzlarymyz bilen. Ýekejesem diýýän kriteriýalaryna eýe bolan oglana barmadylar. 5 ýyllykdan soň çykjak diýýänlerem hyýallaryndaka garaşman ir bilen çykdylar.

Men häsiýet we daş keşbi barada kriteriýa bellämokdym. Bellesemem aýdamokdym. Emma ýaşaýyş durmyşy we maşgalasyndaky orny barada kriteriýalarym bar. Olaram aýtjak däl. :))
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:35
Nirvana,
Aýtsañ begenip öläýmäýin :)
Telwas
20 апр 2022, 21:37
Mümkin,
Şony göz öňünde tutup aýtjak däl diýdim-dä. :))
Ladybug-yň ýüwürjisinden näme habar?
????_????
20 апр 2022, 21:38
Mümkin,
sen aydyp bersen oz kriteriyalarny
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:41
Nirvana,
Men öñ aýtdym-a jorama hödürlenen oglan bilen işim bolmaz diýip :)
(a gyz, çyna berimsiz edip soradyñ welin çyndyr öýdeñok dälmi?)
Telwas
20 апр 2022, 21:42
Mümkin,
Öýdýän. :)
Aýläle_06
20 апр 2022, 21:42
Salam
Maksat
20 апр 2022, 21:44
75 okalypdyr 14 teswir bar ýekejede kriteriýa ýazan ýok. Utanýaňyzmy utanyp geçenler:))
Ýazybermeli bolarda azap edip blog açylypdyr.)))
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:44
????_????,
1.Duýguçyl
2.Romantik
3.Kitaphon
4.Özüne çekiji
5.Ýaşaýan ýeri maña golaý
6.Ýaşy maña golaý
7.Ýaramaz endikleri bolmadyk
8.Aýlygy menden kän bolan
9.Ulagly ýa-da geljekde ulag edinmek ähtimallygy bolan
10.Elbetde iñ möhümi BIZDE ÝAŞAMAGA RAZY BOLJAK ýigit gözlenilýär :)
Serdar
20 апр 2022, 21:46
Mümkin,
Oglanlarda edil siziñki ýaly ýagdaý gabat gelenok näme diýseñem. Meñ taze açan faktym 70% golaýlaýar))
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:46
Bayker,
Men gyz halyma ýazdym, ana.
Hiayress
20 апр 2022, 21:47
Mümkin,
Şu sekizinji kriteriýa gümürtigräk bolupdyr. Şanslaryny synamana synanyşan oglanlara açyklamak zor bolar.))
neme
20 апр 2022, 21:48
Meň aljak gyzymyň ýüzünde aýy bolsun,
Şweýsarski bankda puly bolsun,
Ýag iýip, gülýüpek geýýän bolsun,
Maňa-da "jian seni söýýän" diýsin.
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:48
Seri,
Men-ä "Oglanlar gyzdan beter gepçimiş,özlerem her agşam ûýşüp obañ (ýaşaýan ýeriniñ) gyzlarynyñ gybatyny edýärmiş" diýip eşitdim. :)
????_????
20 апр 2022, 21:49
Mümkin,
Banner asjaga gozlenilyar diyip :))
My life
20 апр 2022, 21:50
Sanasam gutarmaz oytyanda)))
My life
20 апр 2022, 21:51
Mümkin,
10-njy bildirishmi))
My life
20 апр 2022, 21:51
Wii salam hemmanize.
????_????
20 апр 2022, 21:52
My life,
Salam
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:53
Hiayress,
Hut şol kriteriýa sebäpli düýn-öññinlikde bir gudany goýbolsun etdik.Ejem entegem maña gaharly.Joramam "A gyz sen my ,özi gowy bolsa tapar-da gowy iş ahyry" diýýär.Menem şuwat "Ýalñyşdymmykam?"diýip oýlaýan.
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:54
*sam.sykmy