Kriteriýalar

Häzir geçirjek gürrüñdeşligim durmuş gurmadyklara degişli.
Bu gürrüñdeşligi talyp döwrümiz kursdaş gyzlarymyz bilen geçiripdik.Başynam men başlapdym:"Hany onda geliñ,kriteriýalarymyzy sanalyñ"
Ýagny,kursdaş gyzlar bilen tegelenip oturardyk.Herimiz gezekli-gezegine öz durmuşa çykjak ýigdimizde bolmaly aýratynlyklary sanardyk.Meselem:Boýy uzyn bolsun ýa deñeçerräk bolsun,akýagyz bolsun ýa bugdaýreñk bolsun,ýaşaýan ýeri golaý bolsun ýa golaý bolmasa-da bolar,ýokary bilimli bolsun ýa-da daýhanam bolsa bolar.Ýaşy uly bolsun ýa-da deñ bolsun,häsiýeti alçak bolsun ýa agras bolsun,baý bolsun ýa-da aralyk bolsa-da parhy ýok we ş.m.
Agzalar,siziñ bilenem şu gürrüñdeşligi geçiresim gelýär.Durmuşa çykmadyk gyzlar hyýalyndaky şazadasynda bolmaly aýratynlyklary sanamaly,ýigitler bolsa geljekki gelinliginde bolmaly aýratynlyklary sanamaly.Elbetde,men düşünýärin,bir gün biri garşyña çykar ähli kriteriýalaryñy bir sözi ýa bir bakyşy bilen zyñyp taşlar.Ýöne bärde niýetimiz şeýle kişini agtarmak däl-de hyýal etmek başarnyklarymyzy ösdürmek we sorag-jogap alşyp gyzyklyja wagt geçirmek.
Hany onda başladyk.
7 лайков 928 просмотров
162комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ladybug
20 апр 2022, 21:54
Mümkin,
Nirvana,
Ikindenem gownum gecipdi welin,su "buzde yasamaly" diyenje yerin meni yene-de sana tarap adim atmane mejbur edyada wara
Ladybug
20 апр 2022, 21:54
*bizde
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:55
flover06,
Salam.Kriteriýañy aýt jora.
Aýläle_06
20 апр 2022, 21:56
1.owadan
2.dogrycyl
3.romantik
4.dine sen diyyan
5.harby
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 21:59
Ladybug,
Çynym bilen güldürdiñ-äý.Señ baran ýigdiñ kriteriýalaryña gabat geldimi?
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 22:01
My life,
Hemmesem bildiriş. :) Ýöne her kriteriýada goýman iñ soñunda "Gözlenilýär"sözüni goýdum.
flover06,
Iñ merdi ikimiz ekenik.Ýekejesem kriteriýa aýdybilenok utanansyraşyp.
Serdar
20 апр 2022, 22:02
Mümkin,
Biziñkiler jemlense kart oýnalýar ýada öten geçen wakalarymyzy ýatlap gülüşip oturýas.
Serdar
20 апр 2022, 22:03
sam.syk wakalarymyzy
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 22:03
Ýassy namazymy okap geljek.Şoña çenli hemmäñiz kriteriýañyzy ýazyp taýýar edip goýýañyz.
Aýläle_06
20 апр 2022, 22:10
Hemedany,
äskermezlik bolyara ol
????_????
20 апр 2022, 22:15
yekeje kriteriyam oz denim bolsun,hemme tarapdan.
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 22:29
Seri,
Goýsan-aý, ýekeje zat sorajak: Diýeli bir gyz bir oglan bilen halaşýar.Şolaryñ "halaşýarmyşyn" gürrüñini kim ýaýradýar? (men jogabyny bilýän)
Hiayress
20 апр 2022, 22:29
Mümkin,
Göwnüňe laýyk gelen däldir, ýogsa "törümde otyrsa razy özüm eklärin" diýerdiň. :)
Aýläle_06
20 апр 2022, 22:34
Mümkin,
kim
Serdar
20 апр 2022, 22:45
Mümkin,
Diýäýäñlaý, Sorasa aýdylaýmasa. Edil ýaýradyp ýörýänä ýokmyka diýýän))) (berjek jogabyñy bilýän))))gaty güldirdiñ))))) biri janyñy ýakypdyr öýtýän)))
Osman
20 апр 2022, 22:49
Kunti bolmasa bolya
Telwas
20 апр 2022, 22:49
Ladybug,
Menem ýatak eltim bolmagyny islemezdim. ;)
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 22:50
Hiayress,
Görmesem näme? :)
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 22:54
Seri,
Goý,goý.Jogap berip bilmersiñ asyl.Iki ýaş juwanyñ arasyndaky pynhan duýgyny ikisinden başga kişi bilenok.Diýmek,ikisinden biri ýaýradýar.Gyz halky-ha diñe iñ ýakyn jorasyna aýdýar.Oglan iñ daşgyn garyndaşyndan,ol obadaky oglanlara çenli "Men pylan gyzy yrdym"diýip güpüleýär.Pañ-pañ ýigitler diýsänim.
Aslynda bu hereketiñ astynda ýatan psihologiki sebäp erkegiñ şahsy egosyny kanagatlandyrmak islegi.Ýagny "Şul oglanam gyz yryp,bet oglan-aý"diýdirjek bolýarlar.
Umuman şu jyns,erbet jyns :)
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 22:56
flover06,
Kim kim? :)
Aýläle_06
20 апр 2022, 22:59
Mümkin,
Goýsan-aý, ýekeje zat sorajak: Diýeli bir gyz bir oglan bilen halaşýar.Şolaryñ "halaşýarmyşyn" gürrüñini kim ýaýradýar? (men jogabyny bilýän) sony sorayan
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 23:01
flover06,
Ýokarda ýazdym.Seri agza beren jogabymda.
Гость
20 апр 2022, 23:10
Utanýanda şular ýalaky sorag berseler. Şu wagtam utanyp ýazyp bilmän otyryn ( gyzlar,meni sypdyrmaň! Men ýaly utanjaň oglany soň tapmaýaňyz)
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 23:12
Goroglyyew Dalidomrul Jelaleddinowic,
Täze agzamy siz?
Гость
20 апр 2022, 23:14
Rigel,
Bähh... Ine men şeýle oglan men,sypdyrma meni. Ejemi ugrat ertir öýe!
Гость
20 апр 2022, 23:15
*Ejeňi
Гость
20 апр 2022, 23:15
Aljyrasam ýalňyşaýýan şeýdip
Гость
20 апр 2022, 23:16
Rigel,
Men gerek bolsam ozüň tap
Mümkin
Автор 20 апр 2022, 23:16
Гость,
Tüweleme! Bir mowzukda gyz bolýañ birinde oglan.Mowzuga görä jyns üýtgedip bilýän agza.
Aýläle_06
20 апр 2022, 23:16
Гость,
utanjanmy siz