Bir zady nädip ösdürmeli?

Saýdy aktiw etmek barada pikirler gozgaldy. Öz pikirlerini beýan etdiler, käbir zatlary maslahat berdiler. Menem gyzgalaňly pikir alyş-çalşygy bolup durka, gyrada synlap duran tomaşaçy deýin, ilki "aýdaýynmy, aýtmaýynmy" diýip oýlandym. Ýöne aslynda hem hiç kim anyk we dogry çykalgany bilenok, menem ýol görkeziji bolaýyn, elbetde käbir maslahatlar bilen. Aýdýan zatlarym diňe saýdy däl-de, islendik bir zady ösdürmek babatynda göz öňüne tutulyp bilner. Makalaň adynam şol sebäpli şeýle ýazdym. Biz bir zady ösdürmegi 3 faktora baglarys. Eger şu 3 zat dogry ýerine ýetirilse, islendik bir zady ösdürip bilersiňiz, size kepil, Ahtopot kepili.

1. Şertlerden habardar bolmak.
Telekeçileriňem düşünjesizdigini ýaňy-ýakyn öwrenip başladym. Ýanymyzda bir market açyldy, edil Marydaky Belent ýaly, ullakan bir köşk edil. Belentden kiçiräk elbetde. Ýaşaýan şäherimiziň ilat sany az. Bu köşk ýaly markedimize bir girseňiz, içiniň owadanlygy we gymmat harytlar sizi haýrana goýar. Iň aşagyndaky bölüminiň bir tarapy tutuş bir dükan, içinde et önümleri, süýt önümleri, ýagny azyk harytlarynyň hemmesi bar. Ýokarky gatlar bolsa has ajaýyp, bir surata düşüp 50 million gezek imo-da paýlaşýanlaryň hökman görmeli ýeri. Tüweleme-tüweleme, örän gowy. Gowy welin, bir mesele bar. Olam telekeçiniň öňümüzdäki ýyllarda bokurdagyna çenli batjagy.
Şäherde şeýlede adam az, gije köçä çykýan ýok. Netijede, barýan adam ýok, hiç kim ýok how. Hany bir gidip göreli diýdik, ençeme bölümi boş, Silent Hill-da gezip ýören ýaly. Sähelçe adam bar olaram söwda üçin däl, aýlanmak üçin barypdyrlar, gepiň gysgasy, biz ýaly eli boşlarda. Edil gyrasynda bolsa ullakan bazar bar, ullakan bazar barka, we has amatlyka, baryp marketdan kim söwda etsin? Ilki adam pikirlenmeli, "men şu ýerden bir zat açjak welin, peýdaly bolarmyka" diýip, pikirlenmeli "men şu ýerden zat açjak welin töweregimde ullakan bazar bar, adamlar näme üçin gelsin" diýip, pikirlenmeli "bu şäherde adam örän az, men açsam bu ýerik iň köp gelse 50 adam zordan geler" diýip. Ilki bilen saýlan ýerini geçdim, saýlan şäheri dogry däl. Gezip ýörkäk içimi gepletdim, "beýbä bula 10 ýylyň içinde-de çykdajyny ýapyp bilmez" diýip. Ýanymdaky dosdumam içimi okan ýaly "muňa 10 milliarda gidendirow" diýdi, şansly tarapym dosdum men ýaly düşünjeli däl gynansakda.)) 10 milliardyň näme, diňe agzyndaky markediň ullakan we owadan ady hem 300 million bardyr. Markede jemi 100 milliardan köp çykandygyna kepil geçip bilerin ýöne subut edip bilmerin. Sen çykdajyny nädip yzyna aljak? Işgärlere "bu gün söwda ýok" diýip düşündirip bilmersiňä, olar "pulumy ber" diýerler.
Indi şu zady aýtdym, sebäbi size bir zat düşündirmekçi. Bir zady etjek bolaňda ilki hemme zady pikirlenip görmeli, ýeri, töweregi, şertleri, mümkinçilikleri. Meselem şol tekekeçi önüm öndürýän bir zat saldyran bolsady, ol markeda çykarjak milliardlaryň 1 milliardyny halky aldap ilkinji 10 aý arzan satyp pida etsedi, yzyny gaty gowy ýöredip bilerdi, elhenç söwda bolardy. Bir zady açmakçy ýa-da ösdürmekçi bolsaňyz, nähili ýerde durandygyňyzy gözden geçiriň.

2. Reklama etmek.
Näme üçindir adamlar reklamanyň nä derejede wajypdygyny bilmejek derejede düşünjesiz? "Düşünjesiz" sözüni ýörite saýladym sebäbi bu örän köp zady täsirleýär, ýagny köp zada bagly. Ýaňky telekeçimiziň düşünjesizliginiň nämeleri täsirleýändigini we nämelere sebäp bolýandygyny gördük. Muny geçeliň, ol telekeçi indi reklama etsede peýdasy ýok. Meniň aýtjak zadym şeýle, reklama islendik zatda hem birinji orunda durýandyr. Reklama bolmasa eden işiň ussat işi bolsun, tapawudy ýok, ünsi çekmekde başarnyksyz bolýar. Ýa-da size psihologiýadan bir mysal bereýin, siz birine yzygiderli (garşylyksyz) ýagşylyk etseňiz, ol kişi size hormat goýmak ýerine sizi haýwan ýerine goýup başlar. Sebäbi adamlar aňsat edilen zada üns bermeýärler. Şol sebäpli (bular birhilem bolsa hakykat) eden zadyňyzy bir zat edip reklama etmek gerek, "men saňa şu zatlary şeýdip etdim" diýip, eden kömegiň seniň üçin nähili wajypdygyny görkezmeli. Meselem bir dosdum imo-da (başga işi ýok ýaly) akkaunt açypdyr, menden soraýar "dosdum bir zat edip ösdürelile şuny" diýip. Birinji etmeli zady reklama. We reklama üçinem ilki gowja pul çykarmaly, reklama etdirmeli müňlük akkauntlara. Käbir akkauntlar bardyr, agza sanlary meniň ýatýan sagatlarymyň jemindenem köp. Bir zat diýseler ol diýen zatlary arkaýyn ençeme kişiniň pikirini üýtgedip biler. Bir akkaundyň 20 müň agzasy bardy, bu kişi bilen sögüşmek gaty ýalňyş saýlaw bolardy. Hemme sosial medialardaky blogger-lara adamlar reklama etdirýärler. Käbir kişiniň paýlaşýan zatlaryndan reklamasy köp. Her geçen gün reklamalaryň saýasynda ösüşden düşenoklar. Açdyň imo-da bir hasap, içinde adamlar kontaktdaky adamlaryňdyr. Öz güýjiň bilen diňe 300 adama ýetip bilersiň. Şol sebäpli ilki örän oňat, we adamlary özüne çekiji reklama suraty ýasap, muny paýlaşmaly. Şeýdip ýuwaş-ýuwaş ösüp başlaýaň, soň reklama gerek ýok, bellibir derejeden soň, agzalaryň seniň suratlaryňy paýlaşýandygy üçin dowamly gelip durýarlar. Maşyn satjakmy, jaý satjakmy, pikiriňi goldatjakmy, önümiňi satjakmy, gaty oňat reklama et. Reklama edeňde unutmaly däl zadyň, olam reklamanyň maksadynyň has köp adamlara ýetmegi. Ýagny bir kişiniň ýanynda durup 2 günläp duşuşmadyk joranyň geplerini biri-birine gürrüň berşi ýaly janygyp gürrüň bermegiň ähmiýeti bolmaz.
Men şu saýdyň admininiň saýdy ösdürmek ýaly niýetiniň bardygyny pikir edemok. Admin diňe bir saýt açypdyr, kän zada garaşanok ýaly. Saýdy ösdürmek dagy gaty aňsat. Hemme kişi şol bir zatlardan bizar boldy, bendeler pikirlere aç. Göni 2 aýyň içinde 2000 adamy jemläp bilerin, ýöne jemlämok, sebäbi hususy zadym däl, biraz egoizm.

3. Içerki zatlar.
Edýän işiň gowy bolmasa reklama edeniň peýdasy ýok. Ýaňky akkaunt açmakçy bolan dosdum, akkaundy açdy, reklama gowy, ýöne içi boş. "Näme paýlaşjak" diýsem, "manyly sözler" diýýär. Gaharym depäme indi. Ahaw, manyly sözler paýlaşýan tonlarça akkaunt bar, we ol sözlerem diňe sözde manyly. Şu kesel sözlerden ýaňa adamlaryň psihikasy üýtgedi. "Manyly sözler"-e gizlenip şeýlebir manysyzlyk satýarlar welin, adamlarymyzyň nä derejede düşünjesizdigini görmek gaty gynandyrýar. Adamlarymyzyň 10-da 9,90%-iniň şeýle bolmagy, hasam gynandyryjy.
Edýän işiň gowy bolsun, az bolsun ýöne uz bolsun. Şol sebäpli aýtdym "saýtda peýdasyz mowzuklary paýlaşmaň" diýip. Saýda giren "gomiseksual", "trans" ýaly sözleri görse nädip dowamly müşderi bolsun, çykyp gider "men nirä düşdüm" diýip. Saýdyň içinde gyzyklandyryjy zat bolmasa näme. Adamlaryň ünsüni çekjek zat ýok. Peýdasyz mowzuklary pozmak gerek, ýöne siz oňa derek peýdaly mowzuklar ýazýan kişileri pozsaňyz barjak netijäňiz, ine şu bolar. Görýän welin öňler saýtda has gyzykly we peýdaly zatlar paýlaşylýar eken, teswirleriň sany 100-den geçýän mowzuklaram bar eken. Gaty köp adam gidipdir saýtdan. Saýda ilkinji giren bir özge kişiniň içinde gyzyklanma döremeli. Bu hem erbetde çekeleşik ýoly bilen amala aşyrylýar. Çekeleşik bolmasa hiç bir mediany ösdürip bilmersiňiz. Emma admin bu meseläni hem dogry aňyp başarmandyr. Çyndanam asudalyk bilen bir zady ösdürip bilerin öýdýärsiňizmi? Çekeleşige hem gaty düşünjeli we bitarap ikinji adminleri bellemeli. Sebäbi çekeleşigi dogry alyp baryp bilmeýän agzalar bar. Bulara gözegçiligi berk tutmaly. Şol sebäpli saýdyň içindäki peýdasyz mowzuklary, peýdasyz agzalary, gödeklik edýänleri aýyrmaly. Çekeleşik, gyrlyşmak däldir, we edepsizlik, tankytlamak däldir. Çekeleşikde edepsizlik bilen tankytlamagy biri-birinden aýyryp bilmeli. Saýtda berk düzgün-nyzam bolmaly. Ýöne gynansakda bu ýerde bularyň hiç biri ýok ahyryn. Meniň soraglarymy gaýtalap, täzeden maňa berýän kişiler bar, ýagny ýazylan zada düşünenok. Bu gaty wajyp. Bir zat ýazjak bolanlarynda, açjak bolanlarynda bilýän zatlaryny paýlaşmaly, doly bilmedik zadyň barada pikir ýöredilmeýär. Ertirdäki ýaly gyzgalaňly ýeri hiç bir saýtda görmedim. Umuman men indiden beýläk düzeler öýdemok, ýöne pikirimi beýan etmek isledim.
12 лайков 512 просмотров
47комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
16 июн 2023, 21:13
Gynansak-da, blogdaky mazmunyň hiliniň garaşylmadyk ýagdaýda has pes bolmagy haýran galdyryjy. Diňe reklamanyň täsir etmejekdigine düşünýändigiňize gynanýaryn. Ýöne mazmun barada köpräk oýlanmalydygyňyzy bellemek isleýärin. "Manyly sözleri" paýlaşmak isleýän adamyň oýlanyşyksyzlyk derejesine haýynlyk edýän şertlerde çemeleşmäniň ýeterlik däldigine we tükenýändigine düşünmek üçin köp wagt gerek bolmaz diýip umyt edýärin. Gerekmejek temalary, gereksiz agzalary, trollary haşal oýnalmazdan platforma ösdürip bilmersiňiz. Siz söhbetdeşlik platformasyny dykgatly we ala tutmazlyk bilen dolandyrmagyň kynçylygyny kabul etmeli. Ýagşy zat az, gyssa bolmaly; Ýadyňda bolsun, köp mukdarda däl-de, häsiýetiň wajypdygyny unutmaň. Bilgeşleýin kommentariýalary we gepleşikleri döretmegiň ýerine, hil we gyzykly mazmuny döretmek üçin seresap bolmaly. Bu ýagdaýdan habarly bolup, gerekli düzedişleri girizersiňiz diýip umyt edýäris.


Eý waý nämeler diýdimeý men ???‍♂️
#B.S
16 июн 2023, 21:38
Adamlarymyzyň 10-da 9,90%-iniň.

Ýagny 100-de 0,99%i (10 * (9,90/100) = 0,99) diýmekmi?
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 21:47
Khanture,
Ynanaý, ýekeje sözünede düşünmedim.
#B.S
16 июн 2023, 21:51
Ahtopot,
Düşünjesiz bolsaň meň günäm däl dostjan ?
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 21:52
Khanture,
Düşnükli. :)
#B.S
16 июн 2023, 21:56
Ahtopot,
Beýdip üç gezek ýazmak şert däl, düşünendigiňiň düşündirişini düşnîkli edip düşindirmäge.
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 21:59
Khanture,
Düşnükli, ýöne seniň peýdasyz mowzuklaryňy tankytlamagym seni näme üçin beýle gaharlandyrdy?
Telwas
16 июн 2023, 22:03
“Dosdum” sözünden belli bolşy ýaly, bu @Wlad ýagny @Keip_begcon agza bolmaly.
Aramyza hoş geldiň gadyrly saýtdaş! Ynan, seň saýda dolanyp gelmegiň meni diýseň begendirdi. Sen ýaly soraga sorag bilen jogap berýän, bir zady köp taraplaýyn pikirlenýän ynsanlar maňa gyzykly.
Birbada @Khanture ikiňiz güýmärsiňiz saýdy. :) Görýän welin, araňyzda gapma-garşylykly düşünjeler köp.
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 22:08
Nirvana,
Minnetdar! Men ikisi hem däl. Gaýyp agzany tanaýaryn, sebäbi diňe makalalary okaýan mahalym görýärdim. "Dosdum" sözüni diňe men ulanýandyryn öýdemok. Galybersede men saýtdakylaryň ählisinden 2-3 ýaş ulumykam diýýärin.
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 22:11
Nirvana,
Men "dosdum" sözüni makalada ulandym, olam dosdum bolany üçin?
murat yousef
16 июн 2023, 22:32
Ahtopot,
Menem dawno podozrewat etýen, wlad ýaly imenno "dosdum" diýýeň a "dostum" dälligi üçin...
murat yousef
16 июн 2023, 22:33
menembiri1,
Menä 90, sennä?
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 22:36
menembiri1,
Ýagny?
Гость
16 июн 2023, 23:02
Nirvana,
Wlad bilen Gutulmyş bir adammy ?
murat yousef
16 июн 2023, 23:02
Ahtopot
menembiri1,
Ýagny?

Näme ýagny? Eger syr bolmasa näçenji ýyl sen diýýen prosto men uly dipsiň bileyin didm
Yusup
16 июн 2023, 23:06
Bizde sheyle dushunje bar olam entek anymyzyn osmediginde. Birinji bn ol markedi guran telekeci hemme zady oylanyp guranlygynda. Goni gapysynda bazar bolsada ol telekecin pinine dal. Men hazir seni Ashgabatdaky taze acylan sowda merkezlere akideyin yekeje magazina girip otyraly 12 sagadyn dowamynda yekeje mushderi hem gormersin shol magazinda. Emma satyjysy pesi 3000 man aylyk alya. Sheyle marketlerin birinde men 23 gun ishledim Italyanlar bn olar mebel ishlerini etdiler biz bezeg ishlerini. Italiyanyn Milan shaherinden atlary biri Deywid beylekem Robertody. Temadan dashlashman tazeden tema geceyin. Dine bir magazin dal kan otayda alyjysyz magazinlar. Niyet olaryn sowda etmek dalde akyp duran pullaryn bize yonekey halka shol marketdan gelyandigini gorkezmek. Market guryan adamyn nace million nace milliard puly bolya olar munden million milliondan milliard yasayalar we sheydip market salyalar. Emma millardlar shol gelmegini dowam edip dur. yone marketdan dal. Market dine unsi sowma. Ashgabatda sheyle kop marketlaryn eyeleri. Bir markedin eyesinin Taslama kocesinde 117 jayy bar. Her jaydan ortaca 4 5 mun kwartira pul alyar. yene birinin nace sany magazini bar yene birinin toy palatkasy bar birinin Igrotekasy birinin gurlushyk firmasy bar. Shol market meselesiz 5 10 yyl sowda edyar sowdasy bol.asada icindaki satyjylara ahranalara kassirlara pul tolap otyrar yone ol batmaz
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 23:12
Anil Kapur,
"Men hazir seni Ashgabatdaky taze acylan sowda merkezlere akideyin yekeje magazina girip otyraly"

Söz agzyňdan çykdy, doýurmagam seniň eliňde. :)
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 23:14
Anil Kapur,
Ol hem bolup biler, emma 10-20 milliardlyk dükan bilen, 100-200 milliardlyk markediň arasynda tapawut bar.
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 23:16
Gaýrat edip, tema bilen baglanyşykly pikiriňizi bildiriň, Anil agza ýaly.
#B.S
16 июн 2023, 23:27
Ahtopot,
Wladdygňy boýun alaýsana seniň Wladdygňy tassyklaýan onlarça delilim bar
Yusup
16 июн 2023, 23:32
Ahtopot,

Janam agyzdan chykya sozem janyn saglygy
#B.S
16 июн 2023, 23:33
Nirvana,
Gaýyp Begjan bilen Wlad bir adam däl. Wlad by öňki talyplardaky Nazarhan, bu saýtdaky Voyvoda, hazir Ahtopod...
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 23:33
Khanture,
Düşnükli, tema bilen baglanyşykly teswir ýaz.
Yusup
16 июн 2023, 23:34
Ahtopot,

Bolubersin markedi sowda etmek un dal unsi ozunden ayyrmak un edyaler.
Yusup
16 июн 2023, 23:35
Ahtopot,

Bolubersin markedi sowda etmek un dal unsi ozunden ayyrmak un edyaler.
#B.S
16 июн 2023, 23:38
Ahtopot,
Ýazdym ýokorda ýöne diňe sen däl menem düşünmedim näme ýazanyma ???‍♂️
Jennet
16 июн 2023, 23:38
Khanture,
Basga zatlar yazmasana onem manykasa etdin
#B.S
16 июн 2023, 23:41
Meň newir owodon sözümi, haýran galdyryjy şekilde haýran galdyryjy edip, haýran galdyran admin ýa moder kimkä? ?
Jennet
16 июн 2023, 23:42
Belendem sholar yala indi. Adam onki yaly dal. Kop zatlary bosh bolup dur. Marketlerde islemegem kyn. Aylanmagam kyn hemme yerik. Bizin dushunjesiz panyatasyz adamlarmyz esigimize gozi cykayjak yaly seredip dur gyz gormedik yaly. Govy dal
#B.S
16 июн 2023, 23:42
Fihruza
Khanture,
Basga zatlar yazmasana onem manykasa etdin

Başga zatlar ýazmak adamyň pikirleniş ukybyny artdyrýar. Bulam potensial bir peýda how.