Eýnşteýniň üstünliginiň altyn syrlary
Eger kimde-kim hiç haçan ýalňyşlyk göýbermedik bolsa, onda ol hiç –haçan täze bir zat etmäge synanyşan däldir.
Bilim – bu mekdepde öwrenen zatlaryň ählijesi ýadyňdan çykandan soňra galýan zatdyr.
Men öz aňymda, edil suratkeş ýaly, islendik zady döredip bilýärin. Fantaziýa ukyby bilimden has wajypdyr! Sebäbi, bilimiň çägi bar, fantaziýa bolsa bütin dünýäni gaplaýandyr.
Döredijiligiň syry – bu seniň ylham çeşmesini gizlin saklap bilmek ukybyňdyr.
Adamyň gymmaty onuň edip biljek işi bilen däl-de, onuň berip biljek zady bilen kesgitlenýändir. Rowaçly adam boljak bolmaň, gymmatly adam boljak boluň.
Ýaşamagyň iki usuly bardyr: siz ýa-ha bu dünýäde täsinlik asla ýok diýip ýaşap bilersiňiz, ýa-da bu dünýäde hemme zat täsinlik diýip ýaşap bilersiňiz.
Haçan-da men özümi we öz pikir ediş usulymy öwrenenimde , men şeýle bir netijä gelýärin, ýagny meniň göz öňüne getirme ukybym maňa beýleki islendik ukyplarymdan has köp peýda getirdi.
Goýunlaryň içinde iň görnüklisi bolmak üçin, ilki bilen goýun bolmak wajypdyr.
Ilki bilen oýnuň düzgünlerini doly öwrenmek gerek. Ondan soňra hemme kişiden gowy oýnap başlabermeli.
Sorag bermegi togtatmazlyk örän wajypdyr. Bilesigelijilik adamzada tötänden berlen zat däldir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.