1. 01:58–02:33
Ine, şu soragy bersek bolar: bizde, häzirkizaman adamlarynda, geljege seredýän başga adamlara gerek boljak, peýda berjek täze açyş, täze bilim, täze duýgy barmy? Bu soraga, öz bar ynamym bilen, men – bar diýip bilerin. Rilkeniñ wasp edip ýazan şol "beýik zamanlarynda" hem bilinmedik bir täze zat bar diýip bilerin. Olara garanymda, "Bular bir zady-ha bilmändirler we biz muny duýýarys: azyndan, özümiñ duýýanymy-ha bilýärin" diýen pikir peýda bolýar. Muny duýýan diñe men däl ýaly. "Biziñ döwrümiz, döwrebaplygymyz hakynda onuñ ýitgilerine we degradasiýasyna baglylykda pikirlenmek dogry hasaplanylýar, – diýip, Şwesiýaly suratkeş Markus Şteffen maña ýazypdy, – emma bizde täze gazanyşlar hem bar. Şu çaka çenli, adam dünýäniñ gowşaklygyny we bütinleýin baglylygyny ş e ý l e aýdyñ bilmändi. We, munuñ üçin, hiç wagt ş e ý l e derejede pikir, görnüş, hereket görnüşlerindäki zorlamalardan gaçmak islemändi". Ine biz häzir näme bilýäris. Kän uly-da däl zady. Bizde, bu çaka çenli bolan adamlaryñkydan, agressiýa bolan içki garşylygymyz, hökmürowanlyga bolan kör islege ýigrenç has köp b a r. Bethoweniñkiden-de köp, Rafaeliñkiden-de köp. Olarda bolan köp zatlar bizde az, emma bu duýgy – köp.
Häzirkizaman ruhuna (häzirkizaman ruhunyñ nämeligi hakynda-da, özümiñkä görä baha berýän), diñe, hiç hili ýagdaýda agressiwligi bolmadyk, saña hökmüni sürmek islegini bildirmän, dem almaga giñişlik berýän, ünsli we seresap bir zat görnüşinde peýda bolýan eserler göwünlerine ýaraýar. Biziñ häzirki wagtda söýüp bilmegimiz ahmal bolan seresaplylyga, adamzadyñ beýik geniýleriniñ bolan wagtlaryndan şu wagta çenli döredilen zatlarda kän gabat gelmeris. Bu durşuna täze mesele. We ähli täze-täze zatlaryñ bolşy ýaly, dünýäniñ özi ýaly ýaşly. Muña Klodel' şeýle syn berdi: " Adam dünýäni güýç bilen alan zatlarynyñ üsti bilen añanok, oña goşan zady bilen añýar, ö z i bilen"... We bu täze pozisiýa, meniñ pikirimçe, boşluga garşy gelip biljek zat.
O.S.

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.