YKBALYŇYZY ÖZGERDIP BILJEK ÝÖRELGELER (PRINSIPLER)
Indi biz bu ýörelgeleriň (prinsipleriň) birinjisine seretmäge
taýýar. Dürs düşünjeliligiňize galyň-da, okaýan wagtyňyz ýatda
saklaň, bu ýörelgeler (prinsipler) bir adamyň oýlap tapan zady däl.
Olar köp kişiniň durmuşyna täsirini ýetirdi. Siz olary öz bähbidiňize
peýdalanyp bilersiňiz. Muny şeýle etmegiň kyn zat däldigini
görersiňiz. Bir döwür men Günbatar Wirjiniýa ştatynda, Salem
kollejinde uçurymlara derejeleriň gowşurylyşy mynasybetli söz
sözledim. Men indiki bölümde beýan edilen ýörelgäni (prinsipi)
juda aýdyň beýan etdim. Uçurymlaryň biri ony özüniň durmuş
filosofiýasynyň bir bölegi edinipdir. Ol ýaş ýigit kongressmenlige
ýetişip, prezidentiň adminstrasiýasynda ähmiýetli adamlaryň biri
bolupdyr. Ol maňa hat ýazyp, onda indiki bölümde beýan edilen
ýörelgä (prinsipe) özüniň berýän bahasyny anyk beýan edipdir.
Onsoň men bu bölüme giriş hökmünde onuň hatyny çap etmek
kararyna geldim.
Gadyrdan Napoleon! Kongresiň agzasy hökmündäki işim maňa erkekleriň we aýallaryň köp
sanlysyna mahsus bolan meseleler barada aladalanmaga mümkinçilik berdi.
Onsoň men mynasyp adamlaryň müňlerçesine peýdaly bolup biljek
maslahaty bermek üçin şu haty ýazýaryn.
Men Salem kollejini tamamlanymda siz uçurymlaryň öňünde söz
sözlediňiz. Şol çykyşyňyzda siz meniň aňymda bir pikiri şineletdiňiz.
Ştatymyzyň ilatyna gulluk etmäge bolan mümkinçiligim üçin men şol pikire
borçludyryn, geljekde gazanyp biljek üstünliklerimiň ählisi üçin hem, eger
olara ýetmegi başarsam, şol pikire borçly bolaryn.
Hiç hili bilimi ýok diýen ýaly derejede bolsa-da, ýekeje dollary, kömek
edip biljek dostlary bolmasa-da, Genri Forduň haýran galdyryjy belentlige
göterilmegine kömek eden usuly juda aýdyň suratlandyryşyňyz, edil dek
düýn bolan zat ýaly, meniň ýadymda. Entek siz çykyşyňyzy tamamlap
ýetişmänkäňiz, nähili päsgelçilikleri ýeňip geçmeli hem bolsa, özümiň hem
belent derejä ýetjekligim barada netijä geldim.
Şu ýylda hem-de öňümizdäki birnäçe ýylda ýaşlaryň münlerçesi
okuwlaryny tamamlarlar. Olaryň her biri meniň sizden alan goldawyma
hem-de oňlanylma mätäç. Olar nirde sowulmalydygyny, näme etmelidigini,
durmuşy nämeden başlamalydygyny bilmek isleýärler. Siz muny olara aýdyp
bilersiňiz, sebäbi eýýäm köp-köp adamlaryň meselelerini çözmäge kömek
etdiňiz.
Biziň günlerimiziň Amerikasynda pikirlerini nädip pula öwürmelidigini
bilmek isleýän adamlar müňlerçe, takyr ýerden başlamaga borçly, ýöne soň
ýitgileriň öwezini dolup biljek adamlar hem münlerçe. Olara kömek edip
biljek kişi bar bolsa, ol sizsiňiz.
Eger kitabyňyzy çap etseňiz, men onuň ilkinji nusgasyny size gol çekdirip
almak islärdim.
Iň gowy arzuwlar bilen, tüýs ýürekden
Jennings Rendolf
Şol çykyşdan otuz bäş ýyl geçenden soň, bakalawr derejelerini dakmak
dabarasynda Salem uniwersitetinde ýene-de çykyş etmek maňa nesip etdi.
Şol gezek men Salem uniwersitetiniň hormatly edebiýat doktory boldum. Şu geçen ýyllaryň dowamynda men Jennings Rendolfyň ýurduň iň bir
öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biriniň ýolbaşçysy, soňra bolsa hem
hyjuwly orator, hem-de Günbatar Wirjiniýadan senator bolşuna syn etdim.
Adamyň göz öňüne getirmegi başarýan
ähli zady, onuň ynanýan ähli zady ýetip
boljak zatdyr

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.