ISLEG Ähli üstünlikleriň başlangyç nokady
Baýlyga tarap birinji ädim
Ençeme ýyl mundan ozal Edwin S. Barns Orinjde (Nýu-Jersi) haryt
otlusyndan düşeninde, daş keşbi ykmandany ýatladýan hem bolsa, onuň
pikirleri şalara mahsusdy!
Demir ýoluň ugruny syryp, Tomas A. Edisonyň iş ýerine tarap barýarka,
ol dartgynly oýlara çümüpdi. Hyýalynda Edisonyň öňünde durşuny göz
öňüne getirýärdi. Ömründe iň esasy ýykgyn edýän zadyna — beýik oýlap
tapyjynyň hyzmatdaşy bolmak baradaky güýçli islegini amala aşyrmaga
mümkinçilik bermegini jenap Edisondan haýyş edip durşuny eşidýärdi.
Barnsyň ýykgyn edýän zady höwes däldi. Ol islegdi. Bu juda ýiti, ähli
zatdan üstün çykýan, gürsüldäp duran okgunlylykdy. Ol gutarnykly
kesgitlenendi.
Birnäçe ýyldan soň Edwin S. Barns Edison bilen oýlap tapyjyny ilkinji
gezek göreninde duşuşan otagynda ýene-de duşuşdy. Ýöne bu gezek onuň
islegi amala aşypdy. Ol Edisonyň hyzmatdaşy boldy. Ömrüniň baş arzuwy
hakykata öwrüldi.
Barns üstünlik gazandy, sebäbi anyk maksady saýlap aldy, oňa özünde
bar bolan ähli energiýasyny, erkini, güýjüni, ähli yhlasyny bagyşlady.
YZYNDAKY KÖPRÜLERI ÝAKAN ADAM
Onuň gözleýän mümkinçiligi döreýänçä bäş ýyl geçdi. Özünden başga
hemme kişi üçin ol bary-ýogy Edisonyň telekeçilik işiniň tigrindäki bir
simjagazdy. Ýöne öz aňynda bolsa ol bu ýerde işläp başlan gününden, şol
minutdan bäri Edisonyň hyzmatdaşy bolupdy.
Bu anyk islegiň güýjüniň ajaýyp suratlandyrylmasy. Barns öz diýenini
gögertdi, sebäbi durmuşdaky bar zatdan beter Edisonyň işewür hyzmatdaşy bolmak isläpdi. Ol bu maksadyna ýetmek üçin meýilnama işläp düzdi. Ýöne
şunlukda, ol yzyndaky ähli köprüleri ýakdy. Ol özüniň islegine düýrmegi
bilen berlipdi, bu onuň bütin ömrüniň esasy ideýasyna — soňra bolsa
hakykata öwrüldi.
Orinje ugranda ol özüne: «Men Edisony nähilem bolsa, bir iş bermäge
göwnetjek bolaryn» diýmedi. Ol şeýle diýdi: «Men Edison bilen görşerin
hem-de onuň hyzmatdaşy bolmak isleýändigime ynandyraryn».
Ol özüne: «Eger Edisondan isleýän zadyma ýetip bilmesem, birden
başga bir mümkinçilik dörese, men ony äsgermezlik etmerin» diýmedi. Ol
şeýle diýdi: «Bu dünýäde maňa gerek bolan hem-de ýetmegi niýet edinýän
ýeke zadym bar. Men Edisonyň işewür hyzmatdaşy bolmak isleýärin. Men
yzymdaky köprüleriň baryny ýakýaryn hem-de bu islegimiň amala
aşmagynyň hatyrasyna, ähli geljegimi humara goýýaryn».
Ol özüne yza çekilere ýol goýmady. Ol ýeňmelidi ýa-da ölmelidi!
Ine, Barnsyň üstünliginiň taryhy şeýle!

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.