MÜMKINÇILIK KEŞBINI ÜÝTGEDIP GELÝÄR
Mümkinçilik ýüze çykanda, ol başga keşpde, özem Barnsyň garaşýan
tarapyndan däl-de, düýbünden başga tarapdan peýda boldy. Mümkinçiligiň
emelleriniň biri şeýle. Onuň arka tarapdaky gapydan sümülip girmek ýaly
mekir gylygy bar, özi-de ol, köplenç, şowsuzlyk ýa-da wagtlaýyn ýeňliş
görnüşinde peýda bolýar. Belki, hut şeýle bolanlygy üçin köp kişi ony
tanaýan däldir.
Edison özüniň täzelikde oýlap tapan enjamyny — ses ýazmak üçin
niýetlenilen enjam bolan fonografy kämilleşdirmegiň üstünde işleýärdi. Onuň söwda babatda wekilleri bu enjama kän bir gyzyklanma bildirmediler.
Olar muny juda kynlyk bilen satmak başardar diýip pikir edýärdiler. Barns
bolsa munda öz mümkinçiligini gördi. Mümkinçilik duýdansyz, Barns bilen
oýlap tapyjynyň özünden başga hiç kimi gyzyklandyrmadyk geň enjam
görnüşinde peýda boldy.
Barns bu täze zady satmagy başarjakdygyny bilýärdi. Ol Edisona öz
hyzmatyny teklip edip, fonografy satmak mümkinçiligine eýe boldy. Muňa
juda üstünlikli hötde geldi welin, Edison onuň bilen bu enjamy tutuş ýurt
boýunça satmak babatda şertnama baglaşdy. Şeýdip Barns baýady, ýöne ol
has-da ähmiýetli bolan zadyň hem hötdesinden gelmegi başardy. Ol
„oýlanyp baýamagyň“, hakykatdan-da, mümkindigini subut etdi.
Isleginiň amala aşmagynyň Barnsa näçe pul getirenligini bilemok. Belki,
iki ýa-da üç million dollardyr. Ýöne puluň mukdary näçe bolanlygynda-da,
esasy hakykata akyl ýetirmeklik bilen deňäniňde, o diýen bir wajyp däl bolsa
gerek: duýulmaz derejedäki pikir tirpildisini maddy baýlyga öwürmek
mümkindir.
Barns özüniň beýik Edison bilen hyzmatdaşlygyny pikirlenip „toslady“
diýip bolar. Ol baýlygyny pikiriň kömegi bilen döretdi. Näme isleýänligine
düşünmek ukybyndan, şeýle-de tä amala aşaýýança öz isleginden
dänmezlige bolan erjelliginden başga onda hiç zat ýokdy.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.