Piramidalaryň syry #1: Musa pybamberiň Nil derýasyndan tapylyşy.

Bellik: Salam. Men täze bir seriýa başladym. Seriýadaky beýan edilen we ediljek pikirler meniň şahsy garaýyşlarymdyr we hiçhili ýagdayda hakykat bolmak üçin talaşgärlik edenok.
Piramitalaryň syry: 1-nji bölüm
Musa pygamberiň Nil derýasyndan tapylmagy.
Ilki bilen men bu seriýanyň maksady bilen tanyş etsem. Seriýanyň maksady, müsür piramidalarnyň hakyky maksadyny äşgär etmek. Men @Jeksparro agza bilen piramidalar barada pikir alyşýançam, olar barada känbir içgin gyzyklanamokdym. Soňra gaty gyzyklandym we yzarlandym we onuň syryny çözdim. Arada "Piramidalar we Sfinkslar hakynda Kitaýski daýylardan teoriýa atly blog hem açypdym. https://biz.islenen.ru/23812-piramidala-we-sfinkslar-hakynda-kitayski-dayylammyzdan-teoriya.html

Men köp materiallary gözden geçirdim. Gelen netijäm meni örän aňk etdi. Men gelen netijämi bu mowzukda aýdyp bilemok. Bu seriýa gaty uzamagy ähtimal. Azyndan 10 bölüm bolmagy mümkin, anyk bilemok we soňky bölümde bar zady aýan ederin.

Men bu bloga 6 sany surat ýükledim. Alty surat hem bir zady aňladýar. Musa pygamberiň Nil derýasyndan tapylmagy. Bize bu waka Kurandan we Töwratdan mälim. Musa pygamberi ejesi sebede salyp nil derýasyna akdyrýar we soňra ony Faraonyň maşgalasy tapyp alýar. Ilkinji üç suray 1800-nji ýylardan öňki suratkeşleriň bu wakany beýan edişi. Ikinji üç surat ondan soňky ýagny günümizdäki beýan edilişi. Üns berip synlasaňyz ilkinji üç surat bilen soňky üç suratyň arasyndaky tapawudy görersiňiz. Gördüňizmi? Gören bolsaňyz teswirde ýazmagyňyzy haýyş edýän! Indi sizde sorag dörändir "Piramidalar bilen Musanyň Nilden tapylmagynyň näme baglanşygy bar?" Bu soragyňyza belki indiki bölümde, belki-de iň soňky bölümde jogap bererin.

1-nji bölümiň soňy!
©Khanture 2023
Ufa

Çeşme: Google gözleg ulgamynda 'Mosè salvato dalle acque" diýlip gözleg berwniňizde çykar.
0 лайков 254 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
25 апр 2023, 06:45
suratdaky gyzlara bet zat eken
#B.S
Автор 25 апр 2023, 06:47
DonMaxx
suratdaky gyzlara bet zat eken

???
#B.S
Автор 25 апр 2023, 06:53
Boş okap geçmäň, reaksiýa beriň!
Dowsypat
25 апр 2023, 07:37
3 suratda piramida yok.3-sinde bar.
Dowsypat
25 апр 2023, 07:38
Onson Musurlilen geynisem tapawutly.
#B.S
Автор 25 апр 2023, 07:44
Dowsypat.,
2nji boluminede reaksiýa ber i pikiriňi aýt, näme sebäpden tapawut bar?
Suleyman
25 апр 2023, 10:26
Soňky 3 surat şo döwürdäki faraon maşgalasynyň geýinişi görkezilýär. Umuman Müsür halkynyň.

Başdaky 3 suratda grekleň geýiniş medeniýeti bar. We piramida görkezilmändir.
#B.S
Автор 25 апр 2023, 10:30
Dark_Wolf,
Aslynda şol soňky üç surat ýalan.
noname
25 апр 2023, 13:39
Men señ Ufadadygñy şu wagt bildim
Jeksparro
26 апр 2023, 22:07
Öňki 3 suratda ýewreýleriň edim-gylymlary, däpleri medeniýetleri siňdirilen bolup bilmezmi? Meselem aýdaly: Leýli Mejnun dessany Türkmen teatrda oýnalýar. Leýli bilen Mejnun Türkmen milli lybaslary geýdirilen diýeli. Şol göz bilen seredeniňde olara türkmen diýjek gümanyň ýok. Leýli mejnun Arabystanda dörän dessan.
Edil şolar ýaly haýsydyr bir suratkeş Müsüri we Musany öz mentalitetlerine görä göz öňüne getirip çeken bolmaklary ähtimal.
Jeksparro
26 апр 2023, 22:09
Piramidaly gürrüňe geçsek hem şeýle: piramida ýa faraon köşkünden bihabar haýsydyr bir körsowat hudožnik hem piramidasyz we faraon bezeglerisiz öz medeniýetine görä edip çekip biler.
#B.S
Автор 26 апр 2023, 22:12
Jekwarabey,
1800-nji yyldan hemme hudojnikler sheyle korsowat bolaydymyka?
Jeksparro
26 апр 2023, 22:28
Umuman hristiýanlykdan başga zat bilmeýän hudožnikler öz mentalitetlerine görä çekip bilmegi bolup biläýjek zat. Edil körsowat bolmasalaram öz mentalitetlerine görä çekmegi bolup biler...
Jeksparro
26 апр 2023, 22:34
Belki seň diýýänleriň dogry, belkäm ýalňyş!
Kysasyl Enbiyada hem Piramida diýilýän zat agzalmaýar. Diňe Pyrgaun we ýyldyzlardan pal atýan Haman ikisiniň Müsüre baryp bir mazarystanlyk guruşlary hakynda, şol Mazarystanlygyň hem Piramida bolmagy ähtimal diýip ýönekeý çaklamamy aýdypdym. Seň gözlegleriňe sebäp bolupdyryn öýdýän ??
Jeksparro
26 апр 2023, 22:36
Garşyňa teswirler bilen çykyş edýänimiň sebäplerine erbet tarapdan düşünmersiň-dä... Her bir aýdylýan, açylýan mowzuklary şübhe astynda saklamagy gowy görýärin ?
#B.S
Автор 26 апр 2023, 22:38
Jekwarabey,
?Dogry
Jeksparro
26 апр 2023, 22:40
Hany dowamyny goýuşdyrda çaltyrak...
SypaýyS
27 апр 2023, 15:42
Geýnişleri tapawutly.Soňky üç suratda bize görkezilşi ýaly şekillendirilen
SypaýyS
27 апр 2023, 17:50
Daşary ýurt telefon belgi berýän programma bileňokmy(ICQ we agende gerek)