ÝEGIPETDÄKI (MÜSÜR) PIRAMIDALAR.

Taryhyň galyň sahypalarynyň birini hem Müsür Piramidalary eýeleýär. Müsürdäki bu piramidalar esasan faraonlaryň mazarlary bolupdyr. Taryhy çaklamalara görä iň irki ilkinji piramida Müsüriň 3-nji patyşalyk döwründe gurlan we arhitektory Imhotep tarapyndan çyzylan basgançakly piramidadyr.
Piramidalaryň gurluşygynda işlän ussalary,gullary,arhitektorlary,piramidanyň gizlin syrlaryny bilýän ähli adamy gurluşykdan soňra öldüripdirler.Dünýäniň 7 täsinliginiň biri bolan Faraon Heopsyň piramidasy biziň döwrümize ýetip gelen ýeketäk taryhy täsinlikdir.Müsürde piramidalaryň sany 100-den geçýär.
Piramidalar adamlaryň ençe asyr bäri kelle döwüp nädip dörändigine,nähili gurlandygyna akyl ýetirip bilmeýän binalardyr.Agyrlygy 20 tonnadan gowrak bolan ýüzlerçe daşlardan gurulan.Bu daşlaryň bar bolan iň ýakyn ýeri bolsa piramidalardan ýüzlerçe kilometr uzaklykdadyr. Bularyň nähili getirilendigi barada bolsa her hili pikirler orta atylýar.Piramida kimiň adyna gurlan bolsa şol adam ölenden soňra mumýalanyp mazar jaýynda ýerleşdirilýär we şol jaýa ýylda 2 gezek gün düşýär.Adamyň doglan we tagta çykan günleri.
Mazardaky adamyň mumýasyna ýakynlaşmak ýa-da el degirmek adamyň rak keseli bilen keselläp ölmegine getirýär.Mundan başgada birnäçe täsirli wakalar bilen gabatlaşmagyňyz mümkin.
Piramidalar algebra we geometriýa ylmynyň altyn eseridir.Bir piramidanyň gurluşygy 20-30 ýyl aralygy bolup ýüz müňlerçe adam işläpdir.
1 лайков 142 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ESSALAMUNALEÝKUM
08 окт 2021, 20:05
gowy eken sag bol bize ýetirenňe bahaber häzir pramidalara aýlanyp gaaýtjak mashynly