Ak piramidalar haýsy kowumyň medeniýeti!?
''Beýik Ak piramidalar'' hakynda eşidip görenleriňiz az-azdyr. Bu piramidalar Hytaýda ýerleşýär. Özem köpüsiniň üsti gizlin saklanylýar...
Onuň üsti ABŞ howa güýçleriniň pilody bolan Jeýms Gaussman 2-nji jahan urşy gidip durka Hindistandan Hytaýa tarap uçýarka ýokardan piramidany görýär we aradan ep-esli wagt geçeninden soň habarlarda ýaýrap başlaýar.
1947-nji ýylyň 28-nji martynda ''The New York Times'' gazetinde bu piramida degilip geçilýän gürrüňler orta çykýar. Maurice Sheahana degişli bolan makala ''The New York Sunday News'' gazetiniň 1947-nji ýylyň 30-njy martynda çykan sanynda suratlaryny paýlaşýar.
Bu suratlar Jeýms Gaussman tarapyndan düşürilendigi hakynda aýdylýar. Chris Maieriň bolsa fotografiýadaky piramidanyň aslynda Han imperatory Wunyň mazary bolan bolaýmasyn diýip çaklaýar.
Ýöne çaklamalara garamazdan bu piramidalaryň bardygy günbatarly alymlar tarapyndan, hat-da 1947-nji ýyllardan öňem bilinýär eken.
''Nýu Ýork Taýmsyň'' habaryndan soňra ''Science News Letter'' (indi Science News) gazetinde şeýleräk gysga ýazgy çap edildi:
''...Şol ýerlerde ýerleşen piramidalar toprakdan we palçykdan edilipdir we Müsür piramidalaryna meňzeýärler we bu ýerler intek doly ýagdaýda açylmadykdyr. Etrapda bar bolan Amerikaly alymlar 300 metrlik beýiklikdäki piramidanyň bardygyny aýdýarlar, bu bolsa Müsür piramidalarynyň boýundan köp esse uly bolandygyny aňladýar... Gürrüňi edilýän ýer Şianyň 64 km günortasynda günbatarynda arheologik yzlar bar''.
Wiktor Segalen Hytaýa 1913-nji ýylda syýahat edipdir we ilkinji imperatoryň mazary (we bu etraplardaky beýleki ýadygärlikler) hakynda ''Mission Arceologique en Chine (1914): L'art funeraire a l'epoque des Han'' atly işinde agzap geçipdir.
Han Yang Ling Mowzeleýi ýaly bu ýerdäki käbir piramidalar döwrümizdäki syýahatçylara açykdyr we içlerinde muzeýler bardyr.
Ýöne näme üçindir käbir piramidalaryň syryny entegem saklaýarlar...
Ol ýerdäki piramidalary syýahat etmäge baran bir türk syýahatçysyna uýgurlardan biri ýoldaşlyk edipdir. Şonda ilki hytaýly ýaşuly olary haýsydyr bir piramida goýbermändir...
Emma piramida bilelikde girip görmeklige razylyk beripdir. Şonda piramidanyň içinde tabyda hem gabat gelýärler...
Hytaý hökümedi bu piramidalar taryhy üýtgedip biler diýýär. Emma üstüni gizlin saklaýar. Belkäm gadymy türki kowmunyň, ýa-da başga bir kowumyň medeniýeti şol piramidalaryň astynda üsti açylman ýatandyr... Şol sebäpli Hytaý onuň üstüni gizlin saklaýar we taryhlarda bu hakda hiç zatlar aýdylmaýar...

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.