Dünýäniň 7 täsinligi

Älemiň ýedi täsinligi bular skulptura ýadygärlikleriniň we arhitekturanyň gadymy dünýä döwrüniň iň meşhurlarydyr. Bular hakynda taryhçylaryň we syýahatçylaryň işlerinde ýazylypdyr. Taryhyň atasy Gerodot hem özüniň “Taryh” işinde bular dogrusynda belleýär. Älemiň ýedi täsinligi hakdaky gyzyklanmalar we soraglar bular baradaky işlerde ýa-da krosswordlarda gabat gelýär.
1. Gadymy Müsür pramidalary (b.e. öň III müň ýyllyk).
2. Wawilonyň asma baglary (b.e. öň VII asyr).
3. Galikarnasdaky mawzoleý (b.e.öň IV asyryň ortalary).
4. Efesdäki Artemidanyň ybadathanasy (Kiçi Aziýa b.e.öň 550 ý.).
5. Koloss Rodosly (Geliosyň statuýasy, Rodos adasy b.e. öň 290 ý.).
6. Olimpiýadaky Zews heýkeli (Gresiýa b.e. öň 430 ý.).
7. Faros adasyndaky maýak (Müsür b.e. öň III asyr).
Nil derýasynyň golaýyndaky Giza şäherinde gurlan piramidalar. Iň gadymy 7 täsinliginden diňe Müsür piramidalary şu wagta çenli hiç hili zeperlenmezden diýen ýaly saklanyp galypdyr. Gadymy grek taryhçysy Gerodotyň ýazmagyna görä, piramidalar üçin 10 ýyl ýer taýýarlanypdyr. Patyşanyň mazary ýerleşen piramidalary gurmak üçin 20 ýylyň dowamynda 100 000–den gowrak gul işledilipdir. Piramidalaryň iň beýigi faraon Heops piramidasydyr. Onuň eýeleýän meýdany 4,8 gektar. Onuň belentligi 147 metr, mundan 5 müň ýyl ozal, ýagny miladydan öň, XX asyrda gurlan. Heops piramidasynyň her tarapy 233 metre deň, töwregini bir gezek aýlanyp çykmak üçin 1 kilometre ýakyn ýol geçmeli. Bu piramida 2 million 300 müň blok daşlardan gurlan. Her bir plitanyň agramy 2 tonna ýakyn bolup, bir-biriniň üstünde hiç hili berkitmesiz ýerleşdirilipdir. Ululygy boýunça Heops minarasyndan 2 metr pes. Ol faraona bu-da azlyk edýär we ol piramidanyň öňünde gaýa galdyryp, oňa baş bölegi adam kellesine meňzedip işlenen ýolbarsyň şekilini oýmagy buýurýar. Bu heýkel Sfinks diýlip atlandyrylýar. Sfinks obrazy ynsan ýaly dana we şir ýaly güýçlülik nyşanyny görkezýär. Ýerli ilat ony “Abu Hawl – zulum atasy” atlandyrýar.
4 лайков 189 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
08 окт 2021, 18:08
Bilmeli zatlar inlisce gecipdik suny++++like
ESSALAMUNALEÝKUM
08 окт 2021, 19:57
gaty gowy brawo like ban
Enejan
09 окт 2021, 10:06
Oran tasin zatlar likee bahaber
Men sho
09 окт 2021, 17:40
Like
Men sho
09 окт 2021, 17:40
Like
Men sho
09 окт 2021, 17:40
Like
Men sho
09 окт 2021, 17:40
Like
Men sho
09 окт 2021, 17:40
Like
Men sho
09 окт 2021, 17:41
Like
Men sho
09 окт 2021, 17:46
Like