SAMSUNG-KÄRHANASY HAKYNDA

Dünýä belli Samsung kärhanasy 1938-nji ýylda Li Býung Çul tarapynda Günorta Koreýada guruldy. Iň esasysy Samsung Elektronika önümçilik kärhanasydyr. Samsung sözi hanja ýagny koreý dilinde 3 ýyldyzly diýmekligi aňladýar. Ol ýyldyzlar şulardan ybaratdyr: beýik,güçli we soňsuz.
Kärhana ilkibaşda balyk,gök önüm we miwe satmak üçin guruldy. Soňra işini bugdaýy üwemek un etmek we şeker öndürmek üçin ulandy. Ahyrynda bolsa elektronika önümlerini öndürmek üçin maýa goýumlaryny goýmaga başlady. Ilkibaşda enjamlary awtoulaglarda has ýörgünli depginde ulanyldy. Soňra öý hojalyk elektronik enjamlaryny öndürmäge başlady.Telewizordan,doňduryja çenli köp enjamlaryň markasynyň patentini aldy.
Soňky döwür has köp telefon öndürmäge üns berdi. Samsung marka telefonlaryň gün-günden alyjysy artýar. Dürli öwüşginler,bir-birinden tapawutlanýan telefonlary öndürmek bilen beýleki bäsdeş kärhanalary öz yzynda goýýar. Häzirki wagtda esasy çekeleşikli kärhanasy meşhur Apple kärhanasydyr.
2 лайков 119 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
08 окт 2021, 18:11
Like+++
ESSALAMUNALEÝKUM
08 окт 2021, 20:02
like bahaber