Müsür pramidalary näme üçin guruldy?
Müsür piramidalary (ähremleri) - esasan, faraonlary jaýlamak üçin gurulan äpet binalardyr. Bize mälim bolan iñ gadymy piramida Müsüriñ üçünji nesilşalygy döwründe bina edilen we arhirektor Imhotebiñ proýekti esasynda gurlan basgançakly piramidadyr.
Piramidalar gurlanda işledilen işçiler, gurluşykçylar we bu syrdan habarly kim bar bolsa, uçdantutma öldürilýän eken. Şol syrly binalaryñ biri bolan Heopsyñ piramidasy dünýäniñ ýedi täsinliginiñ biridir.
Müsür piramidalarynyñ çetin syrlaryny çözmek ençeme asyr bäri alymlara başardanok. Bu täsin binalary kimleriñ gurandygy, nähili we näme üçin gurandygy belli däl. Piramidalaryn aýratynlyklarynyñ üsti açyldygysaýyn adamzat bu binalara barha beter haýrana galýar. Syrlary häzirem çözülmän galan piramidalaryñ şular ýaly geñ-tañsy aýratynlyklary bar:
- Piramidadaky daşlaryñ her biri 20 tonna. Bu daşlary getirip bolaýjak iñ ýakyn menzil hem piramidalardan ýüzlerçe km uzakda. Dürli-dürli çaklamalaryñ orta atylýandygyna garamazdan, nu daşlaryñ nirden we nädip getirilendigini häzirem anyklap bilenoklar.
- Piramida kimiñ adyna gurulan bolsa, onuñ piramidadaky mumyýalanyp goýlan otagyna ýylda iki gezek Gün şöhlesi düşýär. (Doglan we tagta çykan güni).
- Mumyýalanan tabytlarda radioaktiw madda barlygy üçin mumyýalary ilkinji tapan 12 alyma rak keseli ýolugyp aradan çykdy.
- Piramidalaryñ içinde hiç hili elekrtik enjamy, aragatnaşyk serişdesi işlemeýär. Munuñ sebäbini bolsa hiç bir alym bilenok...
- Hapa suwy birnäçe günläp piramidanyñ içinde dursa, birküç günden soñ arassaja içibermeli suwa öwrülýär.
- Piramidanyñ içinde süýt birnäçe günläp üýtgemän saklanýar we ahyrsoñy zaýalanmazdan gatyga öwrülýär.
- Ösümlikler piramidanyñ içinde has çalt ösýär.
- Piramidanyñ içinde bäş hepde galan suwy ýüz kreminiñ deregune ulanybermeli.
- Zibil taşlanýan gabyñ içindäki iýmit galyndylary piramidanyñ içinde yslanmazdan mumyýalaşýar.
- Kesilen, ýanan we sypjyrylan ýaralar piramidanyñ içinde has çalt bitýär.
- Piramidalaryñ käbir otaglarynyñ içinde näme bardygyny häzirlerem bilip bolanok. Alymlaryñ köpüsi ol otaglaryñ içinde dereksiz ýitdiler, ýa-da şol bir duran ýerlerinden näçe jan etseler-de, şol otaglaryñ içini görüp bilmediler.
' Uly piramidanyñ ugry Niliñ deltasyny iki deñ bölege bölýär.
- Uly piramida dünýäniñ gara gatlagynyñ merkezinde ýerleşýär.
- Piramida mähnet Gün sagady ýalydyr. Oktýabryñ ortasyndan martyñ başlaryna çenli onuñ kölegeleri pasyllary we ýylyñ uzaklygyny görkezýär. Piramida örtülen daş plitalarynyñ uzynlygy bir günüñ kölege uzynlygyna deñdir. Bu kölegeleriñ daş plitalaryñ üstüne düşüşine gözegçilik edip günüñ 0,2419 ýarymynda ýylyñ uzynlygy ýalñyşsyz hasaplanypdyr.
- Uly piramida bilen dünýäniñ merkeziniñ arasyndaky uzaklyk demirgazyk polýusyñ arasyndaky uzaklyga deñ we demirgazyk polýusy bilen dünýäniñ merkeziniñ arasyndaky uzaklyga deñ.
- Piramidanyñ beýikligi bilen töwereginiñ arasyndaky aralyk bir öýüñ ýarsy bilen arasyndaky aralygyñ deñine barabar. Dört gyrasy dünýäniñ iñ uly we haýran galdyryjy üçburçlugydyr.
- Gizedäki piramida dünýäniñ deñizleri bilen esasy kenarlaryny iki deñ bölege bölýär. Bu bolsa gury ýeriñ üstünden geçen iñ uzyn demirgazyk-günorta ugurly uzynlygy bolup bütin Ýer şarynyñ uzynlygyna barabar başlangyç nol nokadyny emele getirýär.
- Häzirki wagtda tehnologiýa taýdan dünýäniñ iñ öñdebaryjy ýurtlaryndan hasaplanýan Ýaponiýa hem Heops piramidasy ýaly binany gurmakdan ejiz gelýär. Turistler Heops piramidasynyñ içine goýberilmeýär. Munuñ sebäbini bolsa piramidanyñ koridorlarynyñ juda dar we dik bolmagyndan diýip düşündirýärler.
- Heops piramidasynyñ beýikligi 1 milliard bilen garşylaşdyrylanda Gün bilen Ýeriñ arasyndaky uzaklygy berýär (149.504.000 km).
- Piramidanyñ armazak işçileriniñ adatdan daşary tagallasy bilen günde 10 bölek daş bölegini üst-üstüne goýlupdyr diýip hasaplanymyzda-da, piramidadaky 2,5 million daş 250.000 günde, ýagny 664 ýylda gurlup gutarylmaly bolýar. Emma piramidalar 20-30 ýylda gurlup gutarylypdyr.
- Müsürdäki iñ uly piramida 30 ýylda gurlup gutarlypdyr. Bu piramidanyñ daşlary bilen Fransiýanyñ daş-töweregine boýy 3 metrlik diwar gurup bolýar.
- Piramidalaryñ içi tomsuna sowuk, gyşyna çendenaşa sowuk.
- Kosmos giñişliginde Müsürdäki piramidalara we Sfinksiñ hatarlanşyna gabat gelýän şekiller bar. Aýratynam piramidalaryñ bir ýyldyz toplumyna bakdyrylyp gurulandygy çak edilýär.
- Piramidalaryñ käbirinde kilometrlere uzaýan tuneller bar. Bu tunelleriñ käbiri näbelli duzaga alyp barýar, käbiri bolsa faraonyñ mazaryna alyp barýar.
- Faraonlaryñ mazarynyñ daglaryñ gaýalaryna oýulyp ýasalýan döwründe, mazaryñ gurluşygynda işlän işçileriñ ählisi hudaýlara gurban edilipdir. Bu ýowuz çäre mazar talañçylaryna garşy iñ gowy öñüni alyş çäresi bolupdyr.[1]
Belli ýazyjylarymyz Osman Ödäýew bilen Nobatguly Rejebowyñ gürrüñdeşliklerinden toplanan kitapda Nobatguly şahyr Müsür piramidalary barada şeýle pikirleri ýöredýär:
" - Müsüriň piramidalary hakynda müňlerçe kitap çykaryldy, birentek alymlar olaryň haýsydyr bir daşky gudrata esaslanandygyny tassyklasa, ýene bir topar alym ýalana çykarýar, üçünji topar alymlar bolsa ýaňadan ýalana çykaryp bolmajak detallary tapýar. Müsüri öwrenýän alymlary mydama bir zat haýrana goýýar. Müsürliler äpet-äpet piramidalary gurup, onuň pynhan ýerinde faraonlaryny jaýlap, diwarlaryna giden tekstleri ýazypdyrlar, emma piramidanyň iç diwarynyň hiç ýerinde çyranyň tüssesiniň garaldan ýeri bolsa ýok. Eýsem, olar elektrigi biläýdilermikäler? Tokdan peýdalandymykalar? Bu soraglara ýerden tapylan tapyndylar diýip dogry jogap berýärler. Müsürden, Yragyň territoriýasyndan dürli wagtlarda birnäçe küýzejikler tapylýar. Käbiriniň içinde haýsydyr bir sterženler, gaýry zatlar bitumlanypdyr. Alymlar oňa zirke guýup görýärler welin, olar batareýa eken, olaryň kömegi bilen ýönekeý yşyk alyp bolýar. Elektrik toguny! Uly dünýäde ýüz ýyl gowrak mundan ozal tapyldy diýilýän elektrik toguny olar dört-bäş müň ýyl mundan ozal, ýaňky ýaly ýönekeý batareýalar arkaly ulanypdyrlar".
Gürrüñdeşligi Osman Ödäýew şeýle dowam edýär:
" - Piramidalarda syr gaty köp. Häzir tutuş Müsüriň esasy girdejisi turistlerden gelýär. Şunda piramidalaryň garawullary bir zada üns berýärler. Turistleriň galdyran-gaçyran zadyndan iýip-içip ýören sansyz pişikler piramidalaryň içine girip ýitip gidýärmiş. Garawullar olar porsar öýdüp gorkýarlar, emma görlüp-oturylsa, olar piramidanyň labirintlerinde azaşyp, yzyny tapman ölýärler, emma porsaman emeli usulda öz-özleri mumiýalaşaýýar eken. Munuň sebäbini alymlar çalt tapýarlar. Olar piramidanyň şekilini – maketini ýasap, birini Gizadaky piramidanyň ýerleşişi ýaly ýerleşdirýärler, beýlekisini bolsa onuň tersine. Maketiň hersiniň içine bir bölek et goýup görýärler. Asylky piramidanyň durşuna ters ýerleşdirilen maketdäki et üç günden zaýalanyp porsaýar, emma piramidanyň durşy ýaly goýlanda bolsa et mumiýalaşýar. Zaýalanmaýar. Piramidanyň bar gudraty onuň asman energiýasyna gabat getirilip goýluşynda eken. Bir alym hatda ondan ylmy açyşy üçin patent hem alýar. Ol alym köne lezwini iki döwüp bir taýyny dogry maketde, bir taýyny bolsa ters maketde goýýar. Bir hepdeden alyp görseň, dogry goýlan maketdäki lezwi täze ýaly ýitilenipdir, ters maketde goýlan öňküsi ýaly durupdyr. Piramidalar asman güýçlerine şeýle bir matematiki takyk goýlupdyr welin, alymlar bu gudrata ýöne agzyny açaýýarlar".
Nobatguly şahyr Osman aganyñ aýdanlaryny makullap piramidalar baradaky pikirlerini şeýle jemleýär:
" - Piramidalar bilen bagly gudratly wakalar gaty köp. Ine, olaryň biri: 1923-nji ýylyň 13-nji fewralynda iňlis lordy Kernarwanyň pul bilen üpjün edilmeginde Karteriň ekspedisiýasy Tutanhamon piramidasynyň içindäki gizlin guburhanasyny tapýar, onuň möhürini syndyryp, kümmede girýärler. Arheolog Karter bilen lord «Faraonyň asudalygyny bozan adama ölümiň çarşagy sanjylar» diýlip ýazylan tagtajygy tapýar, dessine ony ekspedisiýanyň toparyndan gizleýärler, çünki ozal hem gudratly diýlip halys-alla ynanýanlar girmekden boýun gaçyrar öýdüp gorkýarlar. Olar kümmedi açyp başlanlarynda ýene şonuň ýaly haýbat atýan dogany tapyp, onam gizleýärler. Garasaý, Tutanhamonyň faraonlyk baý hazynasyny açyp, faraonyň mumiýalanan jesedini hem Kairdäki muzeýe tabşyrýarlar. Şol gije ekspedisiýany pul bilen üpjün eden, hem oňa gatnaşan lord gyzdyryp, üşedip, özünden gidip, yzýanam ölýär. Kairdäki iňlis lukmanlary oňa diagnoz hem goýup bilmeýärler. Şundanam «Faraonyň gargyşy» başlanýar. Sähelçe ýylyň içinde ekspedisiýa gatnaşanlar, olar düşnüksiz kesele uçranynda gapdalynda oturanlar ölüp başlaýar. Ýüzlerçe tomaşaçy muzeýdäki mumiýany görmäge baranynda has eýmenç waka bolýar. Aýna sarkofagyň içinde ýatan jeset elini gapdala taşlaýar, aýna sarkofag döwülýär, jeset gorkunç ses edip, boýnuny bir tarapa gyşardýar. Jesedi synlamaga baran toparyň ýagdaýyny göz öňüne getir. Ertesi gazetleriň sensasiýalary bütin dünýäniň endamyny jümşüldedýär...
Ekspedisiýa gatnaşan adamlaryň ählisiniň ölümi gaty geň ýagdaýda bolýar, ýaňky aýdyşymyz ýaly, wraçlar anyk diagnoz hem goýup bilmeýärler. Ýigrimi-otuz ýyldan soň alymlar piramidanyň içinde müňlerçe ýyl bäri ýaşap ýören awuly kömelejikler howanyň üsti bilen olaryň endamyna ýelmeşip, dem alanynda içine gidip öldürendir diýip netijä gelýärler. Ikinji alymlar topary olaryň çaklamasyny ýalana çykaryp, piramidanyň içiniň howasy radioaktiw elementler bilen zäherlenip, radioaktiw «gorag» goýlandyr diýen wersiýany öňe sürýär".[2]
Eýsem, Müsür piramidalarynyñ syryny haçan doly we dogry düşündirip bolarka? Belkäm, gelejekde alymlar muny anyklap biljek goşmaça maglumatlaryñ üstünden barar? Ylym häzirlikçe muña jogap tapardan ejiz görünýär...
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.