BAR GEREK ZAT — BU BIR ÇUŇŇUR IDEÝA

Bu sowallara jogap bermek üçin biz on üç ýörelgäni (prinsipi) düzdük.
Ýöne ýatda saklaň, okaýan wagtyňyzda, durmuşyň geň-taňlyklary hakynda
oýlanyp, gözleýän jogabyňyzyň öz aňyňyzdan, okaýarkaňyz döräp biljek
haýsydyr bir ideýadan, meýilnamadan ýa-da maksatdan tapylmagy hem
mümkindir.
Bir sagdyn ideýa — ynha, üstünlige ýetmek üçin ähli gerek bolan zat şu.
Bu kitapda beýan edilen ýörelgeler (prinsipler) öndümli ideýalary bişirmäge
kömek edýän usullary özünde jemleýär.
Bu ýörelgeleri (prinsipleri) beýan etmäge çuňlaşmazdan öňinçä, biz bir zady
bellemegi wajyp hasap edýäris. Adam baýap başlanda, onuň baýlygy köplenç
halatda güýçli depginde ösýär welin, geçen agyr ýyllaryň dowamynda bularyň bary
nirde gizlendikä diýip, biygtyýar halda oýlanýarsyň.
Bu haýran galdyryjy kesgitleme. Eger biz baýlygyň diňe uzak hem-de
agyr zähmet çekýän kişilere ýetdirýänligi hakyndaky giň ýaýran düşünjäni
ýatlasak-ha, has-da şeýle. Emma siz oýlanyp hem baýap başlasaňyz,
baýlygyň, ilkinji nobatda, akyl ýagdaýy bilen, maksadyň anyklygy bilen
baglydygyny, agyr zähmet bilen bütinleý ýa-da bütinleý diýer ýaly derejede
bagly däldigini aňşyrarsyňyz. Şonuň üçinem siz, her bir adam hem baýlyga
eýe bolmaga mümkinçilik berýän akyl ýagdaýyna nädip ýetip boljaklygy
babatda oýlanmaga borçludyr. Men bu meseläni ýigrimi ýyllap öwrendim,
sebäbi «baýlaryň nädip baý bolýandyklaryny» meniň hem bilesim gelýärdi.
Bu filosofiýanyň ýörelgelerini (prinsiplerini) özleşdirip, şol ýörelgeleri
(prinsipleri) peýdalanmak boýunça gönükdirmelere eýerip başlan badyňyza,
siz maliýe ýagdaýyňyzyň ýokarlanyp başlandygyny, nämäni elleseňiz, onuň
size girdeji getirýänligini duýarsyňyz. Mümkin däl? Asla beýle däl!
Adamzadyň esasy gowşak taraplarynyň biri — ortatap adamyň
«mümkin däl» diýen sözde ünsüni jemleýänligidir. Bu adam hereket
etmeýän we etmejek düzgünleriň ählisini bilýär. «Etmek mümkin däl» zatlaryň baryny bilýär... Ýöne bu kitap beýlekiler — eýýäm kimdir birine
üstünlik getiren usullary we ýollary gözleýänler üçin, bu usullary we ýollary
peýdalanmakda ähli zadyna töwekgellik etmäge taýýar kişiler üçin ýazyldy.
Üstünlik onuň ugrunda bolan adamlara, üstünlige laýyklykda pikirlenýän
kişilere ýetdirýändir.
Ýeňlişiň ugruna yňýan adamlara, oňa laýyklykda pikirlenýän kişilere
bolsa ýeňliş garaşýandyr.
Bu kitabyň maksady — öz aňyny ýeňlişe mahsus bolan bölekden
üstünlige mahsus bölüme geçirmek isleýänlere kömek etmek.
Juda köp kişä mahsus bolan beýleki bir gowşaklyk bolsa, hemme zat hem-de
hemme kişi barada özünde galan täsirlere we ynançlara laýyklykda netije çykarmak
endiginden ybaratdyr. Okyjylaryň käbiri «oýlanyp baýamagy» başarmaryn diýip pikir
ederler, sebäbi olaryň pikirleri gedaýlygyň, betbagtçylyklaryň, şowsuzlyklaryň we
ýeňlişleriň şertlerinde kemala gelen.
Bu adamlar maňa amerikan bilimini almak üçin Amerika gelen bir
hytaýlyny ýatladýar. Ol Çikagonyň uniwersitetinde okaýar eken. Bir gezek
kollejiň prezidenti bu gündogarly ýaş ýigit bilen howluda gabatlaşypdyr-da,
onuň bilen biraz gümür-ýamyr etmek üçin säginipdir. Ol garaýagyz
amerikalylar babatda iň bir özüne çekiji zadyň näme bolanlygyny sorapdyr.
— Elbetde, siziň gözüňiziň geňligi. Siziň gözüňiz gyýyk däl! — diýip, talyp
jogap beripdir.
Bu hytaýly barada näme aýdyp bolar?
Biz düşünmeýän zadymyza ynanmakdan ýüz dönderýäris. Biz paýhassyzlyk bilen,
özümiziň çäkliligimizi ähli zadyň ölçegidir diýip hasap edýäris. Elbetde, beýleki biriniň
gözi «gyýyk» däl. Ol diňe biziňkiden tapawutly.
0 лайков 75 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.