Milli ideýa

Her bir döwletiň milli ideýasy bolmaly, ideýasyz döwlet tokaýda azaşan gyzjagazdan gowy däl. Milli ideýanyň näme aňladýanyny gowy düşüner ýaly käbir döwletlerde mysal getireýin:

ABŞ-larynyň milli ideýasy demokratiýa, hususy eýeçilik we kapitalizm.

Ýewropa ýurtlarynyň milli ideýasy adam hukuklaryny goramak, şahsýete sylag. Şol sebäpden Ýewropada geýleriň hereketi ösýär.

Musulman ýurtlaryň milli ideýalary yslam dini bilen baglanşykly. Muhammet pygamberiň (s.a.w) ýoluny dowam etmek, yslam dinini ýer ýüzüne ýaýmak.

Ýewreýleriň milli ideýasy Ysraýyl ýurduny dikeltmek, öz "watanlaryny" gaýdyp almak, ol ýerden araplary kowmak.

Ruslar barada aýdaňda olar şu wagt milli ideýalaryny ýitirdiler we şol ideýanyň gözleginde.

SSSR döwletiniň milli ideýasy köplere belli bolşy ýaly komunizm jemgiýetini goramakdy, eger başa barsa başga kommunist ideýaly döwletlere goldaw bermek we kapitalizmi ýok etmek.

Nemesleriň milli ideýasyny öz wagtynda Adolf Gitler ýazyp berdi. Ol ideýalar hem köpümize mälim bolsa gerek?

Meň bilýänje milli ideýalarym şulardan ybarat. Elbetde bulardan başga maňa Eýranyň we Türkiýäniň milli ideýalary gyzykly, ýene bilip bolsa Hytaýyň milli ideýasy hem gyzykly. Eger bilýän bolsaňyz teswirlerde ýazyň.

Milli ideýa ýok bolanda döwlete nähili zyýan ýetýär? Milli ideýa ýurduň ösüş ugruny aňladýar, eger ösüş ugry ýok bolsa, diýmek, onuň ters tarapy bar. Ýurtda çykýan ähli kanunlar edilýän işleriň barsy, milli ideýa hyzmat etmeli. Milli ideýa ýoklygynda çykýan kanunlar bir birinden bolgusyz we manysyz bolýar, beýle ýagdaýlary Russiýa Federasyýasynyň mysalynda görse bolýar. Ondan başga milli ideýa watançylyk duýgularyny güýçlendirýär, halky bitewileşdirýär.

Rahman ZULFIKAROW.
6 лайков 244 просмотров
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Serdar
08 фев 2022, 22:46
Russiya name bolupdyr beyle?
Liwerpul_fc
08 фев 2022, 22:55
Seri,
Gowy sorag
Hiayres
09 фев 2022, 00:03
Maşynda motor, adamda ýürek, ýurtda milli ideýa (konsepsiýa) herekete getirýän, ösüşe sary iterýän güýç. Ideýasyz döwlet başsyz adam mysalydyr. Elinem, aýagynam, göwresinem, syrtynam kontrol edip bilmez.
Hiayres
09 фев 2022, 00:12
Hakykatdanda Russiýa çuňňur batga läbigine çümüp gitdi. Ol diňe geljegini dälde, geçmişini, beýik rus milletiniň geçen ýoluny, edähetini, abraýyny, ýüzüni, milliligini we bilimini ýitirdi.
Liwerpul_fc
09 фев 2022, 00:37
Цитата: Hiayres
Hakykatdanda Russiýa çuňňur batga läbigine çümüp gitdi. Ol diňe geljegini dälde, geçmişini, beýik rus milletiniň geçen ýoluny, edähetini, abraýyny, ýüzüni, milliligini we bilimini ýitirdi.

Haçan,nädip,nirde?
Liwerpul_fc
09 фев 2022, 00:43
Hiayres,
"Batga çümdi"?? Nämä esaslanyp ýazdyň? Gelejegini nädip ýitirdi? Edähet,abraý,ýüz,millilik,bilim bulary haça ýitirip ýörkä ol?
Liwerpul_fc
09 фев 2022, 00:43
*haçan
Hiayres
09 фев 2022, 01:39
Цитата: Liwerpul_fc
Цитата: Hiayres
Hakykatdanda Russiýa çuňňur batga läbigine çümüp gitdi. Ol diňe geljegini dälde, geçmişini, beýik rus milletiniň geçen ýoluny, edähetini, abraýyny, ýüzüni, milliligini we bilimini ýitirdi.

Haçan,nädip,nirde?

Her birini anyk düşündirmek üçin giden makalalar, ylmy işler ýazmak gerek. Ýöne birki sanysyna ýüzleý seredip geçeýin. Rus ýada Russiýa diýlende - taryhda beýik döwlet bolarak köküni uran, güýç-kuwwatda, ylym-bilimde, ykdysaty-syýasatda ilkinji orunlarda duran, dünýäniň ösüş prosesine ummasyz täsirini ýetirip bilen Rus imperýasy ýada SSSR göz öňüňe gelýär. Hemme zatda ilkinjileriň hatarynda bolan, Puşkin, Tolstoý, Dostoýewski, Çehow, Lermontow, Ýesenin, Maýkowskiý, Gorkiý, Gogol ýaly dünýä belli ýazyjy-şahyrlaryny, Mendeleýew, Stoletow ýaly alymlary we Gagarin ýaly kosmonawtlary dünýä getiren beýik rus milletinde ýada döwletinde şu günki gün näme galdy?! Ylym-bilim geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan soň ikinji, üçinji orunlara süýşürildi, ykdysadyýet çökdi ýene-de çöker, halkyň hal ýagdaýy ýaramazlaşdy, dünýä kartasyndaky syýasy ornuny ýitirdi, çetde çökde oturan "izgoý" döwletleriň hataryna goşuldy, iň ýaman ýerem "milli ideýasy" ýok ýada ýitirdi. SSSR döwründe milli ideýa kommunizm, soňan sosializm bolan bolsa, Beýik Rus imperýasy döwründe imperializmdy. Indi näme woýenny şantaždan we awtoritarizmden başga näme galdy?! Halk haýsy ýana barýanyny bilmeýän, bir döwüm çöregiň yzynda hars urup ýören mala öwrüldi. Döwlet sistemasy parahorlugyň gol astynda çüýredi.
Liwerpul_fc
09 фев 2022, 07:17
Hiayres,
Ýazmaga zat örän we örän köp. Seň ppikiriň bilen düýbünden ylalaşamok şepe." Dünýä kartasyndaky ornuny ýitirdi,halkyň ýagdaýy ýaramaz,güýç-kuwwatda,syýasatda ilkinji orunlarda durupdy we eýle-beýle". Öňki Rus imperiýasyndan şu wagtky Rossiýaň abraýy hemme taraplaýyn güýçli dälmi?( SSSR,ol uže başga tema) Bilim derejesi pesmiş,o nähili pes bolýa? Daže koronawirusa garşy waksinana'ma ruslar tapdy ilki. Garaz aýtmaga zat köp. Işe howlugýan,yzyny dowam etmek meýliň bolsa agşam gelerin
Hiayres
09 фев 2022, 07:44
Liwerpul_fc,
Koronowirusa garşy waksina (sputnik-v) barlaglardan geçmedik we dünýä ýüzünde tassyklanmadyk. Syýasy orny hakda aýtmaly bolsa öň dünýäniň ösen sekiz döwletiniň (G8) içine girýärdi, ondan çykardylar, agresiw syýasaty üçin gatnaşyklary kesdiler we sanksiýa saldylar. Indi hiç uly ýygnanşyklara çagyrylmaýar, diňe tebigy baýlygy üçin bolmysyň diýip adyny tutaýmasalar barmysyňam diýilmeýär. Ykdysadyýeti barada aýtmaly bolsada şonça tebigy baýlyga eýe bolan ýurt üçin halky garyp ýaşaýar. Ilatyň Hal-ýagdaýy peselýär we sany artýar. Ýurt ykdysadyýeti diňe tebiga baýlyklara (esasan hem nebit-gaza) bagly, başga pudaklar (elektronika, azyk-önümleri, transport gurluşy we ş.m) çüýräp ýatyr. Oň üstünede biznis sektorynda kriminal we parahorluk höküm sürýär.
Enegul
09 фев 2022, 07:55
???
Şamuhammet
09 фев 2022, 08:21

Bul aýdýanlaryň hälki nemelerde-de bar, düşünensiň-le.

Biziň Milli ideamyz Garaşsyz Bitaraplykmyka?
Liwerpul_fc
09 фев 2022, 08:30
Hiayres,
Agşam "ajy" çaýyň başynda dowam etdireris. :)
Hiayres
09 фев 2022, 08:35
Jeksparro,
Bilemok ☹️. Garaşsyz, Bitarap döwlet üçin milli ideýaňy "Garaşsyzlyk, Bitaraplyk" etmeklik nädereje dogruka?! Sebäp eýýäm ýetilen sepgit. Milli ideýa diýmeklik, seni öňe gitmäne, hereket etmäne, özgermäne itergi berýän güýç bolmalymyka diýýän, a ne geçilen ýol.
Hiayres
09 фев 2022, 08:36
Liwerpul_fc,

Tapawudy ýok. :)
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 12:37
Biziňki Sanly ulgam)
menembiri
09 фев 2022, 13:46
Цитата: Nairobi
Biziňki Sanly ulgam)

????
Belki
09 фев 2022, 14:00
Syýasat bir diýmäñ :)))
Atsyzatly
09 фев 2022, 14:15
Цитата: Belki
Syýasat bir diýmäñ :)))

Syýasat diýilse alysda bolup geçýän hadysa dälde, gündelik durmuşymyzda bolup geçýän wakalaryň jemini düzýän ugurdyr, jora. :)
Döwlet Şöhradow
11 фев 2022, 01:53
Howa