Alymlar 67 ýyl bäri ýuwunmadyk adamyň saglyk ýagdaýyny öwrendiler

Täsin durmuş obrazyny dowam etdirýän 87 ýaşly Amu Hoji Eýranyň Dežgah obasynda ýaşaýar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, muňa seretmezden, Amu Hojiniň saglyk ýagdaýy örän gowy. Bu barada «Daily Star» habar berýär.

Amu Hojiniň aýtmagyna görä, ýuwunmak oňa şowsuzlyk getirýärmiş. Bu ýagdaýyň yzygiderli gaýtalanyp, ölüm howpuny orta salmagyndan gorkan eýranly erkek ýuwunmakdan bütinleý ýüz dönderipdir. Onuň gündelik iýýän iýmitiniň düzüminiň esasan hem, doňuz we beýleki haýwanlaryň çig etinden ybarat bolmagy-da geň ýagdaýdyr. Şeýle hem ol suwy hem gaýnatman, gönüden-göni çeşmeden alyp içýär. Onuň adaty bolmadyk bu durmuş keşbi Amu Hoja dost tutunmak meselesinde ilkibada kynlyk döretdi. Emma soňabaka oba ýaşaýjylary Hojiniň ýaşaýşyny dowam etdirişine geň galyp, oňa bir külbejik gurup beripdirler. Ondan öň Hoji ýer astynda gazylan bir çukurjykda ýaşaýar eken.

Indi birnäçe wagt bäri külbede ýaşaýan bu adamyň saglyk ýagdaýyny öwrenmek üçin lukmanlar ony birnäçe derňew barlaglaryndan geçirdiler. Özüne adaty adamlaryň iýmitinden düýpgöter tapawutly bolan iýmit rejesini düzen Hojiniň saglyk ýagdaýy lukmanlary örän geň galdyrdy. Çig etler bilen iýmitlenýändigine garamazdan, onuň saglyk ýagdaýynda howatyrlanmaga hiç hili sebäp ýok eken.

Barlag geçiren lukmanlar bu hili iýmitlenişde adam bedeninde mugthorlar bilen baglanyşykly döräp biljek dürli kesellere duş gelinjekdigine ynanýardylar. Emma olar derňew işlerinde bu hili ýaramaz ýagdaýlaryň üstünden hem barmadylar. Lukmanlar, gaýtam, onuň immuna ulgamynyň güýçlüdigine göz ýetirdiler. Bu bolsa dürli keseller bilen kesellemegiň öňüni alýan ilkinji şertleriň biridir. Hojide gepatit we SPID kesellerini anyklamak üçin hem derňew geçirildi. Emma onda diňe asemptomatik trihinelez infeksiýasy anyklanyldy.

«TürkmenGazet».
1 лайков 285 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
doctor
06 фев 2022, 20:20
Yuh shunca yyl yuwunman kesellemandiray tuweleme nadip nan iydika dalii
Mona Lisa
Автор 06 фев 2022, 20:32
Цитата: doctor
Yuh shunca yyl yuwunman kesellemandiray tuweleme nadip nan iydika dalii

Nädip gezdikä diysene)
ESSALAMUNALEÝKUM
06 фев 2022, 20:44
menä 3 gün suwa düşmesem ýatybam bilemok
ESSALAMUNALEÝKUM
06 фев 2022, 20:44
menä haýrana goýdy bu adam
doctor
06 фев 2022, 20:48
Yokla iki gun gecse bolmaya weli bul adamyn hereketi shok etdi cykyp bilman otyryn
Цитата: ESSALAMUNALEÝKUM
menä 3 gün suwa düşmesem ýatybam bilemok
doctor
06 фев 2022, 20:49
Uff sineklere nadip cydap ay ey yatlama voz onime gelia sineklap garynjalap yatany fuuu atuw
Цитата: Mona Lisa
Цитата: doctor
Yuh shunca yyl yuwunman kesellemandiray tuweleme nadip nan iydika dalii

Nädip gezdikä diysene)
Mona Lisa
Автор 06 фев 2022, 20:50
Цитата: doctor
Uff sineklere nadip cydap ay ey yatlama voz onime gelia sineklap garynjalap yatany fuuu atuw
Цитата: Mona Lisa
Цитата: doctor
Yuh shunca yyl yuwunman kesellemandiray tuweleme nadip nan iydika dalii

Nädip gezdikä diysene)

Siňekläp, garynjalanyny gören ýaly etdiňle senem
doctor
06 фев 2022, 21:02
Gyw shonca yyl yuwunmasan sinek gartnjadan bashga adama barmaya yanyna dalii Mona Lisa,
Mona Lisa
Автор 06 фев 2022, 21:17
Цитата: doctor
Gyw shonca yyl yuwunmasan sinek gartnjadan bashga adama barmaya yanyna dalii Mona Lisa,

Goysana gyy sen-ä edil şoň ýagdaýyny öň gören ýaly etdiňle:))
doctor
06 фев 2022, 21:26
Yoklay shaherde kop gabat gelia shapuan bn suwa gysganyp yuwunmayanlar:)Mona Lisa,
the_end
06 фев 2022, 22:09
монголияда бар бу адат.ювынмак,кирини докмек билен ол адам багтыны хем ювып айырып биляр диййар журнал (вокруг света
2017 санында)эсасанам 15 яшдан 21 яш аралыкда ювынаноклар,дурмыша чыкжак гызлар.....ойленжек йигиде небсим агырып гитди(((
Liwerpul_fc
07 фев 2022, 01:08
Eýranda doňuz eti name
Leyli Amanowa
07 фев 2022, 14:28
Her hili ys gelip başlady
Mona Lisa
Автор 07 фев 2022, 18:01
Цитата: Nairobi
Her hili ys gelip başlady

Hahaha eýýäm ysam baradymy şol adamyň?:)