Bir zady nädip ösdürmeli?

Saýdy aktiw etmek barada pikirler gozgaldy. Öz pikirlerini beýan etdiler, käbir zatlary maslahat berdiler. Menem gyzgalaňly pikir alyş-çalşygy bolup durka, gyrada synlap duran tomaşaçy deýin, ilki "aýdaýynmy, aýtmaýynmy" diýip oýlandym. Ýöne aslynda hem hiç kim anyk we dogry çykalgany bilenok, menem ýol görkeziji bolaýyn, elbetde käbir maslahatlar bilen. Aýdýan zatlarym diňe saýdy däl-de, islendik bir zady ösdürmek babatynda göz öňüne tutulyp bilner. Makalaň adynam şol sebäpli şeýle ýazdym. Biz bir zady ösdürmegi 3 faktora baglarys. Eger şu 3 zat dogry ýerine ýetirilse, islendik bir zady ösdürip bilersiňiz, size kepil, Ahtopot kepili.

1. Şertlerden habardar bolmak.
Telekeçileriňem düşünjesizdigini ýaňy-ýakyn öwrenip başladym. Ýanymyzda bir market açyldy, edil Marydaky Belent ýaly, ullakan bir köşk edil. Belentden kiçiräk elbetde. Ýaşaýan şäherimiziň ilat sany az. Bu köşk ýaly markedimize bir girseňiz, içiniň owadanlygy we gymmat harytlar sizi haýrana goýar. Iň aşagyndaky bölüminiň bir tarapy tutuş bir dükan, içinde et önümleri, süýt önümleri, ýagny azyk harytlarynyň hemmesi bar. Ýokarky gatlar bolsa has ajaýyp, bir surata düşüp 50 million gezek imo-da paýlaşýanlaryň hökman görmeli ýeri. Tüweleme-tüweleme, örän gowy. Gowy welin, bir mesele bar. Olam telekeçiniň öňümüzdäki ýyllarda bokurdagyna çenli batjagy.
Şäherde şeýlede adam az, gije köçä çykýan ýok. Netijede, barýan adam ýok, hiç kim ýok how. Hany bir gidip göreli diýdik, ençeme bölümi boş, Silent Hill-da gezip ýören ýaly. Sähelçe adam bar olaram söwda üçin däl, aýlanmak üçin barypdyrlar, gepiň gysgasy, biz ýaly eli boşlarda. Edil gyrasynda bolsa ullakan bazar bar, ullakan bazar barka, we has amatlyka, baryp marketdan kim söwda etsin? Ilki adam pikirlenmeli, "men şu ýerden bir zat açjak welin, peýdaly bolarmyka" diýip, pikirlenmeli "men şu ýerden zat açjak welin töweregimde ullakan bazar bar, adamlar näme üçin gelsin" diýip, pikirlenmeli "bu şäherde adam örän az, men açsam bu ýerik iň köp gelse 50 adam zordan geler" diýip. Ilki bilen saýlan ýerini geçdim, saýlan şäheri dogry däl. Gezip ýörkäk içimi gepletdim, "beýbä bula 10 ýylyň içinde-de çykdajyny ýapyp bilmez" diýip. Ýanymdaky dosdumam içimi okan ýaly "muňa 10 milliarda gidendirow" diýdi, şansly tarapym dosdum men ýaly düşünjeli däl gynansakda.)) 10 milliardyň näme, diňe agzyndaky markediň ullakan we owadan ady hem 300 million bardyr. Markede jemi 100 milliardan köp çykandygyna kepil geçip bilerin ýöne subut edip bilmerin. Sen çykdajyny nädip yzyna aljak? Işgärlere "bu gün söwda ýok" diýip düşündirip bilmersiňä, olar "pulumy ber" diýerler.
Indi şu zady aýtdym, sebäbi size bir zat düşündirmekçi. Bir zady etjek bolaňda ilki hemme zady pikirlenip görmeli, ýeri, töweregi, şertleri, mümkinçilikleri. Meselem şol tekekeçi önüm öndürýän bir zat saldyran bolsady, ol markeda çykarjak milliardlaryň 1 milliardyny halky aldap ilkinji 10 aý arzan satyp pida etsedi, yzyny gaty gowy ýöredip bilerdi, elhenç söwda bolardy. Bir zady açmakçy ýa-da ösdürmekçi bolsaňyz, nähili ýerde durandygyňyzy gözden geçiriň.

2. Reklama etmek.
Näme üçindir adamlar reklamanyň nä derejede wajypdygyny bilmejek derejede düşünjesiz? "Düşünjesiz" sözüni ýörite saýladym sebäbi bu örän köp zady täsirleýär, ýagny köp zada bagly. Ýaňky telekeçimiziň düşünjesizliginiň nämeleri täsirleýändigini we nämelere sebäp bolýandygyny gördük. Muny geçeliň, ol telekeçi indi reklama etsede peýdasy ýok. Meniň aýtjak zadym şeýle, reklama islendik zatda hem birinji orunda durýandyr. Reklama bolmasa eden işiň ussat işi bolsun, tapawudy ýok, ünsi çekmekde başarnyksyz bolýar. Ýa-da size psihologiýadan bir mysal bereýin, siz birine yzygiderli (garşylyksyz) ýagşylyk etseňiz, ol kişi size hormat goýmak ýerine sizi haýwan ýerine goýup başlar. Sebäbi adamlar aňsat edilen zada üns bermeýärler. Şol sebäpli (bular birhilem bolsa hakykat) eden zadyňyzy bir zat edip reklama etmek gerek, "men saňa şu zatlary şeýdip etdim" diýip, eden kömegiň seniň üçin nähili wajypdygyny görkezmeli. Meselem bir dosdum imo-da (başga işi ýok ýaly) akkaunt açypdyr, menden soraýar "dosdum bir zat edip ösdürelile şuny" diýip. Birinji etmeli zady reklama. We reklama üçinem ilki gowja pul çykarmaly, reklama etdirmeli müňlük akkauntlara. Käbir akkauntlar bardyr, agza sanlary meniň ýatýan sagatlarymyň jemindenem köp. Bir zat diýseler ol diýen zatlary arkaýyn ençeme kişiniň pikirini üýtgedip biler. Bir akkaundyň 20 müň agzasy bardy, bu kişi bilen sögüşmek gaty ýalňyş saýlaw bolardy. Hemme sosial medialardaky blogger-lara adamlar reklama etdirýärler. Käbir kişiniň paýlaşýan zatlaryndan reklamasy köp. Her geçen gün reklamalaryň saýasynda ösüşden düşenoklar. Açdyň imo-da bir hasap, içinde adamlar kontaktdaky adamlaryňdyr. Öz güýjiň bilen diňe 300 adama ýetip bilersiň. Şol sebäpli ilki örän oňat, we adamlary özüne çekiji reklama suraty ýasap, muny paýlaşmaly. Şeýdip ýuwaş-ýuwaş ösüp başlaýaň, soň reklama gerek ýok, bellibir derejeden soň, agzalaryň seniň suratlaryňy paýlaşýandygy üçin dowamly gelip durýarlar. Maşyn satjakmy, jaý satjakmy, pikiriňi goldatjakmy, önümiňi satjakmy, gaty oňat reklama et. Reklama edeňde unutmaly däl zadyň, olam reklamanyň maksadynyň has köp adamlara ýetmegi. Ýagny bir kişiniň ýanynda durup 2 günläp duşuşmadyk joranyň geplerini biri-birine gürrüň berşi ýaly janygyp gürrüň bermegiň ähmiýeti bolmaz.
Men şu saýdyň admininiň saýdy ösdürmek ýaly niýetiniň bardygyny pikir edemok. Admin diňe bir saýt açypdyr, kän zada garaşanok ýaly. Saýdy ösdürmek dagy gaty aňsat. Hemme kişi şol bir zatlardan bizar boldy, bendeler pikirlere aç. Göni 2 aýyň içinde 2000 adamy jemläp bilerin, ýöne jemlämok, sebäbi hususy zadym däl, biraz egoizm.

3. Içerki zatlar.
Edýän işiň gowy bolmasa reklama edeniň peýdasy ýok. Ýaňky akkaunt açmakçy bolan dosdum, akkaundy açdy, reklama gowy, ýöne içi boş. "Näme paýlaşjak" diýsem, "manyly sözler" diýýär. Gaharym depäme indi. Ahaw, manyly sözler paýlaşýan tonlarça akkaunt bar, we ol sözlerem diňe sözde manyly. Şu kesel sözlerden ýaňa adamlaryň psihikasy üýtgedi. "Manyly sözler"-e gizlenip şeýlebir manysyzlyk satýarlar welin, adamlarymyzyň nä derejede düşünjesizdigini görmek gaty gynandyrýar. Adamlarymyzyň 10-da 9,90%-iniň şeýle bolmagy, hasam gynandyryjy.
Edýän işiň gowy bolsun, az bolsun ýöne uz bolsun. Şol sebäpli aýtdym "saýtda peýdasyz mowzuklary paýlaşmaň" diýip. Saýda giren "gomiseksual", "trans" ýaly sözleri görse nädip dowamly müşderi bolsun, çykyp gider "men nirä düşdüm" diýip. Saýdyň içinde gyzyklandyryjy zat bolmasa näme. Adamlaryň ünsüni çekjek zat ýok. Peýdasyz mowzuklary pozmak gerek, ýöne siz oňa derek peýdaly mowzuklar ýazýan kişileri pozsaňyz barjak netijäňiz, ine şu bolar. Görýän welin öňler saýtda has gyzykly we peýdaly zatlar paýlaşylýar eken, teswirleriň sany 100-den geçýän mowzuklaram bar eken. Gaty köp adam gidipdir saýtdan. Saýda ilkinji giren bir özge kişiniň içinde gyzyklanma döremeli. Bu hem erbetde çekeleşik ýoly bilen amala aşyrylýar. Çekeleşik bolmasa hiç bir mediany ösdürip bilmersiňiz. Emma admin bu meseläni hem dogry aňyp başarmandyr. Çyndanam asudalyk bilen bir zady ösdürip bilerin öýdýärsiňizmi? Çekeleşige hem gaty düşünjeli we bitarap ikinji adminleri bellemeli. Sebäbi çekeleşigi dogry alyp baryp bilmeýän agzalar bar. Bulara gözegçiligi berk tutmaly. Şol sebäpli saýdyň içindäki peýdasyz mowzuklary, peýdasyz agzalary, gödeklik edýänleri aýyrmaly. Çekeleşik, gyrlyşmak däldir, we edepsizlik, tankytlamak däldir. Çekeleşikde edepsizlik bilen tankytlamagy biri-birinden aýyryp bilmeli. Saýtda berk düzgün-nyzam bolmaly. Ýöne gynansakda bu ýerde bularyň hiç biri ýok ahyryn. Meniň soraglarymy gaýtalap, täzeden maňa berýän kişiler bar, ýagny ýazylan zada düşünenok. Bu gaty wajyp. Bir zat ýazjak bolanlarynda, açjak bolanlarynda bilýän zatlaryny paýlaşmaly, doly bilmedik zadyň barada pikir ýöredilmeýär. Ertirdäki ýaly gyzgalaňly ýeri hiç bir saýtda görmedim. Umuman men indiden beýläk düzeler öýdemok, ýöne pikirimi beýan etmek isledim.
12 лайков 512 просмотров
47комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jennet
16 июн 2023, 23:44
Anil Kapur,
Ay edil beyle daldirle mafya kinolarda seyle edyardiler shona bilyan. Gaty kop pup gelyar velin olary gizlejek bolup basga zatlar guran bolyarlar kak budto pullar sho yerden gelyan yaly
Yusup
16 июн 2023, 23:50
Fihruza,

Hazir her bir adam mafiya boldy. Mafiya kino gormek gerek dal o ucin dash toweregemiz mafiya
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 23:51
Anil Kapur,
Men-ä beýle pikir edemok.
Sapar aga
Автор 16 июн 2023, 23:55
Fihruza,
Bolman, her bir içindäki dükany berýändirler 7-8 million arenda, ony adamlar nädip ýapyp bilsin? Kim otyrsyn ol ýeri alyp? Şol sebäpli dükanlary boşaýar, köpüsi şeýle. Meselem şuwagt yzygiderli dükanlar açyp durlar (hamala halkda pul bar ýaly), olaram 8-9, ýa-da 10 milliondan arenda berýärler, söwda barmy dükanda oturar ýaly, hem-de arenda? Adamlaryň birazajyk pikirlenip görmegi gerek.
Sapar aga
Автор 17 июн 2023, 00:00
Fihruza,
Siz feministmy? Ýalňyş, düşünmäň, makalaňyzda egin-eşik barada ýazypsyňyz, bu ýerde-de agzadyňyz welin, bilesim geldi.
Bahara
17 июн 2023, 00:23
Menzedip yadatdylar oydyan ?
#B.S
17 июн 2023, 00:33
Bahar_Seyimowa,
Boýun almagynyň wagty geldi geräm? ?
Sapar aga
Автор 17 июн 2023, 01:05
Bahar_Seyimowa,
Aýtmasana. Başdakynyň ynanjyna seret, men diýýän agzalarymyş, toçna bilýärmiş indi, ýagny özüne ynamy berk. Şolara ýüzlenen ýaly edip "hoş geldiň" diýen bolýar maňa. Gülkünç tarapy bu ynanç diňe meniň makalamdaky bir sözümden dogupdyr, teswirde ýok. Edýän zadynyň gelşiksiz hereketdiginem bilmezligem başga gürrüň. Tankytlanym üçin edýän bolaýmada.
Jennet
17 июн 2023, 01:12
Ahtopot,
Yok doly femin dal. Yone feminizmi goldsyan. Gaty govu pikir. Hazirki dovur modeli aydylsy yaly dal bolsada
DonMaxx
17 июн 2023, 06:51
Ahtopot,
oo Wladiwastok gellinmi sag aman aramyza, bamynay senem porsy adam)))
RelaX
17 июн 2023, 08:10
Imoda 20-30 müñläp adam ýada posmotyr bolmaýa hiç vagtam 10 müñden geçse imo team admin bloklaýa
Sapar aga
Автор 17 июн 2023, 12:33
DonMaxx,
Çyndanam saýdyň boljagy bolupdyr, her-kim biri-birini kemsitmegiň (bilmesede) ugrunda, şular ýaly ähmiýetsiz agzalary bloklamak gerek.
Sapar aga
Автор 17 июн 2023, 12:34
setdars,
Meniňki 16 müň.
Dowsypat
17 июн 2023, 13:11
Çyndanam saýdyň boljagy bolupdyr, her-kim biri-birini kemsitmegiň (bilmesede) ugrunda, şular ýaly ähmiýetsiz agzalary bloklamak gerek.

Saydyñ yagdayy seni gyzyklandyryp duranok.Sayt bahanasy bilen oz halamayanlaryny barden yok edesin gelyar.Kabir başlyklaram òz halamayan işgarini,şol işgar artykmajy bn gowy işlesede,işinden kemcilik tapan bolup boşadyp goyberyara.Muña "Buz ustunde tozan aramak"-diyilyar.
RelaX
17 июн 2023, 13:26
Ahtopot
setdars,
Meniňki 16 müň.

Imo team radarna düşseñ ýörärsiñ onda başda başda paýlaşan zatlañ aýrylyp başlar öz özinden akanutlañam aknaut boljak bolýalañam ýalan 20-30 mün posmotrym bar diyeni señkem dogrymy ýalñyşmy niden bileýin men
SypaýyS
17 июн 2023, 15:21
Akaundyn salgysyny aytsana
Sapar aga
Автор 17 июн 2023, 15:27
Dowsypat.,
Näçe aýtsaň aýt, oňa düşünmejek hökman bir taýpa çykýar. Onda diňle, "aramyza, bamynay senem porsy adam" diýmegiň, niresi halanyljak zat? Men şeý diýen bir ynsany nädip halap bilerin? We iň esasanam, şeýle aňly adamyň, saýda näme peýdasy bolar? Jogaba hökman garaşýan.
Sapar aga
Автор 17 июн 2023, 15:28
setdars,
Imo, arz edilen kişileri ýapýar, olam sögünç, erbet zat paýlaşmak we ş.m zatlar ýerine ýetirilse, bolmasa pozanok.
DonMaxx
17 июн 2023, 17:56
Ahtopot,

beyleki blogy name ucin pozdyn hakykada bolanokmy ya ))
DonMaxx
17 июн 2023, 17:57
Ahtopot,
Wlad dos gaty gordinmi mena sen stilinde yazdym ey beynisiz adam))
#B.S
17 июн 2023, 18:11
DonMaxx,
Bu blogynam bozaýmasyn ?