Gurbannazar olen bolsa menem oldum

Oraz Ýagmyryñ"Nury Halmammet"kitabyndan

…Nury hiç mahal garyplygy-pukaralygy dert hasaplanlardan däldi. Baýrak berildi-berilmedi – ony hem unutdy goýberdi. Ol Gurbannazar dosty bilen “Görogly” eposynyň daşyna geçýärdi. Şol epos esasynda Gurbannazar opera librettosyny ýazýardy. Nury hem sazyny ýazmakçydy.

Nury şo işleri bilen gyzyklanyp döredijilik öýüne gidipdi. Bir gün otagynda 3 potologa dikip, beýnisindäki pianinoda Göroglynyň aýdymyny çalyp ýatyrka, telefona çagyrdylar. “Gijäniň bir wagty kim jaň edýärkä?”

Bir ýigit gaty gamgyn sesli gepläp başlady.

– Nury Halmämmedowiç, salowmaleýkim. Men Moskwadan jaň edýän. Size Aşgabatdan jaň edip bilmänsoňlar, maňa bir habar aýt diýdiler…

Jaň edỳän kişi gepläp bilmän dymdy. Nury: “Alo, alo!” diýip, gaty gepledi.

Ýene jogap bolmady.

– Alo, men diňleýän, eşidýämiň?

– Nury Halmämmedowiç, neme… men… bagyşlaň, nädip aýtjagymy bilmeýän, neme.. Gurbannazar Ezizow atylypdyr. Ertir jaýlajaklar.

– Ýalandyr! – Nury, howa ýetmänsoň, sag elini  bogazyna ýetirdi.

Telefonyň o tarapynda  gyk-gyk sesleri eşidilip başlady.

Nura jaý dar geldi. Ylgap daşary çykdy, ýene öýe girdi. Birine jaň etjek boldy, bolmady. Dodagyny çeýneşdirip, öý içinde eýlä-beýlä ýöredi. Ahyry,  öz  öýüne  girensoň, gözýaşlarynyň çeşmesi açyldy. Nury ýassyga ýüzüni berip, ähli gözýaşlary ýassyga siňdirip, edil çaga ýaly horkullap aglady. Uzak aglady. Aglany bähbit boldy. Aglap bilmedik bolsa, ol bomba ýaly partlardy. Ýürek partlardy.

Nury ömründe özüne iň ýakyn gören dostuny, mukaddes hasaplaýan adamy bolan Gurbannazary ýitirenine hem-de özüniň ömürlik ýalňyz galanyna aglaýardy. Özi ölse, aglajak galmady diýip aglaýardy.

Ahyry, gözýaşlar tükendi. Öý içinde aşak bakyp, ikiýana zowzuldady ýördi. Daňdanlar surnugyp, ýykylyp galdy. Ol düýş gördi:

“Gurbannazaryň jesedini egnine alyp, haýdaşyp barýarlar. Olaryň arasynda gözýaş baryny seçeläp, urgudan ýaňa enterekläp, Nury tabyda ýapyşyp barýar. Nuryny görmegiň özi hem uly bir matamça bar. Onuň bolup barşyny görenler iki esse artyk gama batýarlar. Ol öz-özi bilen gepleşýän ýaly: “Gurbannazarsyz nädip ýaşarkam?!” diýip pyşyrdaýar. O sesi eşidenler, hat-da doňbagyrlaram gözýaşyny saklap bilmeýär. Gurbannazaryň meýdi gabra salnanda Nury hem gabra girýär-de  Gurbannazaryň meýdiniň ýanynda süýnýär. “Gurbannazar ölen bolsa, menem öldüm.”

Nury ertir oýananda aýak üstünde dursa-da, ruhy taýdan ölenligini we hiç mahal direlmejegini bilýärdi. Ruhy ölümiň yz ýany bedeniň hem sowap, bir gün doňup galjagyny bilýärdi. Şondan soň onuň üçin bu dünýäniň gymmaty galmady. Her ädimi, her güni, her aýy ony, mazara baka barha ýakynlaşdyrdy, üç, iki, bir diýen ýaly, yza sanaw başlady.

Halkyň aňynda bolsa Nury, Gurbannazar, Atageldi üçüsi bir eneden dogan ýaly duýgy galdy.
2 лайков 128 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
doctor
22 фев 2022, 19:00
KOP YAZYLSA ADATCA OKAMAYAN LIKE AZABYNA GOWUDUR BULAM
yusupahmet12
17 июл 2022, 15:17
Atageldi-Atageldi Garyagdyyew bolsa gerek!?