JYNSY GATNAŞYK

JYNSY GATNAŞYK

Kim ýagşy we salyh perzent edinmek islese, esli wagtlap ýanaşmadan saklansyn. Soňra ilki täret alsyn. Uzak wagtlap oýnaşandan soňra aýalyna ýanaşsyn. Jabyryň Resulalladan getirýän hadyslarynda, «Öýleneňde biri-biriň bilen oýnaşar ýaly gyz saýla» we «Birek-birege oýnaşmazdan ýanaşmagy Resulalla gadagan etdi» diýilýär. Ýanaşmazdan ozal mazaly oýnaşmagyň örän köp bähbitleri bar. Ol ilki bilen ynsany bu işe ruhy we beden taýyndan mäkäm taýýarlaýar, ahyrky wysalyň lezzetli, datly bolmagyny üpjün edýär. Adamyň jynsy höwesini oýarýan esasy merkezler dodagy, dili, alkymy, göwüs uçlary, göbek ýanlary we beýleki birnäçe ýerlerdir. Oýnaşmazdan we ýeterlik islegi, höwesi oýarmazdan, gatnaşyk etmek, örän hatarlydyr. Ol adamyň ruhy duýgularynyň ejizlemegine, kör bolmagyna we sarsgyna berilmegine getirýär. Öýlenmeklik öňki pygamberlerden galan däpdir. Ýanaşmagyň iň gowy wagty iýen zatlaryň siňeninden soň, bedeniň sowuk-gyzgynlygy, açlygy we doklugy kadaly bolan wagtydyr. Ibn Omaryň oraza döwri aýalyna ýanaşmak bilen agzyny açandygy hakda gürrüň berýärler. Çuňňur ýadawkaň, gaýgy-gamly pursadyň ýa-da olaryň yzysüre, şeýle hem derman içeniňden soňra aýalyňa ýanaşmakdan gaça durmaly. Çünki şeýle ýagdaý soňlugy bilen erkeklik ukybynyň ýok bolmagyna getirer. Süňňi we ruhy ýadawlyk jynsy gatnaşyga bolan höwes duýgularyna öz täsirini ýetirýär, şonuň netijesinde hem bu işleriň kadaly hasyl bolmagyna zyýan edýär.
12 лайков 566 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
26 апр 2022, 15:40
Ibn Omar ayalyna yanashyp agzyny acypdyr dusunmedimle?
Soho
26 апр 2022, 16:49
biohimik.,
shona menem dushunmedim
Maksat
26 апр 2022, 21:54
'key' => '2c673a9ffd0e6db34eee2bccc31abe2d',
Şamuhammet
26 апр 2022, 22:14
Ibn Omar aýalyny öpüp agzyny açýar diýýän bolaýmasa...