Pederim

Göwnüñ ýukalypdyr çaga mysaly,

Şonda-da,dag deýin,arkamda berk sen.

Baranymda didaryñy küýsegläp,

Kaka,kalbyma hem öýüñe görk sen.

Biraz ýegşeripdir,durmuş ýükünden,

Arkalaryñ,çaga wagtym hopbalan.

Çaga wagtym diýen,bolýanam welin,

Indi berin ýük däldirä ,balalañ.

Herimiz bir öýde ,gitsegem örñäp,

Ýagyrnyña ,ýa henizem ünjümi?

Abraý bilen ak ýollara ataran,

Ýa gyzlaryñ,señ bowrüñe sanjymy?

Şeýle ünji saña dert berýän bolsa,

Zyñ ünjüni,arkaýyn bol pederim.

Başyñ egilmegne, ýol bermen asla,

Gyzlaryñdan,bolmasyn hiç hederiñ.

Asyp boýna,abraý atly heýkeli,

Şonuñ bilen,höwür bolup giderin,

Ýaz gerdeniñ,dik tut başyñ hemişe,

Doglanymda,bagt saýan Pederim...

Gyzylgül Annagylyjowa
4 лайков 60 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.