Halaýan käriňi nädip saýlamaly?

Gowy görýän hünärimizi saýlanymyzda, üçburçlugyň merkezinde durup, üç tarapdan öz karýeramyza seredip görmeli we özümize şu sowallary bermeli:

1-nji burç: Men näme isleýärin?

2-nji burç: Menden näme islenýär?

3-nji burç: Asyl öz bolşum maňa näme islemelidigimi aýdýar?

Näme isleýäniňi bilmeli, emma bu ýeterlik däl. Öz tamalaryňyz bilen bir hatarda jemgyýetiň talaplaryny we öz ýasawyňyzy hem ünsden düşürmeli däl. Pop ýyldyzlarynyň bäsleşiklerinde bolşy ýaly, bu meselede-de diňe siziň öz islegiňiz kanagatlanarly bolman, eýsem başgalary tarapyndan hem islenmegiňiz zerurdyr. Şeýle-de, islegiňize görä ukybyňyz hem bolmalydyr. Etmek isleýän işiňize jemgyýetden talap ýok bolsa, üstünlige ýetmekde kynçylyk çekersiňiz. Diňe halkyň islegi diýseňiz weli göwünli-göwünsiz hereket etmeli bolarsyňyz. Siziň we başgalaryň isleg bildirýän haýsydyr bir işine ukybyňyz düýbünden ýok bolsa ýa-da bar bolup bärden gaýdýan bolsa, işiňiziň netijesi hem şoňa görä kemter bolup biler. Üçüsiniň eriş-argaç bolup geçýän ýerinde bolsa kuwwatly üstünlik energiýasy dörär.

Pikir edip görüň:

1.Siz näme isleýärsiňiz?
2.Sizden näme islenýär?
3.Asyl öz bolşuňyz (başarnygyňyz + erkiňiz + gylyk-häsiýetiňiz) size nämäni islemelidigiňizi aýdýar?

Her bir üstünlik özboluşly sosial şertnamadyr. Adamlaryň isleglerini kanagatlandyrdygyňyzça, sizem islegleriňizi amala aşyrarsyňyz. Soňra bar zat öz ugruna bolar gider.
2 лайков 124 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Daýanç
22 ноя 2021, 18:56
Birden bolmasa
Daýanç
22 ноя 2021, 18:56
Diymeli dal
Daýanç
22 ноя 2021, 18:57
Whoppty
Ejegyz.
22 ноя 2021, 19:16
??????