ÝYLGYRYŇ !
Çagaňyz ilkinji gezek bulgurdan suw içmegi öwreneninde ýeriňizden turuň, “gaty gowy, örän oňat, tüweleme…” diýiň, ýylgyryp çagaňyzy gutlaň we ony sylaglandyryň (ýylgyrmagyňyzyň özi-de çagaňyz üçin sylag bolup biler). Bu häsiýetler beýniniň öň tarapyndaky nerw bag aragatnaşyklaryny güýçlendirýär we orta beýnidäki duýgy merkezi bolan amygdalany hereketlendirýär. Hakykatynda bu umumy-sotsial mätäçlikdir. Diňe çagalar däl, eýsem uly ýaşly adamlar-da gutlanmagy, makullanylmagy, özlerine üns berilmegini halaýarlar. Çagaňyzyň bu sosial zerurlygyna iýip-içme zerurlygyna garaýşyňyz ýaly garaň we şoňa görä boluň.
Beýni 10-18 aýlyk wagty amygdala merkezinde gerekli nerw baglaryny gurýar. Ýöne çagaňyzy ilkinji ädimlerini äden wagty gutlanyňyzda, şatlygyňyzy onuň bilen paýlaşanyňyzda beýniden damja-damja bolup gelýän himiki nerw hüjreleri batly gelip, nerw baglarynyň aragatnaşyklaryny pugtalandyrýar.
Eger çagaňyzyň başarnyklaryny, üstünliklerini we onuň üçin örän möhüm bolan (siziň üçin ýönekeýje zat bolup biler) açyşlaryny görmezlik etseňiz ýa-da her gezeginde dürli-dürli garşylyk görkezseňiz, beýnidäki nerw baglarynyň aragatnaşygy güýçlenmez. Hatda çaga täze başarnykdyr-üstünlikleri we açyşlary islemän biler.
Tags: çaga, Masgala, masgala mekdebi, nerw, Terbiye, turkmenistan, yylgyrmak

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.