Akyl saglygyna täsirli gün
Psihologlaryň aýtmaklaryna görä, hepdäniň anna güni adamyň akyl saglygyna täsir edýän gün diýilip hasaplanylýar.
Hünärmenleriň pikirlerine görä, iş hepdesiniň ahyrynda dynç alşyň ýakyndygyna göz ýetirýän işçi "bar güýjüni tijäp", işini dynmagyň aladasyna berilýär. Muňa "Soňky güýjeme" diýilýär, şol wagt has köp güýç sarp edilýär. Şonuň üçin-de anna günleriniň ahyry işleýän adamlar üçin iň agyr döwürdir. Çünki: "Bütin hepdäniň dowamynda üýşüp giden ýadawlyk özüniň bardygyny duýdurýar" diýip hünärmenler belleýärler.
Iş gününiň ahyrynda gutarylman galan iş adamyň aňy üçin aýratyn howp bolup durýar. Baslyp ýatan işler görünmeýän ýük bolup dynç alyş wagtynda ýakymsyz ünjüleri döredip, özüňi dürsemäge maý bermeýär.
Bilermenler bu ýerde hiç hili geň zadyň ýokdugyny, sebäbi anna güni – iş hepdesiniň soňky güni, hepdäniň dowamynda toplanan ýadawlygyň hökmän öz täsirini ýetirýändigini aňladýarlar. Şonuň üçin işleri dürli günlere deň paýlamak we wagty has anyk meýilleşdirmek arkaly iş ýüküni ýeňilleşdirmek maslahat berilýär.
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.