Ýüregiň sagdynlygy barada her kimiň bilmeli faktlary
Ýürek keseli aýallaryň we erkekleriň ýogalmagynyň sebäpleriniň arasynda liderlik edýär, üstesine-de, lukmanlaryň aýtmagyna görä, bu kesel «ýaşarýar». Bu keseliň öňüni almak üçin, onuň güýjemegine täsir edýän faktorlary anyk bilmeli – olaryň käbirleri garaşylmadyk hem bolup biler.
Siziň artykmaç agramyňyz ýok hem bolsa, howp astynda bolup bilersiňiz. Eger-de siziň ganyňyzda glýukozanyň düzümi ýokary bolsa, siziň ýüregiňiz howp astynda bolup biler – hatda siziň agramyňyz kada laýyk hem bolsa. Haçan-da glýukoza ganyň düzümindäki şekeriň kadaly derejesinden ýokary bolan ýagdaýynda ýürek-damar keselleriniň güýçlenmek howpy ýokarlanýar. Siz artykmaç agramdan zyýan çekmeýän bolsaňyz hem, hökmany suratda ganyň düzümindäki şekeriň derejesine üns beriň.
Şeker holesterine garanda ýüregiň saglygy üçin has howply. Biz süýji önümleri ýa-da uglewodlary iýenimizde, organizmiň sezewar bolýan insulin reaksiýalary we böküşleri gan aýlanyş damarlarynyň bardalaryny holesterine garanda beter zaýalaýar. Eger-de siz ýüregiňiz barada alada edýän bolsaňyz, onda diňe holesterini däl, eýsem şekeri-de kontrollyk ediň.
Gorkunç düýş ýürek üçin howply bolup biler. Eger-de siz ukyňyzy almaýan bolsaňyz, onda siz düýş apnoesiniň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlatmaly, ýagny munda düýş wagtynda dem almanyň gysga wagtlyk saklanmasy bolup geçýär. Apnoe ýürek tutmasynyň ýa-da insultyň sebäbi bolup bilýär – ýüregiň we gan aýlanyş damarlarynyň ýeterlik derejede kislorod bilen üpjün edilmänligi üçin.
Hemişe stress ýagdaýynda bolmak hem siziň ýüregiňize zyýan ýetirip bilýär. Eger-de siz hemişe stress ýagdaýda ýaşaýan bolsaňyz, siziň ýüregiňiz uly howp astynda bolup biler. Stress gan basyşyňy ýokarlandyrýar we holesteriniň derejesine täsir edýär, kortizol bolsa glýukozanyň artmagyna getirýär – bularyň ählisi ýürek we damar keselleriniň güýçlenmek howpuny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin stressi azaltmak hem-de onuň ýüze çykmasy bilen göreşmek hökman – meselem, meditasiýanyň ýa-da ýoganyň kömegi bilen.
Dişleriň sagdynlygy ýüregiň sagdynlygy bilen gös-göni bagly. Ýüregiň sagdynlygyny dişler boýunça kesgitläp bolýar. Çüýrük, diş etiniň çişmesi – bular ýürek keseliniň güýçlenmek howpuny ýokarlandyrýar. Bejerilmedik dişler bolsa mitral klapanlaryň infeksiýasyna getirip bilýär.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.