Ene-ataň, öýüňizdäkileriň, gelen-gidenleriň imanly bolmagy we zalymlardan halas bolmak üçin edilýän doga

Aslynda bu şerapatly doganyň başynda ''Zalymlara garşy'' diýilen ýazgy bolmaly. Emma Aýatyň manysyny okaýaň welin, öýde gaharjaňyrak eje-kakanyň, öýüňize gelýän myhmanlaryň we ş.m. adamlaryň erbet niýetlileriň, erbet niýetli gelin-zenanlaryň imanly, ýagşy gylykly bolmagy üçin dilenýän dogaýy-aýat bolmagy ahmal.
Muny hem köp gezek gaýtalap geziberiň, stresli, nerwinnili eje-kaka imanly, ýagşy gylykly, öýüňize gelenleriňem haýyrly niýetlileri, imanlylary geler nesip edenden!



بسم الله الرحمن الرحيم
رَبِّ اغْفِرْ ل۪ي وَلِوَالِدَيَّ وَلِمَنْ دَخَلَ بَيْتِيَ مُؤْمِناً وَلِلْمُؤْمِن۪ينَ
وَالْمُؤْمِنَاتِۜ وَلَا تَزِدِ الظَّالِم۪ينَ اِلَّا تَبَاراً


Okalşy:
Bismillähirrahmanirrahim:

Rabbigfirli we liwälideýýe we limeň dehale beýtiýe mu minew we lilmu minine welmuminat, we lä tezidizzalimiýne illä tebara.

Manysy:
Mähriban we Rehimli Allanyň ady bilen:

Rebbim! Meni, eje-kakamy, iman edip öýüme girenleri, iman eden erkekleriň we iman eden zenanlary bagyşla (ýagny bagyş eýle, ber) zalymlaryň hem diňe heläk bolmaklaryny artdyr!
(71/28)
3 лайков 239 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
18 янв 2022, 19:57
Bizi molla etjek bolyaňmy?
malvina_texnoloc
18 янв 2022, 19:58
Bir yerden nusgalap alyanmy bolmasa by arap yazuwlary yazyba bilyan dalsin?
Kalp doctory
18 янв 2022, 19:58
Hemme zadyn dogasy bar oytyan dalii
Aýnur
18 янв 2022, 19:59
Bu doglary (täretsizem) okap bolyarmy-nä?
Şamuhammet
Автор 18 янв 2022, 20:00
Цитата: malvina_texnoloc
Bir yerden nusgalap alyanmy bolmasa by arap yazuwlary yazyba bilyan dalsin?


ýazyp bilýärin...
yyldyz
18 янв 2022, 20:00
Maşgala bolasyñ gelýämikä diýýän :)
Şamuhammet
Автор 18 янв 2022, 20:00
Цитата: Mona Songz
Bu doglary (täretsizem) okap bolyarmy-nä?


Täret alyp okasaň has gowy...
My life
18 янв 2022, 20:00
Kop sagbolun ,ine shu gerek hemme kisha. Men Allanyñ atlaryny gaytalayan her adynyñ, adamdan sowyan bela beterleri ucin okalyar
My life
18 янв 2022, 20:01
Takmynan nace gezek okamalyka?
Aýnur
18 янв 2022, 20:02
Işiň üstünlikli bolmagy üçin haýsy dogany okamaly bolar?
Şamuhammet
Автор 18 янв 2022, 20:04
Цитата: My life
Takmynan nace gezek okamalyka?


Ony bilmedim-dä, zyýan etmez gaýtalaber eliňe teswbi alda...
Şamuhammet
Автор 18 янв 2022, 20:04
Цитата: Mona Songz
Işiň üstünlikli bolmagy üçin haýsy dogany okamaly bolar?


Häzir gabat gelsem onam açaryn...
Aýnur
18 янв 2022, 20:06
Цитата: Jeksparro
Цитата: Mona Songz
Işiň üstünlikli bolmagy üçin haýsy dogany okamaly bolar?


Häzir gabat gelsem onam açaryn...

Bor sag boluň!
malvina_texnoloc
18 янв 2022, 20:08
Цитата: Jeksparro
Цитата: My life
Takmynan nace gezek okamalyka?


Ony bilmedim-dä, zyýan etmez gaýtalaber eliňe teswbi alda...

Gaty kop okalyan bolmaly ol naprimer okuwa egzamene girjek wagtyn okalyan dogalaram bar eken 100 nace sapar okamaly diyya anyk sany yadyma dusenok yone
Şamuhammet
Автор 18 янв 2022, 20:08
Mona Songz,

Tapdym, häzir bir az garaşsaň ýazjak.
My life
18 янв 2022, 20:15
Mona Songz,
El Cabbar diyip gaytala 206 gezek gaytalap bolda arzuwyñy dilegiñi aytda Amin diy. Isleg arzuwlaryn hasyl bolmasy ucin su
My life
18 янв 2022, 20:16
Jeksparro,
Howwa nace gaytalasanam bolar