Karry (Harran) söweşi hakynda
Plutarhyň Karry söweşi hakyndaky beýanyndan bölekler:
''Parfiýalylar rimlileri şeýle gopgunlar bilen gorkuzanlaryndan soň birden harby enjamlaryň örtgülerini sypyryp duşmanyň alanyndan ok-ýaý atylan ýaly bolup çykdylar. Eginlerinde başlarynda gözüňi deşip gelýän margian poladyndan ýasalan sowut tuwulga bardy, atlary misdir demirden taýýarlanan sowutlydy. Hemmelerden görmegeý höküm süren hökümdaryň özi hem geldi. Parfiýalylar yza çekildiler we aljyraňňylykda her kim bir ýana ýeňse beren kişi bolan bolup rimlilere bildirmezden dört burç hatarly halka aýlanýarlar. Krass ýeňil ýaraglanan nökerlerine duşmanyň üstüne çozmaga buýruk berdi, emma olar uzak ädim ätmänkäler bulut ýaly süýşüp ugran peýkamly oklar bilen garşylaşdylar.
Parfiýalylar bolsa ýaýraşyp dumly-duşdan diýen ýaly peýkamly ok ýagdyryp başladylar. Rimliler şeýlebir ýygjam jebis durdylar welin nyşandan bilgeşleýin sowa geçireýin diýseler-de bolmady, parfiýalylar, özleriniň dartgynly uly ýaýlaryny gaty-gaty çekip ok atýardylar.
Eýýäm şol wagt rimlileriň ýagdaýy agyrlaşyp başlaýar, olar hatarda galsalarda birsyhly ýaralandylar, hüjüme geçmäge synanşanlarynda bolsa güýçleri deň däldiler, ejiz gelýärdiler.
Bu söweş Karry şäheriniň golaýynda (häzirki Türkiýanyň Harran şäheri) bolandygy üçin Karry söweşi (Harran söweşi) ady bilen taryha ýazylypdyr. Bu söweşde bolsa Rimliler masgaraçylyk bilen ýeňlipdirler...
Gysgaça Ensiklopediýa

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.