?
Ortaça bedeniň agramy 70 kg bolan bir ýetginjegiň beýni
160 gr ýag;
110 gr belok;
1 lt suw;
15 gr şeker;
10 gr duzdan ybarat.
Bu ajaýyp sistemany dogry ulanyp bilsek, mümkin däl zatlaram mümkin etjek her dürli potensiýala eýe bolarys.
Maňlaýymyzda beýnimiziň öň tarapky loby ýerleşýär. Bu ýer konsentrasiýa, meýilnamalary düzýän we problemalary çözýän merkezimizdir. Bir kynçylyk çekenimizde, bir meseläni çözüp bilmesek, elimiz şol ýere deger we bilmän şol ýeri owkalarys. (Göz öňüne geldimi?)
Özüňi gowy duýmagyň iň esasy kriteriýasy zenan bilen erkegiň arasyndaky doguşdan gelýän tapawutlylyklaryň bilinmegi we oňa görä bir hereket formaty döredilmegidir.
Ynsanda iki görnüşli ýekeje akyl bardyr. Erkek adam ýerine ýetiriji pikirlenýär, zenan maşgalar konstruktiw pikirlenýär. Zenan günde ortaça 20000 söz pikirlenýär we gürleýär. Erkekler 7000 söz pikirlenýär we gürleýär. Muny köp gürlemek diýip düşünmeli däl. Zenan çagasyny ulaldýan wagty hüwdi aýdar, çagasy bilen gürleşer, ýoldaşy bilen gürleşer. Zenanyň gürlemek tebigatynda bar.
Beýniň her iki ýarym şarlaryny bölýän “Corpus Callosum” gurluşy zenanlarda erkeklere garanyňda has kämilleşen. Şol bir wagtda birnäçe zada ünsini jemläp bilýär we şol bada birnäçe zat pikirlenip bilýär. Noradreanlin beýnimiziň hüjümçil (agressiýa) maddasydyr. Esasanam erkekleriň aşaky beýinleri gowakly döwürden bäri noradrenalin bölüp çykarmaga laýykdyr.
Şu zatlar esasynda özüme sorag berýärin. Ähli dünýäniň baştutanlary zenanlar bolsady, döwletler arasyndaky uruşyň ýerine, aňyry gitse öýkeleşmek bolardymyka?

18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.