Özüňi tanaryn diýseňiz #21

GÖZ
Göz – bu adam bedeniniň bir agzasy bolup, ol psihologiýada möhüm rol oýnaýar. Biz ilki bilen nämä üns berýäris? Elbetde gözlere, olaryň reňkine we olaryň şöhlelenşine (görnüşine). Biz gürrüňdeşimiziň gözüne seredýäs, olaryň pikirlerini we duýgularyny okamaklyga çalyşýarys. Ýüzüň başga hiç bir alamaty, edil gözüňki ýaly maglumat berip bilmeýär. Ýöne gynansakda kä wagtlar gözler bizden köp zady gizläp bilýar. Şonda gözüň daş-töwereginiň arealyna (ýaýrawyna) seretsek hem köp zatlary okap, bilýäris. Gözüň suwuk içi däl-de, onuň gury daşy gerekli informassiýalary almakda möhüm rol oýnaýar. Mümkin siz gözler hakynda köp zatlary bilýäris diýmegiňiz hem ahmal. Ýöne şu maglumaty okap, siz gaýtadan pikirlenersiňiz. Ýöne bu ýerde esasy zat, siziň gözler hakynda köp täze zatlary bilmegiňizdir.
GÖZÜŇ AŞAKY GABAGYNYŇ ÇYZYGY (LINIÝASY)
Biz köplenç gözüň aşaky gabaklaryna üns bermeýäris. Aşaky gabaklaryň her bir formasy özboluşly bir manyny aňladýar. Gözüň aşaky gabaklarynyň çyzygynyň egriligini bahalandyrmak üçin 10 ballyk şkalany ulanalyň. Gözleriň aşagynyň has tegelek formasynyň (10 mümkinçilikden gelip çykýan 10 bal) we gös göni formasynyň (10 mümkinçilikden gelip çykýan 1 bal) özboluşlylygy bar. Başgaça aýdanymyzda, gözleriň aşagynyň ortaça tegelek formasy üçin hem (10 mümkinçilikden gelip çykýan 5 bal) özboluşly aýratyn häsiýet bar.
Gözleriň aşagynyň egri çyzygy - siziň durmuşyňyza girýän täze adamlar bilen gürleşmek üçin siziň nähili derejede açydygyňyz barada aýdýar. Elbetde eger siz nähilidir bir rol oýnajak bolmasaňyz. Öz sag gözüňiz üçin hasaplan ballaryňyz siziň iş ýagdaýynda täze adamlara bolan gatnaşygyňyz barada aýtýar. Sag gözüň aşagynyň egri çyzygy siziň işde däl-de şahsy durmuşyňyzda täze dostlar üçin nähili derejede açykdygyňyz barada maglumat berýär. Indi bolsa biz öz öňümizde aýna goýup, özümizi bahalandyralyň.
GÖZÜŇ AŞAKY GABAGYNYŇ TEGELEK FORMASY
Gözleriň aşaky gabagynyň çyzygy maksimal derejede tegelek bolsa onda oňa 10 ball berilýär. Eger gözleriň aşagynyň çyzygy gönelip başlasa, onda ballar hem şonça peselip başlaýar, meselem 9, 8, 7... Eger-de siziň gözleriňiziň aşagy tegelek bolsa, onda siziň «şu wagt we şu ýerde» adamlar bilen hatda olar nätanyş hem bolsalar, bile aragatnaşyga girmäge gaty uly islegiňiz bar.. Her bir täze adam siz üçin potensial obýekt bolýar. Siz ony has içgin öwreneseňiz gelýär.
Bular ýaly açyşlar ABŞ-nyň 32-nji prezidenti Franklin Ruzwelt (1933-1945ýý) üçin häsiýetli. Aýdyşlaryna görä ol gaty köp adam bilen dostlaşypdyr (5000-den gowrak adam bilen). Eger-de taryhyň jümmüşine seretsek, onda şolar ýaly adamlaryň köpüsine duş geleris. Meselem bütin dünýä dartyş kanunyny açan Isaak Nýuton, poet Dante, şeýle hem birinji amerikan ensiklopedik sözlüginiň awtory Webster.
Şolar ýaly gabakly adamlaryň başga bir güýçli taraplary bolýar. Birinjiden olar daş – töweregindäki adamlary takyk (talap edijilikli) bahalandyrýar. Olar özlerine gerekli hasap etmeýän adamlary bilen aragatnaşygy birden kesmegi halaýarlar. Adatça olar täze bir adamy bahalandyrmak üçin az wagt sarp edýärler. Bu tipli adamlaryň pikirine görä emosional taýdan durnuksyz, aňkaryp ýören, kelpeň we şoňa meňzeş adamlar üçin öz gymmatly wagtyňy sarp etmek bidereklik diýip hasaplaýar.
Emma olaryň položitel taraplary hem bar. Şolar ýaly göni liniýaly adamalar «has ynamly dost» diýen ady hem göterýärler. Muny barlap göresiňiz gelse, şolar ýaly tipli adamlardan «siz iň gowy dostyňyz bilen haçan tanyşdyňyz» diýip, sorap görüň. Şonda olar «çagalar bagynda» diýip, jogap berer. Ýene-de şu ýerede esasy belläp geçmeli zadymyz, gözleriň gabaklarnyň çyzygy ýaşa görä we sreda görä üýtgäp durmagy. Olar bir ýagdaýda durmaýarlar. Bu aýdylan zatlara meşhur adamlaryň durmuşyndan mysal alyp göreliň. Dünýä belli aktrisa Merilin Monro ýaşka, has takygy çagaka gözleriniň aşaky gabagynyň formasy tegelek bolupdyr (10 ball). Wagtyň geçmegi bilen jemgyýetiň we adamlaryň birnäçe kritiki garaýyşlary onuň formasynyň gönelmegine sebäp bolupdyr (1 we 2 bala çenli). Soňa baka olarda daş – töweregindäki adamlara bolan ynamsyz garaýyş döräp başlaýar. Mundan başga – da Kim Bessinžeri, Madonnany we Golliwudyň belli aktýorlary Tom Kruz bilen Lýuk Perrini hem muňa mysal getirmek bolar.
Eger-de siziň gözüňiziň aşaky formasy göni bolsa, onda size dost tapynmak gaty kyn düşer. Hatda şahsy durmuşyňyzda hem öz taýyňyzy tapmak aňsat düşmez.
GÖZÜŇ AŞAKY GABAGYNYŇ ORTAÇA TEGELENEN FORMASY
Kimiň gözüniň aşaky gabagy ortaça tegelen formada bolsa, onda olara ortaça 4-den başlap 7-ä çenli ball berilýär. Şolar ýaly adamlaryň öz-özlerni goramak başarnygy ösen. Olar täze tanyşlyk açmak üçin gepleşik geçirenlerinde, ilki özlerini saklaýarlar (gizleýärler). Soňra ýuwaş – ýuwaşdan açylyp başlaýarlar. Bu prinsip olara köp gerekli dostlary gazanmaga kömek berýär. Meşhur psiholog Dewid Berns ahli adamlar bilen doly däl derejede açyk ýagdaýda bolmagy nasalahat berýär. Ol depressiýa bilen göreşmäge has ukyply bolupdyr.
GÖZÜŇ ÝOKARKY PÖKGERIP DURAN GABAGY:
Adatça pökgerip duran gabaklar juda seýrek duşýar. Bu ýerde: Eger-de gabak sähelçe pökgerip, gözüň üstüni birazyrak ýapyp duran bolsa, onda ol gabagyň pökgermesiniň ortaça (aşaky) derejesi; Eger-de gabak pökgerip, gözleriň ýokarsyny doly ýapyp duran bolsa, onda ol doly masştably pökgerme derejesi; Gözleriň ýokarsynda hiç hili pökgerme ýok. Hatda şolar ýaly gözli adamlar birazyrak garrasalar hem, olaryň gözleriniň ýokarsyna gabak düşmeýär.

GÖZLERNIŇ ÝOKARSYNDA HIÇ HILI PÖKGERIP DURAN GABAK ÝOK
Bular ýaly formadaky gözli adamlar özlerine has köp üns berýärler. Olar özlerine seredip, özlerine ideg etmegi halaýarlar. Olar üçin daş – töweregindäki adamlaryň ýagdaýy gyzykly däl. Bu adamlar beýleki adamlara ýaranyp ýaşamagy halamaýarlar. Olar dartgynlylygy, başagaýlygy halamaýarlar. Bir karara gelmeli wagty hem howlukman pikirlenip, netije çykarmagy halaýar. Saglyk meselesinde hem olar özlerine has köp üns berýärler. Olar üçin beýleki adamlaryň pikiri we garaýşy gyzykly däl.
GABAGY ORTAÇA PÖKGERIP DURAN ADAMLAR
Bular ýaly forma gözüň ýokarsynyň (üstüniň) diňe birazyrak ýerini ýapýar. Olar gaharjaň bolýar we köp pikir edýär. Gabagy ortaça pökgerip duran adamlar adatça, negatiw gyjynmasy bilen tapawutlanýar. Hat-da iň bir kiçijik sebäp hem, olarda uly gaharyň döremegine getirip bilýär. Kä halatlarda olar köp adamlaryň ýüregine girip bilýärler. Dünýä belli aktýor Jon Ueýt hem, şolar ýaly gözi bilen (şolar ýaly häsiýeti bilen) köp muşdak gazanyp bilipdir. Gabagy ortaça pökgerip duran adamlar ýolbaşçy we lider bolmaga ukyply hasaplanýar.

GABAGY DOLY MASŞTABLY PÖKGERIP DURAN ADAMLAR
Gabaklary pökgerip, gözlerniň ýokarsyna düşüp duran adamlar durmuşda özlerini hiç hili aýamaýarlar. Olar ýanyndaky adamlaryň göwnüni tapjak bolup, köp energiýa sarp edýärler. Şolar ýaly gözli adamlar özlerine we öz tenine az üns berýärler. Hatda olar öz saglygy barada hem az alada edýärler. Bu ýerde ýokarky gabaklar dolulygyna gözüň ýokarsyny ýapýar. Şolar ýaly gözli adamlara kä wagt, nämedir bir zady görmek kyn düşýär. Olar ähli adamlaryň işlerine, hat - da özlerine degişli hem bolmasa goşulmagy halaýarlar. Hut şonuň üçin hem olar köplenç aladaly we başagaý görünýärler.
7 лайков 134 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
Автор 07 май 2022, 07:42
IKI GÖZÜŇ ARASYNDAKY ARALYK (INI)
Bu ýerde bize ýüzüň iň bir möhüm alamatlarynyň biri bilen tanyşmaga wagt boldy. Ilki bilen bu ýerde, gürrüň näme barada gidýändigine seredeliň:
Gözüň ýerleşişiniň ini – bu iki gözüň arasyndaky aralykdyr;
Bir birine golaý ýerleşen gözler – bu ýerde gözler gönüden – göni birek birege golaý ýerleşen. Şonda gözleriň ujy burnuň gyrasyna degip durýar;
Bir birinden daşda ýerleşen gözler – bu gözler burundan we bir birinden belli bir derejede uzakda ýerleşýär;
Bir birinden ortaça uzaklykda ýerleşen gözler – bu gözler ýakyn, şeýle hem uzak bolmadyk aralykda ýerleşdirilen.

BIR BIRINE GOLAÝ ÝERLEŞEN GÖZLER
Eger-de adamlaryň gözleri birek birege golaý ýerleşen bolsa, onda olar synça bolýarlar. Hiç kim we hiç bir zat olaryň synçy gözünden «sypyp» bilmeýär. Bu tipli adamlarda bir talant bar – gözbagçylyk (fokus). Olar özleri üçin gyzykly bolan predmetiň iň bir kiçijik detalyna hem uly üns berýärler. Bu adamlar islendik bir çylşyrymly ýagdaýdan özlerniň «gözbagçyly» ukyby bilen baş alyp çykmaga ökde hasaplanýar. Olar gepe çeper bolýarlar. Muňa mysal hökmünde, meşhur çagalar ýazyjysy, lukman seýsi şeýle hem belli kompozitor we gitaraçy mark nopfleri almak bolýar. Gözleri bir birine golaý ýerleşen adamlar çalt pikirlenmäge ukyply.

BIR BIRINDEN DAŞDA ÝERLEŞEN GÖZLER
Gözleri bir birinden daşda ýerleşen adamlar haýal hasaplanýar. Olar «dünýäni suw alsa topukdan» diýilýän adamlar hasaplanýar. Bu adamlar islendik bir ýagdaýda hem wagty uzaga çekdirýärler. Ýöne bu tipli adamlaryň položitel taraplary hem bar. Eger durmuşynda ýa-da tapawudy ýok işinde problema ýüze çyksa bu tipli adamlar şol problemany dolulygyna görüp bilýär. Olar bir bada netije çykarmaýarlar. Bular ýaly häsiýet ýazyjylara we döredijilik işgärlerine mahsusdyr. Şolar ýaly adamlara «Wog» žurnalynyň redaktory Greýs Mirabellany, matematik we fizik Kurt Gedeli şeýle hem fantastik ýazyjy Artur Klarky mysal getirmek bolýar. Bular ýaly adamlaryň fantaziýasy ösen hasaplanýar. Şolar ýaly adamlara belli kompozitorlary hem goşmak bolýar.
BIR BIRINDEN ORTAÇA UZAKLYKDA ÝERLEŞEN GÖZLER
Biziň bilşimiz ýaly jemgyýetde gözleri bir birinden ortaça uzaklykda ýerleşen adamlara köp duş gelmek bolýar. Olar adaty adamlar hasaplanyp, olardan üýtgeşik bir «açyşlara» garaşmak bolmaýar. Bu tipli adamlar öz aladalary we öz işlerine gümra bolmagy halaýarlar. Eger kimdir biri olaryň işine ýa-da tapawudy ýok durmuşyna goşulsalar, olar muny halamaýarlar. Bu adamlar jemgyýetde ortaça hasaplanýar.