GUTLAÝAS!!!

Salam OKYJYLARYM!
Aradaky yglan eden bäsleşigimiziň netijesi belli boldy. Bäsleşik çekeleşikli, gyzykly geçdi. Siziň üçinem şeýledir diýip umut edýän. Bäsleşigimiziň ýeňijileri:

1-nji orun: @Esma we @Mümkin agzalar.
2-nji orun: @Remezan agza.


Berekella!
Pul baýraklary:
@Esma 90 manat.
@Mümkin 90 manat.
@Remezan 60 manat.

Gutly bolsun!

Ýadyňyzda bolsa, 1-2-3 ýerler bolar diýipdik. Emma, ballaryň gabat geljegini bilemzokdyk. Şu wagt 3-nji ýerde 2 sany @Massimus we @Ötegçi agzalar bar. Gynansakda olara bu gezek baýrak berip bilemzok. Emma saýdyň admini geleninden soň ol 2 agza aýratyn bir mümkinçilik berilmegini islärin.

Bäsleşige gatnaşan ähli agzalara we hemaýatkärlik eden @Bayker, @Hiayress we @Massimus agzalara-da öz minnetdarlygymy bildirýän. Bize we şol sanda maňa ynananyňyz üçin Taňryýalkasyn.
Elleriňiz dert görmesin. Döredijiligiňiziň dowamaty dowam bolsun!
Gaýgy-gam, alada size ýyldyzlaryň uzaklygy ýaly uzak bolsun! Bagt, şadyýanlyk, üstünlik kölegäňiz ýaly ýakyn bolsun! Durmuşda hemişe üstünlikli ädimler bilen ýöräň!

11 лайков 822 просмотров
150комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
01 июн 2022, 09:52
Gutlaýan???
Ötegçi
01 июн 2022, 09:52
Myratly dagy Massimusuñky bolmaly ýalñyşmasam.
Telwas
Автор 01 июн 2022, 09:52
Ýeňijiler maňa telefon nomeriňizi ýazyň. Nesip bolsa şu günüň dowamynda baýraklaryňyzy gowşurarys.
Hiayress
01 июн 2022, 09:54
Ýeňijileriň baýraklary nesip etsin. (Salýut atylyp duran smilik)
Hiayress
01 июн 2022, 09:56
Ýaryşa gatnaşan agzalaryň mowzuklarynyň atlary bile sanawyny paýlaşaýda @Nirwana
Telwas
Автор 01 июн 2022, 09:57
Bäsleşik-1 Massimus agza.
Bäsleşik-2 Ogulşirin_Baýramowa agza.
Bäsleşik-3 Aýnura agza.
Bäsleşik-4 Walerýanka agza.
Bäsleşik-5 Remezan agza.
Bäsleşik-6 Ötegçi agza.
Bäsleşik-7 Garaburç agza.
Bäsleşik-8 Khanture agza.
Bäsleşik-9 Esma agza.
Bäsleşik-10 Mümkin agza.
Bäsleşik-11 Ahmedik_97 agza.
Bäsleşik-12 Pegas agza.
Telwas
Автор 01 июн 2022, 09:59
Hiayress,
Ýok. Girip okaýyň öňki açylana. Aşagyndan atlaryny ýazyp çykjak häzir.
Ayjahan
01 июн 2022, 10:00
Gutlaýan! Nirvana bu arada 1-nji orun diňe birje adama degişli dälmi?
Mümkin
01 июн 2022, 10:01
Üçünjilere gynandym.Ýöne olaram iki eken-dä :((
Howwa,hökman baýrak gowşurmaly ikisine-de.
Esmanam,Remezan agamam gutlaýan!Berekella!
Mümkin
01 июн 2022, 10:02
Nirvana,
Öz 2 manadyñy tutupjyk alaýýañ :))
Šony näm üçin özüñden çykaranyña henizem düşünemok.
Garabufer
01 июн 2022, 10:04
Mümkin megbaýtyň puly nesip etsin ?
Garabufer
01 июн 2022, 10:05
Gutly bolsun ,
Gurnaýjylarada minnetdar, janyňyz sag bolsun
Telwas
Автор 01 июн 2022, 10:07
AySa,
Ballar deň bolany üçin 2 adam.
Telwas
Автор 01 июн 2022, 10:08
Mümkin
Nirvana,
Öz 2 manadyñy tutupjyk alaýýañ :))
Šony näm üçin özüñden çykaranyña henizem düşünemok.


Men 2 manadymy aldymmy? Düşünmedim-dä…
Seň gysyk bolanyň üçin. :)
Mümkin
01 июн 2022, 10:08
Ýaryşy gurnaýjylar Nirvana we Hiayress (hyýar iýýän joramyñ zähmetini asla undup bolmaz) ikisine we bäsleşige maddy hemaýatkärlik edenlere minnetdarlyk bildirýärin.Hemem "Berekella" diýýärin.
Esma
01 июн 2022, 10:08
Köp sag boluň! Esasy ýaryşy gurnaýjylara, onyň hemaýatkärlerine Taňryýalkasyn. Uly gyzylkanma bilen gatnaşan agzalara.
Aslynda men bolaryn öýtmändim.
Esasy özümiň halap okanlarym12-nji belgidäki hem-de 6-nji belgidäki ýazylany has haladym.
Ýeňşi bilen @Mümkin agza bilen @Remeza agzany gutlaýan galamyňyz ýiti bolsun! Döredijiligiňizde üstünlik arzuw edýärin!
Hiayress
01 июн 2022, 10:09
Allah, Allah, @Esma gyzymyzam şahyr ekenä. :))
Mümkin
01 июн 2022, 10:12
Ýaryşy geçirişiñiz göwnüme laýyk boldy.Massimus agam we Ötegçi baýraklaryny alanyndan soñ hasam göwnüme laýyk bolar.
Ötegçi we Massimus agam ikiñizem tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Telwas
Автор 01 июн 2022, 10:13
Esma,
Nomeriňem ugradaý. Ýazanlaryň gelýär, arkaýyn bolaý.
Ötegçi
01 июн 2022, 10:13
Menem geñ gördüm @Esmadan. Kim bolup çykarka dp durdym))))
Hiayress
01 июн 2022, 10:13
Mümkin,
"Bradley James ýaly sary saçly"
Hamala başga sary saçly oglan ýok ýaly.

"Gök gözli bolsun!"
"Fuuu" diýip ýüzümi kürşerdenimi duýman galypdyryn. :))
Maksat
01 июн 2022, 10:13
Berekella gutlaýan, galamyňyz ýiti bolsun. Elmydama üstünlik arzuw edýän, ýeňiji bolmadyk agzalaryňam indiki bäsleşiklerde ýeňiji boljagyna ynanýan. Eserler tüweleme biri-birinden gyzykly.
Esma
01 июн 2022, 10:14
Hiayress
Allah, Allah, @Esma gyzymyzam şahyr ekenä. :))

Şahyr däl-le ýöne ýazan bolýan-da :)
Telwas
Автор 01 июн 2022, 10:15
Mümkin
Ýaryşy gurnaýjylar Nirvana we Hiayress (hyýar iýýän joramyñ zähmetini asla undup bolmaz) ikisine we bäsleşige maddy hemaýatkärlik edenlere minnetdarlyk bildirýärin.Hemem "Berekella" diýýärin.


Şol hyýar iýýän joraň soňunda kaşlady. :))

2 günde gaharymy getiren agzalar siziňem janyňyz sag bolun! :))
Mümkin
01 июн 2022, 10:16
Nirvana,
Meni gowy analizläpsiñ :))
Iki manadyñy tutup alyp gal diýýän.
Garabufer,
Megabaýt üçin ulanjak däl.Nähili ýagdaý bolanda-da 500 mgbt çäklendirmämden çykman.
Hiayress
01 июн 2022, 10:17
Esma,
Men Pegasyň goşgusydyr öýdüpdim, ýöne jemlemesini gowşak görüpdim. Aý, nädip jemlejegini bilen däldir-da diýip goýupdym. :))
Esma
01 июн 2022, 10:18
Nirvana Hiayress size aýratyn sag bolun aýdýaryn. Şeýle ýaryşlary gurnap döredijilikli zähmete ugrukdyrýanyňyz, gyzyklandyrýanyňyz üçin.
Maksat
01 июн 2022, 10:19
Nirvana,
Berekella şeýle döredijilikli bäsleşikleň höwri köp bolsun. brawo
Hiayress
01 июн 2022, 10:19
Menem žuri hökmünde ses bermelidim welin, çak edişimdenem beter ýalta ekenimä. ))
Telwas
Автор 01 июн 2022, 10:19
Mümkin,
Ol 2 manady ýurda baramda senden 12 manat edip alaryn. Häzirlikçe sen ulan. :)