GADYRBILMEZ…



“Howalar soganda ynsan kölege beren agaçlary unudar”

Достоевский

Aslynda, çyg süýt emen bir jandaryň beýle gadyr bilmez boluşyna geňem galmaly däl. Emma adam pahyr ýene-de eden ýagşylyklaryna, eden zähmedine degmegini, şol zatlaryň gadyrynyň bilinmegini isleýär. Ýöne, ýene-de şol boluş, üýtgeýän zat ýok. Bir ynsanyň iň erbet gününde ýanynda bolan bolsaňam, ilkinji gözden çykaran ynsany sen bolýaň. Ýykylany galdyrýaň, ol turanyndan soň bolsa, ýykylanyny inkär edýär.
Hiç kime özüňden artyk gadyr we üns bermeli däl. Näme-de bolsa, günleriň bir güni ähli zadyň garşylygynda: “Etmelem däl ekeniň, kim saňa et diýdi?!”-diýer. Şol ynsana edenime deger diýip eden ähli zadymyz unudylýar-da, özümiz üçin etmedik zatlarymyz bilen ýeke galýarys. Oňam adyna tejribe diýýäs, başdan geçirme, ýatlama diýýäs, emma nämüçindir akyllanaýamzok. Asla etmerin diýen zatlarymyzy gaýtalap-gaýtalap edýäs. Ahyrynda duýgusyz ýaly boluberýäs.

Bu duýgusyzlyk bize kakamyzdan miras galmady. Bu bize ýakynlarymyzyň sowgady.

#Durmuş-ýitiren ýeriňden başlaýar.
10 лайков 553 просмотров
36комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Margarita
07 июн 2022, 20:23
Dogry aýdýaňyz. Aslynda şol bir adama köp ýagşylykdan soň, bir haýyşyny bitirmän galsaňam gadyrsyz bolup galýan ekeniň. Bu ýaş durmuşymda şoňara göz ýetirdim. ?
Pegas
07 июн 2022, 20:26
Şony aýt.
Suleyman
07 июн 2022, 21:03
Şonuň üçin Türkmen agaň gowy sözi bar. "Ýagşylyk et, suwa at - balyk biler, balyk bilmese Halyk biler".
Ýöne, hawa, realny göz bilen seretseň, häzirki döwürde birine bir zat haýyş etseň, soňra ol saňa 100 sany zat haýyş edýär. Oda owarram. Şonuň 99-syny bitirip, birini bitirmeseň, sen ýaman.
Tuman
07 июн 2022, 21:16
Gadyryň bilinmeýänini näbilýäň Nirvana bilýändirler belki
Tuman
07 июн 2022, 21:17
Sagbol Haladym
Tuman
07 июн 2022, 21:19
Temaň ady ýeser eken
Telwas
Автор 07 июн 2022, 21:28
Gadyrbilmezler gadyryňy bilenok welin, soňabaka ýagşylyk etmäge-de gorkýaň.
Telwas
Автор 07 июн 2022, 21:31
Tuman
Gadyryň bilinmeýänini näbilýäň Nirvana bilýändirler belki

Bilmezçe däl.
Hiayress
07 июн 2022, 21:56
Indualizm diýdi, şahs, şahsyýet diýdi, garaz adamzat jemgyýet gurluşy üýtgedi. Öň "ýekäniň çaňy bolmaz" diýlişi ýaly bir adamyň elinden üýtgeşik zat gelenokdy, köp zatlary kollektiw bolup ýerine ýetirmelidi, indi bolsa döwür üýtgedi.
Ötegçi
07 июн 2022, 22:26
Belañ sapynam bilmeýänler gadyr bilenok :/
Pegas
07 июн 2022, 22:31
Ötegçi, saňa şahsy hat gidenok. Nomerim bar bolsa, imo'da ýazaý.
DonMaxx
07 июн 2022, 22:37
su bloga haladym
Ötegçi
07 июн 2022, 23:00
Pegas,
Nomeriñ ýog-a! Mende de imo yok :( goni şu teswirdaki nikiñ ustine basañda diñe 2 hat çyksa:
Sahypasy
Şahsy hat-şuña basyp ugradaýýan men-ä. Barlap gorerin diýseñ.
Ahally
07 июн 2022, 23:00
Ynsana näçe ýagşylyk etseň ediber,
bary bir ýekeje ýamanlyk nokadyny goýar.
Ahally
07 июн 2022, 23:02
Bäh, gyzyklyja fakt eken-äý.
Pegas
07 июн 2022, 23:04
Ötegçi
Pegas,
Nomeriñ ýog-a! Mende de imo yok :( goni şu teswirdaki nikiñ ustine basañda diñe 2 hat çyksa:
Sahypasy
Şahsy hat-şuña basyp ugradaýýan men-ä. Barlap gorerin diýseñ.

Her zat etdim, bolanok. Garaz, ertir anyklap bererin o beren soragyňy.
Ahally
07 июн 2022, 23:10
"Sen nä!
seniň pelegiň hem
Ugur tapman aýlanyp dur..."

-diýipdir şahyr aga.
Aksary
07 июн 2022, 23:14
Ömrüñ bolsun
Aksary
07 июн 2022, 23:16
Ahally_24,
Bagyşlañ gyzykmaly däl netije çykarmaly......
Ahally
07 июн 2022, 23:18
Aksary,
Awtor sag bolsun çeýnäpjik beripdir. Okyja shony ýuwudaýmak galýa.
Tuman
07 июн 2022, 23:27
Nirvana,
Onda gadyrbilmez diýýäňa
Telwas
Автор 07 июн 2022, 23:30
Tuman
Nirvana,
Onda gadyrbilmez diýýäňa

Gadyr bilmeýänä näme diýmeli?
Tuman
07 июн 2022, 23:32
Nirvana,
Bilmezçe däl bolsa bilinýändir diýjek bolýan
Ötegçi
07 июн 2022, 23:37
Pegas,
Bor agam.
Hiayress
07 июн 2022, 23:40
Gadyr bilmekligiň hemme degişli belli bir ölçegi bolmaýar. Her kim özüniň dogry hasap edişiçe gadyr bilýär.
Tuman
07 июн 2022, 23:41
Nirvana,
Bilinmän galmaz
Telwas
Автор 07 июн 2022, 23:43
Hiayress,
Seň gadyryň bilinmän görüldimi?
Telwas
Автор 07 июн 2022, 23:44
Tuman,
Esasy zat barka, wagtynda bilmek gadyry. Ýok wagty gadyr bileniň peýdasy ýok.
Tuman
07 июн 2022, 23:45
Nirvana,
Näme didiň düşünmedim
Hiayress
07 июн 2022, 23:46
Nirvana,
Men o dereje hyýaly zatlara girerden, adam psihologiýasyny gowy bilýänmikäm diýýän. Ýöne käbir zatlarda "hasaply dost uzaga gider" diýen nakylyna köp eýerýän.