DUŞUŞYK


«Men seniň ýanyňa geldim...».
Aýdymdan.

Kalby saplap köne kine-öýkeden,
Bu ne söýgi, agras başy ýaýkadan?!
Giň dünýäni açmak üçin gaýtadan,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.

Sen bilýärmiň: ýaşlyk näme, ýaş näme?
Tutuş ömre degýän täsin düýş näme?
Dideleňde öz-özüme duşmaga
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.

Ahmalym ne – ýa gelgeý, ýa gelmegeý,
Ahwalym ne – ýa bilgeý, ýa bilmegeý,
Sowallara gapgarylyp telbe deý,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.

Gözläp yşky küt kitaplaň gatyndan,
Ahyr tapdym birje söýgi hatyndan.
Nämemiş perwana oda atylmak –
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.

Öňküje özümden ara açyp men,
Del-düregeý dünýä aralaşyp men,
Diýjek sözlerimi şygra goşup men,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.

Ýolum suwlap gökden inen ýagyşlar,
Ör turup, ýol berdi maňa agaçlar...
Mende başga çykalga ýok, bagyşla...
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.

Kakamyrat Rejebow

4 лайков 220 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
12 июн 2022, 23:59
Kursdaşlarymyz bilen üýşüp ho:r bolup aýdýan goşgymyzdy...
Telwas
Автор 13 июн 2022, 00:10
Pegas
Kursdaşlarymyz bilen üýşüp ho:r bolup aýdýan goşgymyzdy...

Öň Allanur paýlaşanda-da şu teswiriňi ýazypsyň.
Pegas
13 июн 2022, 00:12
Nirvana
Pegas
Kursdaşlarymyz bilen üýşüp ho:r bolup aýdýan goşgymyzdy...

Öň Allanur paýlaşanda-da şu teswiriňi ýazypsyň.

Bilýän.
Hiayress
13 июн 2022, 00:23
"Ahmalym ne – ýa gelgeý, ýa gelmegeý"

Bu nä ah malym ýa gelgeý, ýa gelmegeý diýip malyny gitse gelmeze ugradan ýalylaý.))
Hiayress
13 июн 2022, 00:26
"Sowallara gapgarylyp telbe deý"

Goşgy ne ajaýyp sungat. Biri-birine baglap bolmajak sözleri baglaýar.