MILLET❗️

Salam OKYJYLARYM!!!

Gowumy ýagdaýlaryňyz, arman-ýadaman, ýaltanman ýaşap ýörsüňizmi?!
Siz bilen ýene bir täzelik etmekçi. Biziň edebiýatdan (goşgy, hekaýa, oýlanma…) başymyz çykanok. Dil baýlygymyz az bolsa-da, el ukyplarymyz kän diýip arzlaryny aýdan agzalary gözöňünde tutup, Surat çekmek boýunça kiçiräk bäsleşik geçirmegi makul bildim. Bäsleşige gatnaşmagyň ýaş çäklendirmesi bolmaz. Ähliňiziňem gatnaşmaga hakyňyz bar. Eger daşyndan hemaýatkärlik etmek isleýän bar bolsa, 3 sany ýeňijimiz bolar. Bolmasa-da ýorgana görä aýagymyzy uzadyp, 1 sany baş ýeňijini saýlarys. Eger kabul etseňiz, 2 we 3-nji ýerlere eýe bolan agzalara saýdymyzyň “Özümiziňki” diýen derejesini bereris. Ýaryş üçin azyndan 1, iň köp 3 gün wagt bermekçi. Ynsabyňyza görä, özüňiz çekjek bolaýarsyňyz-da. :)
Çekilen suratlar maňa ugradylar. Ses berme awtory gizlin ýagdaýda geçiriler. Bir agza birnäçe nikden gelip ses bermeli däl. Berseňizem biz anyklap ol sesi kabul etmeris. Ýa-da her agza berjek bahasyny meň şahsyma ýazmaly ederis. Garaz, adalatly geçirmek özüňize bagly. Goý, mynasyp agza gazansyn!

Kabul edýäňizmi? Başga-da göwnejaý teklipleriňiz bar bolsa diňleýän.
6 лайков 559 просмотров
78комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
19 июн 2022, 12:59
Men edil Pablo ýaly çekýän. Pikasso däl ol. Eskobar ;)))
Ötegçi
19 июн 2022, 13:00
Suraty nahili ugratmaly bolya?!
Telwas
Автор 19 июн 2022, 13:00
Khanture,
Gatnaş, belki ýeňiji bolarsyň.
Aýnur
19 июн 2022, 13:00
Saýtymyzyñ ökde suratkeşi Jek aga (Jeksparro) bolmaly ☺
#B.S
19 июн 2022, 13:00
Nirvana
Khanture,
Gatnaş, belki ýeňiji bolarsyň.

Surat çekmek elimden gelenok ;-(
Telwas
Автор 19 июн 2022, 13:01
Ötegçi
Suraty nahili ugratmaly bolya?!

Şol poçta arkaly. IMO arkaly hem bolup biler.
Telwas
Автор 19 июн 2022, 13:02
Mona Songz
Saýtymyzyñ ökde suratkeşi Jek aga (Jeksparro) bolmaly ☺

Hawa. Suratlaryny bize hödürlemeýän ökde agzalar ýene bardyr.
Telwas
Автор 19 июн 2022, 13:04
Khanture
Nirvana
Khanture,
Gatnaş, belki ýeňiji bolarsyň.

Surat çekmek elimden gelenok ;-(

Eliňizden gelýän zatlary ýazyň. Ýöne online gurşawda ýerine ýetirip, görkezip bolaýjak zatlar bolsun.
Aýnur
19 июн 2022, 13:04
Nirvana,
Salam, gowyla özüñiz nahili?
Aýnur
19 июн 2022, 13:05
Nirvana
Mona Songz
Saýtymyzyñ ökde suratkeşi Jek aga (Jeksparro) bolmaly ☺

Hawa. Suratlaryny bize hödürlemeýän ökde agzalar ýene bardyr.

Bardyr, bardyr. Gowy teklip şula :))
#B.S
19 июн 2022, 13:06
Mona Songz,
Obadaş sen çekip bilýäňni surat?
Telwas
Автор 19 июн 2022, 13:06
Mona Songz
Nirvana,
Salam, gowyla özüñiz nahili?

Alhamdulillah gowy :)
Harmony
19 июн 2022, 13:08
Imoňyza nädip ugratmaly?
Düýnkä-ýem bir zatjyklar çyrşap, höweslendiräýersiňiz öýdüp, gijesi bilen şöwür çekdimä. :)
Beýtmäňä, men çagany.. ?
Harmony
19 июн 2022, 13:09
Tois mowzugyň özünde ýa-da täze mowzuk açarsyňyz öýtdüm. Başga zat däldir. :)
Aýnur
19 июн 2022, 13:09
Khanture
Mona Songz,
Obadaş sen çekip bilýäňni surat?

Obadaşyñ bolanym ucinem çekip bilemok :))
Telwas
Автор 19 июн 2022, 13:10
Granger
Imoňyza nädip ugratmaly?
Düýnkä-ýem bir zatjyklar çyrşap, höweslendiräýersiňiz öýdüp, gijesi bilen şöwür çekdimä. :)
Beýtmäňä, men çagany.. ?

:) garaşanyňyz-a duýdum welin, näme edip biljegim hakda pikir gelmedi-dä kellä.
Ählisini jemleseň bir many çykýar eken.
#B.S
19 июн 2022, 13:10
Mona Songz
Khanture
Mona Songz,
Obadaş sen çekip bilýäňni surat?

Obadaşyñ bolanym ucinem çekip bilemok :))

Dogrydanam obamyzdan meşhurlar köp, emma suratkeşä ýok öýdýän...
#B.S
19 июн 2022, 13:12
Ýene ,,geljekden bir gün" diýen temada işlemeli bolsa gowja surat gözöňüme gelýä weli, ony çekmekdede iş bar... ;)))
Telwas
Автор 19 июн 2022, 13:12
imo-da men sizi goşaryn, nomeriňizi berseňiz. Ýöne, mümkin bolsa imo iň soňky çykalgaňyz bolsun.
Hiayress
19 июн 2022, 13:12
Nirvana,
"Ählisini jemleseň bir many çykýar eken."

Çykýan many hem: Bimany dünýäniň manyly setirlerimi?! :D
ajy
19 июн 2022, 13:12
Salam gowy sen nähili?
Öýde dälä... ruçka bilen günertanyñ jokrama yssysynda hemme ýatyrka kuhniýada birzatlar çekişdirerin hitry
Aýnur
19 июн 2022, 13:13
Khanture
Mona Songz
Khanture
Mona Songz,
Obadaş sen çekip bilýäňni surat?

Obadaşyñ bolanym ucinem çekip bilemok :))

Dogrydanam obamyzdan meşhurlar köp, emma suratkeşä ýok öýdýän...

Hakyky, şahyram ýok biz tarapda.
Diñe hökumet işgarleri basylyp yatyr))
ajy
19 июн 2022, 13:13
Eger *kabul etseñiz bolmaly dami mowzukda?
#B.S
19 июн 2022, 13:14
Mona Songz,
Bolana bir şahyr bilen bir ýazyjy.
Telwas
Автор 19 июн 2022, 13:14
Granger,
Aýyplaşma…
Telwas
Автор 19 июн 2022, 13:15
Hiayress,

Şeýleräk :)
Harmony
19 июн 2022, 13:16
Nirvana
imo-da men sizi goşaryn, nomeriňizi berseňiz. Ýöne, mümkin bolsa imo iň soňky çykalgaňyz bolsun.

Poçtaňyzy şahsa ýazaýyň. Şoňa ugradaýyn.
Aýnur
19 июн 2022, 13:16
Khanture
Mona Songz,
Bolana bir şahyr bilen bir ýazyjy.

Hazir barmy nä?
Telwas
Автор 19 июн 2022, 13:16
Khanture,

Temasyny soň aýtjak. :)
Harmony
19 июн 2022, 13:17
Tema erkinmi?