MASLAHAT


Sen ölersiň.

Bu hakykatdan näçeräk habarlydygyňy bilemok, ýöne muny kelläňe sal. Wagt çalt geçýärkä, her sekundyň bugarýarka wagtyňy boş zatlara sarp etme. Okamak isleýän kitaplaryň, görmek isleýän filmleriň we ýazmak isleýän zatlaryň bardyr.
Daş-töweregiňdäki adamlaryň seni aldatmagyna ýol berme.
Olar hiç zady bilenoklar. Olaryň özlerini rahat alyp barmagynyň sebäbi: hiç zady bilmeýänligidir. Erbet tarapy, bilmeýän zatlaryndan habarsyzlygydyr. Senem bilmeýärsiň. Şeýle-de bolsa, sen bu bilmeýäniňi bilýärsiň. Bu seniň tapawudyň. Emma olar beýle däl. Şonuň üçin olara seredip aldanma.
"Mende geň zat barmy? Näme üçin hemmeler beýle bagtly we rahat?" diýme.
Yadyňdan çykarma, sen biynjalyk bolýan adamsyň we bu oňaýsyzlygyň sebäbi bar.
Durmuş, yzyňa bakyp nämäniň bolup geçýändigini synlamak üçin döredilen däldir. Öwrenmeli zatlaryň bar. Öwrenmegiň özi agyr bir prosesdir. Agyrylaryňdan gaçma we öwrenmezligiň öňüni al. Oýlanmaly we ýetmeli köp zat bar. Netijeleriňi galplaşdyrma. Şeýle hem her gezek hakykata ýakynlaşmak üçin wagt gerek. Ömrüň ahyrynda Amerikany öwrenmäge synanyşma.

Ir bilen başla.

Ýol gysga däl. Bu ýol aňsat we bagtdan doly däl. Bu faktlar üçin özüňi taýýarla we ir ýüzbe-ýüz bol. Ejeňi we kakaňy ýitirersiň. Işiňi ýitirersiň we azyndan bir ýyl iş tapyp bilmersiň. Söýgüliň ýa-da ýanýoldaşyň öňküsi ýaly ömrüňizi bile geçirmegi özüne çekiji görmez. Ýollar köplenç aýrylar we käwagt aýrylan sen bolarsyň. Bu işde özüňi ýa-da beýleki tarapy günäkärleme. Durmuşyňa gatnaşanlaryň hemmesi saňa bir zat goşdy. Çykýanlar hakda alada edip wagt ýitirme. Bu adamlardan näme alanyňa we näme berendigiňe düşünüp başla.
Wagtyň gymmatly. Gymmat bahaly hazynany her öňüňden çykana sarp etme. Senem başga biriniň wagtyny bilgeşleýin ýitirme. Eger şeýle edäýseň, başga birine etjek iň erbet zadyň şol boljakdygyny ýadyňdan çykarma.

Ýaz.

Zehinim ýok diýme. Ýazyjy bolmak başga bir zat diýip özüňi pes görme. Ilkinji makalalaryň näderejede erbetdigini bilýän bolsaň, şu wagt özüňi penjireden zyňmalydyň. Penjireden bökmek we ýazmagy dowam etdirmek arasynda karar bermeli bolarsyň. Şeýle bolanda, ýazmagyň has umytly tarapynyň bardygyna düşünersiň. Näçe erbet bolsa-da ýazmagy bes etme.
Başga adamlaryň okamagyna zerurlyk ýok. Ilki bilen muny özüň edersiň. Düşündirip bilmeýän zadyňy düşündirersiň we özüňi bejergä goýarsyň. Ýazsaň, şypa taparsyň we lezzet alarsyň. Düşünip bilmeýän zadyňy ýazyp düşünersiň. Ýazmagyň başga bir güýji bar. Sebäbini bilemok, ýöne onuň kömegi bilen içki dünýä aralaşýarsyň.

Durmuş senarýadyr.

Muny köplenç ýatdan çykararsyň.
Ýaşaýan her günüňi gorky we aladalaryňdan azat etmek üçin meýilleşdirilen mümkinçilikdigini bilip ýaşa. Seni halamaýan we işiňi hemişe kynlaşdyrýan biri bolar. Bu adamyň näme üçin durmuşyňda we saňa öwretmek üçin durmuşyňa goşan zatlary hakda derrew pikirlen. Ony göreniňde, ondan daşlaşma. Munuň tersine, oňa seredeniňde özüňden sora:
"Maňa näme öwretjek bolýarsyň? Näme üçin meniň durmuşymda? "Ýa-da başga biriniň edip bilmejek zadyny etmek üçin sen meniň ýanymdamy?"
Wagty gelende bu adamlara sag bolsun aýdarsyň. Sebäbi seni ösdürip, güýçlendirjekler bu adamlardan çykar. Bu adamlara ýoluň soňuna ýetmänkä ilki bilen sag bolsun aýtmagy maslahat berýärin. Özüň içine çekilen oýnuňy ýigrenip, ýüzbe-ýüz bolup gutaryp bilmersiň. Bularyň hemmesiniň bir oýundygyny ýatdan çykarma we bu oýnuň ýeke-täk maksady seni gowy goragçy etmekdir. Sen tussag. Zynjyrlar aýagyňa urulan, agyr gandallarda we türmede oturan bu diwarlaryňy diňe sen ýeňip geçersiň. Sebäbi diwar seň özüň. Wagty gelende muny ýadyňa salarsyň we düşünersiň.

Içki sesiňi diňle.

Daş-töweregiňdäkileriň hemmesi özünden garaşylýan zatlary ýerine ýetirmäge synanyşarlar. Senem şeýle et. Bu ýer oýun meýdançasydygyny ýadyňdan çykarma. Bu hem oýnuň düzgüni. Oýuny gowy oýna, ýöne kemçilikli oýnaýan bolma. Diňe senden garaşylýan zady däl, isleýän zadyňy hem ýerine ýetir.
Kyn durmuşda doguldyňmy? Seniň şertleriň gaty amatly dälmi? Hemmeler ýaly bir ýerden başlamadyňmy? Munuň hakykatdanam möhümdigini ýatdan çykarma. Maksat ilki ýaryşy gutarmak däl, bu hem tizlik ýaryşy däl. Maksat diňe pellehana çykmak. Bu birnäçe ýüz metrde tamamlanjak ýaryş däl. Bu uzyn marafonda pellehanany görenleriň biri bol. Ýagdaýlaryň nähilidigine seretme. Pes däl-de, beýiklige üns ber. Özüňdäki palçygy däl-de, asmandaky ýyldyzlary nyşana al. Iň beýik daglaryň ýeriň düýbünden ýokary galýandygyny ýatdan çykarma. Bu ýaryşy aşakdan başlamagyň sebäbiniň ýokarsyna ýetmekdigi hemişe ýadyňda bolsun.

Aşyk bol.

Munuň ýaly söýgi filmleri halamok, beýle kitaplary okamok we beýle bolmagy halamok diýme. Mümkinçiligiň we hazynalaryň iň az görülýän ýerlerde bolandygyny ýatdan çykarma. Iň az zyýarat edilýän ýerlere zyýarat et we iň az ýörelen ýollardan ýöre. Iň esasy zat bolsa, içki sesiňi diňle. Sen bu älemiň bir bölegi. Içiňdäki aýdymy diňle we sözleriniň manysyny öwren.

Tans etmegi bil.

Durmuş tans sahnasydyr. Käwagt ol saňa tarap bir ädim äder we bu pursatlarda nädip yza çekilmelidigini bilmeli. Käwagt ol yza çekiler we bu pursatlarda sen nädip öňe tarap ädim ätmelidigini biljek bol. Adamlar köplenç oňa pursat ýa-da şans diýerler. Tans edeniňde, ädim ätmegiň nobadyny bilersiň we gorkmaly dälsiň. Durmuş seni her gün tans etmäge çagyrar, eliňi tutar we sen nädip gowy hyzmatdaşdygyňy höwes bilen görkezmäge synanyş.

Ýaşa.

Dynç almagy meýilleşdir. Seniň aňyň bolsa seni aldatmaga synanyşar. Gitme diýer, indi gezelenje näme gerek bar. Oturan ýeriňde otur-da diýer. Ony diňlemede git. Özüňi bu dynç alyşa, myhmanhana, bu basseýna mynasyp hasapla. Wagtal-wagtal özüňe bu gadyry berjek bol. Durmuşyň saňa sarp edenleriň 2 essesini gaýtaryp berjekdigine ynan.
Bu durmuşy ýaşamak üçin geldiň, ýaşaýan durmuşyňy näletleme. Gudrata şaýat bolmak üçin bu durmuşa geldiň we gudrat sensiň. Bu durmuşy öwrenmäge geldiň, sebäbi sen bilen we bilinen.
Bu durmuşy üýtgetmäge geldiň, sebäbi sen üýtgejek durmuşyň özi.

Bilim bilen gal…

Öz durmuşyň paýhasy bol. Bagt ýazda nädip gülläp, güýzde nädip dökülmelidigini bilmekdir. Paýhas, ýere dökülip gynanmagyň ýerine, ​​indiki ýazda gaýtadan açyljakdygyna begenmegi aňladýar. Dolandyryp bilmeýän zatlaryň hakda alada etmegi bes et. Stoik üýtgedip bilmeýän zatlaryna gynanmaýar, sebäbi dolandyryp biljek zady ýok. Tebigatynyň öňünde ýene özüni tapýar. Başga birine garşy söweşýärin öýdýän bolsaň-da, özüňe garşy söweş yglan edýärsiň we ýeňdim diýen söweşleriňde utulýarsyň. Pikirleriňi türmeden çykar. Unutma, bu durmuşda ýitirmek ýok, yzyna bermek bardyr!
6 лайков 245 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýsere
02 июл 2022, 12:19
Ok ?
Ötegçi
02 июл 2022, 12:35
Pikirleriñi türmeden çykar.. kyn...
Telwas
Автор 02 июл 2022, 13:13
Ömrümiz boýunça ajy agyry çekjegimiz belli we bu tebigy zat. Çünki, kämilleşmek üçin kösenmeli. Rahatlygymyzdan uzaklaşyp, biraz güýç sarp etmeli. Şoň üçin ajysyz, süýji durmuş hyýal etmäň.
Telwas
Автор 02 июл 2022, 13:21
Emma nähili ajy çekjegimiziň karary diňe özümize bagly. Hem ajyny dadyp, netijesinden bagtsyz bolmaklygam özümize bagly. Şoň üçin dogry ajylary, agyrylary başdan geçirjek bolmaly. Ajaýyp figura isleýän bolsaň, her gün irden ir bilen turup, ol ýakymlyja ýorganyňy terk etmeli bolarsyň. Yzygider hereket etmeli. Üstünlikli bolmak isleseň, köp zähmet çekmeli.
Esma
02 июл 2022, 13:47
Köp sag boluň! Gowy maslahatlar. Juda ruhlandyryjy sözler.
Esma
02 июл 2022, 13:55
"Unutma, bu durmuşda ýitirmek ýok, yzyna bermek bardyr!"

Diýseň dogry. Adam näme edýän bolsa özi üçin edýär. Näme berýän bolsaň şonam alarsyň. Artyk ýa kem zat ýok. Ýöne görüp otursak kä wagtlar bolşumyz, berenimizden artyk aljak bolýana meňzeýär.
Ötegçi
02 июл 2022, 14:56
Rigel, kitap okan ýaly filmlerem bar. Serýallar diýseñ hä diýerin.
Tuman
03 июл 2022, 10:17
Gowy tema gowy maslahat.
Sen ölersiň-ömür gysga.
Aşyk bol- söýgiden ýüz öwürme.