MEN NÄME ÜÇIN ÝAZÝARYN?

Aslynda men “biziň neslimize gynanýan” diýýärdim. Sebäbi 80–90–2000-nji ýyllaryň “çagalary” çatrykda galan ýalydy meniň göwnüme. Bu diýdigim: iki asyryň arasynda, analog bilen digitalyň arasynda, kasseta bilen mp3-iň arasynda, rus dili bilen türk diliň arasynda, wifi-ly we wifi-syz durmuşyň arasynda, galybersede smartphone-ly we smarthone-syz durmuşyň arasynda. Könäň soňyny we täzäň başyny gören nesil. Indi muňa gowy tarapdan seretsem: biz köp zatda pioneer!
Şu wagt gowy ösýänleriň içinde, meselem, telekeçilik, eksport, žurnalizm, photography, design ugurlaryndan garaýyşlar (interior design, graphic design, package design) we şm. Ýa-da şular esasan öňe çykanlar diýip pikir edýärin. Hyzmat sektory hem diýesim gelýär, ýöne bu tarapdan görýän plyuslaryma entäk iki esse minus görýärin. (Bular meniň çaklamalaryma görä şeýle.)
Ýurdumyzyň ösmegi üçin indi edilip başlanmaly köp zatlaryň başlangyjy biz. Muny diýsem, eje-kakalarymyzyň, ata-babalarymyzyň nesilleri, ruhlary gaty görmesin. Olar hem öz döwrüne görä durmuş gören: zähmetkeş, ökde adamlar bolan.
Indi temamyza dolanyp gelsek, bu intro bilen diýjek bolanym: şuwagt blog ýazýanlarymyz köpelýär (şu ýerde online makalalary öňden gelýän gazet-žurnallardaky makalalardan tapawutlandyrmak isleýärin, esasy tapawudy hem aýtmadan düşnüklimikä diýýärin).
Indi has dürli temalara has giňişleýin makalalar ýazylyp başlandy. Şu ýerlerde hem ylym-bilim, sosiologiýa, psihologiýa, tehnologiýa, IQ-nyň ösdürilmeginiň wajyplygy we başgada köp temalara gowy makalalary ýazýan ildeşlerimiz bar. Täze ýazyp başlaýanlara hem öz tarapymdan goldaw beresim gelýär.
Men bu temalara islesemem olar ýaly gowy ýazyp bilmezdim. Şonuň üçin men hem öz gezegimde EQ-nyň wajyplygy, ýagny Emotional Intelligence hakynda blog ýöretmegi makul bildim. Belkide hemmämiziň bilýän zatlarymyzy ýazýandyryn. Ýöne şo duýgylary söze geçirmegi isledim.
Üns beren zadym: köp adamlar duýgylaryny beýan etmekde, söze geçirmekde, käte bolsa özüne hem duýgysyny boýun almakda kynçylyk çekýärler. Özüni aldap ýaşaýanlarada az duşmadym..
Bu sebäpden, meniň pikirimçe, duýgylaryňy analiz edip bilmek, gerek ýerinde kontrol edip bilmek, gerek ýerinde bolsa açyp, görkezip bilmek — hem ruhy, hem bedeni taýdan saglykly we kadaly durmuş üçin iň wajyp zatlaryň biri diýip hasaplaýaryn.
Hawa, IQ-ny ösdürmek wajyp, emma EQ-yňy hem deň alyp gitmek “kämil şahsyýede” tarap barýan ýoldan ýöremekdir…
P.S. Ýyllar soňra şuwagt ýazýan makalalarymy okap, pikirlerimiň üýtgeýşine, öz “şahsyýedime” tarap ýörän ýolumy yzarlamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Bu hem blog ýazmagymyň ýene bir sebäbi :)

Cypress Anna
7 лайков 218 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
20 июл 2022, 18:40
"Üns beren zadym: köp adamlar duýgylaryny beýan etmekde, söze geçirmekde, käte bolsa özüne hem duýgysyny boýun almakda kynçylyk çekýärler. Özüni aldap ýaşaýanlarada az duşmadym.."

Belki duýgular adamlary aldaýandyrlar?!
Hiayress
20 июл 2022, 18:42
Belki duýgularyň emele gelşi we şol bir zatlara duýulýan duýgunyň geçmişdäki we şu gündäki adama täsiri hakynda-da az-owlak oýlanarsyň?!
Hiayress
20 июл 2022, 18:43
Haçandan bäri duýgunyň adamyň ömrüniň manysyna ýa-da ýol görkezjisine öwrülenine düşünip bilemok.
Telwas
Автор 20 июл 2022, 19:01
Duýgular öňe çykanda akyl syýahada gidýärmişin. Esasy zat akyl bilen duýgyny deňagramly saklamagy başarmak.
Izma
20 июл 2022, 20:14
Özüni aldap ýaşaýanlarada az duşmadym..

Olaram bir emmasy bardyr özlerini aldaýandyrlar. Aldaýanlaryny bilýärler we dogram edýärler. Galanynam yokarky teswirlerde aydypdyrlar.